Ýaşa

Baýlygyň bil älem içre barlygyň,
Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa!
Darykdym men bilip dünýäň darlygyn,
Dünýede dünýe deý giň bolup ýaşa!

Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň,
Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň.
Eyer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň,
Oguz handan gaýdan ýol bolup ýaşa!

Gurt oglusyň! — Azmy, duşmany gurduň?
Borjuň näme? — Ony ynsabyň buýrsun!
Eýesi sen tozap ýatan şu ýurduň,
Deňiz, derýa bolup, köl bolup ýaşa!

Haýsy Alla bilsin haýsy asyrdan,
Daş ýaryp, kök urup gaýdan asyllaň.
Seniň aslyň aňyrdandyr aňyrdan,
Eýýamda eýýama sal bolup ýaşa!

Kä düzlere düşdük, käte derbende,
Kä ýük düşer, käte kement gerdenňe.
Ejizleme, duşmanyňa per berme,
Köpelip, köçelip, köl bolup ýaşa!

Çopan dälsiň, dälsiň asla padadan,
Mertden mertsiň, danasyň sen danadan.
Bihal bolan däldir ata-babalaň,
Sen halsyz zamana hal bolup ýaşa!

Oda atsalar çykgyn mele nan bolup,
Suwa atsalar çykgyn Kesterhan* bolup,
Ýygna il-ulsuňy desterhan bolup,
Daşdan garyp, içden han bolup ýaşa!

Nobatguly Rejebow

*Gadymy mifde Kesterhan atly bir garyby suwa gark edýärler, ol ençe ýyldan soň suw şasynyň täjini alyp çykýar.
7 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.