Kyýamat (fantastiki hekaýa)


1-nji bölüm

Mämmedi surnaýyň sesi oýardy. Surnaýyň sesi ilki başda düýşde eşidilip başlady. Soň asta asta hakyky dünýä hem ornaşdy. Ýa-da Mämmediň özi hakyky dünýä ornaşdy? Ol näçe sagat ýatdy? Eger Mämmetden sorasaň ol ýarym gün, ýa-da bir gije ýatdym diýerdi. Ýöne ol örän ýalňyşardy. Mämmet öz öýünde oýanmady, ol köne öwülýada oýandy. Ol öwülýä bir mahal unydylandy. Gabyrlaryň baş ujynda goýulan daşlar bir mahal ýel ýagşyň zarbyndan pytrap gidipdi. Surnaýyň sesisiň yzy üzülenokdy, Mämmet eýýäm gulaklaryny ýumasy gelýärdi. Emma gulaklaryň bu ýerde dahylly ýeri ýokdy. Sebäbi surnaýyň sesi beýniň içinde bir ýerde eşidilýärdi. Eger diňe eşidillýän bolsa öwerramla. Ol ses Mämmediň beýnisi bilen bir zatlar edýärdi. Mämmet daş töweregindäki görden turan adamlar bilen çüw ýalaňaç durdy. Oň gapdalynda ejesi we iki sany ýalaňaç aýal dogany durdy. Ýöne näme üçindir olaryň ýalaňaç bedenlerini synlamak höwesi döränokdy, pikirlere bir zatlar bolupdy. Ýalaňaç bedenler hiçle, öz ejeň we kakaň ýanyna baryp olaryň hal ýagdaýyny soramak pikirini döränokdy. Mämmet olara edil ýedi ýat adama seredişi ýaly seredýärdi. Şu ýerde boýun almaly zat olar hem Mämmet bilen gyzyklananokdylar. Asla hiç kim hiç kim bilen birjede gyzyklananokdy. Herkimiň iň esasy aladasy özüdi. —Bu zatlaryň baryny surnaýyň sesi edýän bolmaly? —Mämmet oýlandy. Bu surnaýyň sesi täze ýaragmy ýa-da başga zat? Edil güýçli şemalyň bagyň ýapraklaryny sogurup alşy ýaly, kelläňden adamzada mahsus pikirleriň baryny sogurýar. Mysal üçin aýal bedenine bolan gyzyklanmany. Ýa-da aýdaly garyndaşlyk gatnaşyklaryny? Surnaý edil kuwwatly ýel ýaly bar zady süpläp alyp gidýär. Mämmediň tutuş tohumyny bir öwülýada jaýlapdylar. Ol şu wagt öz 40 arkasyna çenli tomaşa edip bilýärdi. Hana onyň atasy dur, ol adam Mämmet entek 3 ýaşyndaka ýogalypdy. Han-ha Mämmediň agtygy çüw ýalaňaç asmana aňkaryp dur. Ol adamy Mämmet iň soňky gezek 3 ýaşlyja çaga ýagdaýda görüpdi. Örän geň ahwal, seň tutuş sejere daragtyňy näbelli bir güýç direltdi, a sende bolsa iň bärkisi geň galmak üçun hem duýgy döränok. —Bu zadyň baryny surnaý edýär, —Mämmet ýene bir gezek oýlandy.

Surnaý hiçle, asman bilen nämeler bolup geçýär diýsene? Hemişeki gündizlerine ak bulutly güneşli, we gijelerine ýyldyzly we ýagty aýly asman bu gün tanar ýaly däldi. Asman edil derwezeler ýaly giňden açylypdyr. Ömrüne asmançynas bolup zähmet çeken Mämmet öz gözlerine ynananokdy. Şu wagytky asmandan çen tutsaň bizi ömür boýy aldap gezipdirler. Asmanda ýyldyzlar ýok we hiç wagt bolmandy. Aý bilen gün hem näbelli bir güýçleriň aldawy. Ýer togalak däl we günüň daşyndan aýlananok. Älem jahan çäksiz däl, han-ha olaryň çägi görünip dur. Nähilidir bir näbelli güýç asmany edil derweze açan ýaly açdy. Gijeki asmandaky ýyldyzlar we aý, şol derwezäň nagyşlary ýaly bir zada öwrüldi. —Bolup bilmez, —Mämmet oýa batdy. Näme üçindir asman barada pikirlenmäge surnaýyň sesi päsgel berenokdy. Mämmet asmandan gözlerini aýyrman öwülýäň içinden daşyna çykdy. Öňki köne şäher eýýäm ýokdy, daş töwerek Mämmet görde ýatyrka gowja özgeripdi. Nirden gowja diýsene? Bar zat düýpli özgeripdi. Şäher gabra gitsin, iki sany kuwwatly tehnika bilen bir aýda ýok edip bolýar. Ýöne Köpetdan öz ýerinde ýokdy. Ony nähili güýç ýerinden süýşirdi diýsene? Bu ýerde süýşirdi diýilen sözüň özi tersdi. Köpetdan asla göz ýetimde ýokdy. Mämmediň bolsa anyk ýadynda: öwülýadan ilerik köpetdag, gaýralygna bolsa garagym. Ýöne asman bilen şeýle gudrat bolup duran wagty köpetdagyň ýitrim bolanyny geň görmek bir tüýsli lykdy. Ýok köpetdag, hamala hiç wagt bolmadyk ýaly. Dagyň ýerine tozat ýatan toprak, hiç zat bermeýän önelgesiz toprak.

Mämmede ne köpetdag gyzyklydy, ne-de täzeden direlen hossarlar. Oňa diňe asman gyzyklydy, sebäbi ol entek diri adam wagty asmançynasdy. Ol yzyny üzmän asmana seredýärdi we bir zatlar gözleýärdi. Indi bolsa asman oň öňünde öz ahyrky syryny açypdy. Asman ýok we hiç wagt bolmandy. Tutuş ýer planeta togalak däldi, edil ullakan köwşüň gutusy ýaly bir zatdy. Indem şu gün şol gutyň gapagyny açdylar we älemiň çyn hökümdarlary ol ýerden seredip durdylar. Dogrysy olar mydama şol ýerden bize seredýärdiler, ýöne bu gün biz hem olara sereder ýaly mümkinçilik döretdiler. Asmanyň açylan derwezeleriniň aňarsynda bir zatlar görünýärdi. Ol zat nämede bolsa ýaman uzakdy we haýaljakdan ýere tarap ýakynlaşýardy. Ol gelýan zat göm gök öwüsip duran adany ýatladýardy. Ýöne adaň daşyny deňiz suwlary gurşaýan bolsa? Bu adaň daşyny garaňkylyk gurşaýardy.

—Jennet, hanha Jennet ýere golaýlap gelýär, —gapdalda duran ýalaňaç aýal asman seredip gygyrdy. Oň yzy bilen bir giden adam alyp göterdi.

Dogrysy daş töwerekde adam ýaman kändi, olaryň baryny diýen Mämmet tanaýardy. Nirden tanamajak diýsene? Olaryň bary Mämmediň şäherindendi.

—Jennet dälde Behişt diýmeli, —Mämmediň atasynyň atasy oň ýeňsesinden gelip gygyrdy.

Eger surnaýyň ýakymsyz sesi bolmadyk bolsa Mämmet öz hossary bilen belki salamlaşardy gep alyşardy? Ýöne kuwwatly surnaý öz hökümini ýöredýärdi, oňa söz ýok.

Asmanda bolsa gülläp otyran adany ýatladýan uçýan şäher barha ýakynlaşýardy. Ol şäher asmanyň serilen derwezeleriniň edil agzyna diýen ýaly ýakynlaşdy. Ýakynlaşdy we saklandy. Indi ol şäheriň bar zady ýerden görünýärdi. Eger guş bolsaň ol şähere ýetip boljakdy. Ol şäheriň beýik beýik baglary we daglary bardy. Ol şäherden akýan derýalar, şäheriň serhetlerinden daşyna dökülýärdi. Şäheriň daşy bolsa çäksiz tümlükdi. Şäher boşluk giňeşlikde duran adan ýaly bir zatdi.

—Serediň Perişdeler, Perişdeler, —Kimdir biri asmana seredip gygyrdy.

Mämmet gözleri bilen asmany dördi we çyndanam asmandaky şäherden bir üýşmelegiň sogurlup gaýdanyny gördi. Ol üýşmeleň bir süri gargalary ýatladýardy, ýöne reňkleri akdy.

—Olar uçýarlar, olarda ganatlar bar, —Ýene biri asmana barmagyny görkezdi.

Az salymdan asmandan gelen myhmanlar ýere gonup başladylar. Olar çyndanam uçýarlar we olarda ganat bardy. Ýöne ol myhmanlara begenmeli gynanmaly, —ine kyn sorag. Sorag nähili kyn bolsada surnaýyň sesi ol soragy bir eýýäm çözüp goýupdy. Asmandan inen perişdelere hiç kim geň galyp bilmedi, geň galma duýgy düýbinden öçürlipdi. Myhmanlar bolsa şol gelip otyrdylar we otyrdylar. Boýy 3 metirdan geçip duran şeýle myhmanlaryň biri edil Mämmediň öňünde gondy we Mämmede bir zat uzatdy. Mämmet näme etjegini bilmän Perişdä nazaryny galdyrdy, ýöne näme görenine özi düşünmedi. Sebäbi Myhmanyň ýüzüne gös göni seredip bolanokdy, ony diňe gözüň gyýtagy bilen synlamady. Dik sereden wagtyň huşuň bilen bir zatlar bolýardy. Edil oýa wagtyň düýş görýän ýaly huşuň eräp akyp barýardy. Bu kuwwatly oglanlar kim bolsalaram, biz olar bilen deňine nazarymyzy dikläp bilemzok. —Mämmet belledi

Mämmet myhmanyň uzadýan zadyny tutdy we geň galdy. Ol zat adaty kitapdy, ýöne adaty kitapdan has galyňdy. Mämmet kitaplary gowy görýärdi, oňa mydama kitap sowgat edýärdiler, ýöne asmandan gelen myhmanlar oňa entek hiç zat sowgat bermändiler. Asmanda ýazylan kitap gör nähili gyzykly bolmaly? —Mämmet oýlandy. Mämmet kitabyny açaýmaka daş töweregine seretdi. Adamlaryň bary eýýäm öz sowgadyny alypdy. Mämmetden daşyrakda, kitaby açan bir gyz, oň bir näçe setirini okap, kitaby şerraý ses bilen ýere zyňyp, gaýralygyna tarap ylgap başlady. Ýöne uzak ylgamady, ony asmandan gelen myhmanlaryň biri öz aýylganç sesi bilen saklap, eline ýene kitap almaga mežbur edýär. Daş töwerekde duran adamlaryň bary aňk bolup ol şerraýa seredýärler. Göräýmäne hiç kim bir bada nämäň bolýanyna düşünenok. Hamala kitapda ýokanç bir kesel bar ýaly. Mämmede kitaby beren ägirt hem hamala Mämmet gaçjak bolýan ýaly ondan gözlerini aýyrman dur.

—Kitaby açda oka, —ägirt buýruk berýär.

Mämmet garşylyk görkezmän ýere çökdi we dyzyna kitaby goýup oň sahypalaryny açdy. Ol entek diri wagty hem kanuny sylaýan adamdy. Bu wagt bolsa kanun şu ägirtlerde diýip düşünmelidi.

Kitap Mämmediň özi baradady, kimem bolsa bir beýik awtor ol barada ýaltanmam tutuş kitap ýazypdyr. Özem şeýle jikme jik ýazypdyr welin, diýip aýdar ýaly däl. Ol beýik awtor hiç bir zady gözden salmandyr. Ine kitapda Mämmediň iň birinji agzan paýynç sözi. Ine oň iň birinji zynasy, ine oň iň birinji içen şeraby. Edilen işler hiçle, olar az däl. Edilen pikirler diýsene? Olaryň asla sany sajagy ýok, köne ýasama asmanda näçe ýyldyz bolan bolsa, şonçada pikirler bolandyr, Mämmediň durmuşynda. Beýik awtor ol pikirleri hem sypdyrmandyr. Gara we ak pikirler, hapa we arassa pikirler, edil alaja ýaly bir birine çolaşyp tutuş kitabyň içinden geçýär. Hiç bir zat gözden sypmandyr, hiç bir pikir we aýdylan söz beýik awtoryň ünsinden sypmadyr. Kitaby elinde eýläk beýläk oýnap Mämmet düşündi, bu zatlaryň bary ýöne ýere ýazylmandyr. Häzir kitapdaky edilen işler we edilen pikirler üçin hasap soralajak. Şonuň üçin ýaňky aýal kitaby taşlap çöle tarap gaçjak boldy. Ýöne tutyş asmany edil gazanyň gapagy ýaly açan güýçden nirde gizlenip bolýar diýsene? Nirä gaçaňdada sen göz astyndan hiç ýerde gizlenip bileňok. Häzir bar zady seljererler we mynasyp adamlary asmandaky şähere galdyrarlar. Soň gazanyň gapagyny yzyna ýaparlar we oň içinde galanlary gowja gaýnadarlar, gazanyň odyny gataldarlar. Mämmet bu gün barada mukaddes kitaplarda müň gezek okapdy. Ýöne öz gözleri bilen görerin öýdenokdy.

—Men öldüriň, meni ýenede öldüriň, meni gaýdyp direltmäň, —öz kitabyny okanlaryň biri çydaman gygyrdy. Ýöne ony öldürmäge hiç kim howluganokdy. Oňa diňe oka diýip jogap berdiler, ol adam diýlenem etdi.

Ol beýle näme günä etdikä, —Mämmet oýlandy. Bolsada Mämmet özini beýle günäli duýanokdy. Ol adam öldürmedi, hiç kimi ezmedi. Desseläp desseläp gargyş almady. Şonuň üçin ol kitaby zyňyp hiç ýerik gaçasy gelmedi, ýa-da yzyna göre dyzanokdy.


Adamlar ölümden soň hem adamlar. Görde ýatanlaryndan hem adamlar. Adamlar hiç wagt birek birekden uzaga gidesleri gelenok. Göredede her kim öz ýakynynyň ýanynda ýatasy gelýär. Her kim öz tohumynyň içinde, owadaşlarynyň arasynda. Hiç kim meni ölümden soň hiç kimiň ýok ýerinde jaýlaň diýenok. Kyýamat güni hem adamlar adam bolmagyny dowam edýärler. Görden çykanlaryň bary, edil bazar güni märekäň bir ýere üýşişi ýaly, bir ýerde jem bolup durdular. Diňe Mämmet bu desseden daşyna çykasy gelýärdi. Ýöne nirä çykmaly? Bu dessäň soňy nirede? Mämmediň duran ýerinden märekäň soňy görnenok. Mämmet gaýralygyna, çölüň bolmaly tarapyna ýuwaş ýuwaşdan ýöräp başlady. Adamlaryň bary öz kitaplary bilen gümrady. Kimler begenýärdi, kimler gynanyp ýas tutýardy. Esasy ömrüne dogry ýaşamagy synanşanlar begenýärdi. Sebäbi olara Hudaýyň söz beren Jennedi seredip durdy. Mämmer adamlary elleri bilen itişdirip gaýralygyna tarap ýöräp başlady, ýöne adamlaryň soňy gutarmady. Onsoňam ol gaýrak bir barýarmy diýsene? Köne köpetdagyň bolmaly ýerinden çyndanam gaýralygyna? Göräýmäne ögur dogry. Ýöne bu gün nämäň dogrydygy we nämäň ýalňyşdygy hiç kime belli däl. Iň soňunda Mämmet basyldy, sebäbi märekäň soňy ýokdy. Ol duran ýerinde ýere çökdi we özine berilen kitabyň sahypalaryny agdarmaga başlady. Mämmediň bar isleýän zady, ol öz kitabyny ýekelikde okamak isleýärdi, hiç kimiň ýok ýerinde. Ýöne başa barmady. Daş töweregiňe tüýkürseň hökman birne degjekdi. Mämmediň öz kitabyny ýekelikde okamak isleýäniniň hem öz sebäbi bardy. Ol bir gyz barada öz eden pikirleri bilen täzeden tamşasy gelýärdi. Şonuň üçin ol märekeden çete çykasy gelýärdi. Bolmasa daş töwerekdäki adamlardan kimdir biri oň kitabynda ýazylan zatlara jyklap, ýylgyrjak ýalydy. Ýöne bu gün hiç kim hiç kim bilen işi ýok. Her kimiň bar aladasy diňe özi. Ogul atany idänok, ene öz çagalaryny.

Mämmet şol gyz barada ähli edilen pikirleriň ýazylan bölümini açdy. Kitap diýseň düşnüklidi we bar zady aýyl saýyl edýärdi. Kitapda edilen pikirleriň barynyň düýp manysy bardy we şol pikirlere Şeýtanyň gatnaşygy barmy ýok, anyk görkezilýärdi. Şol gyz bilen zyna etmek baradaky pikirleriň barynda Şeýtan atly beýik güýçden gatanç bardy. Diýmek pikirleriň bary diňe Mämmediňki däldi, oň pikirleriniň içinde Şeýtanyň pikirleri hem bardy? Ýöne öz eden işleriňde Şeýtany günäläp bolarmy bolmaz, ine gowy sorag? Oň jogaby kazyýetde belli boljakdy.



2-nji bölüm.

Aýdylýan zatlaryň bary çyn bolup çykdy. Ol dünýä çyndanam bar we bizi aldamandyrlar. Dowzah hem bar, Jennet hem bar. Diýmek Şeýtan hem bar. Hemmeleriň eden işlerini seljererler. Seň bedeniňi atomlara we malekulalara sökerler, seni pytradarlar. Seň pikirleriňi we içki dünýäňi hem edil bedeniň sökülşi ýaly sökerler. Kelläňde dörän her bir islegiň we her bir pikiriň köküne ýeterler. Sen öz pikirleriň köpüsinden boýun gaçyrjak bolarsyň, hamala meni Şeýtan azdyrdy diýersiň. Ýöne Şeýtany hem seň bilen ýüzleşdirerler. Boljak zatlaryň bary beýik kazyýet, başga aýdara söz ýok.

Aradan näçe wagt geçdi belli däl. Belki bir gündir, belki bir sagat? Hiç kimde belli jogap ýok bolsa gerek. A belki bu kyýamat güni, wagt her kim üçin bir tüýsli akýandyr? Belki şol oturan aýal üçin eýýäm müň ýyl geçendir? A Mämmet üçin bolsa bary ýogy bir näçe gün? Mämmet dogrudanam öz kitaby bilen tanyş bolynça bir näçe gün geçirdi. Ol diňe geçdi diýip çaklaýardy. Hakykatda bolsa anyk aýdar ýaly däldi. Asmanda öňkisi ýaly hereket ýokdy, gije gündiz çalşanokdy. Gün we aý ýokdy. Has dogrusy olar bardy. Ýöne edil derwezäň bezegi ýaly bir zatdy. Ondan üýtgeşik däldi. Asla bu ýerde wagt wajypmy diýsene? Bu ýerde howlugar ýaly näme bar? Gazanç etme zerurlygy ýok, bir zatlar iýesiň gelenok. Öňkiler ýaly güzeranyň aladasyny etmeli däl, çaga eklemeli däl, garran eneň ataňa seretmeli däl. Beýik surnaýyň sesi garyndaşlyk gatnaşyklarynyň baryny kesdi, şol ses hem bar kişini görden galdyrdy. Ýöne näme diýseňem, edil şu ýagdaýdan öňki dirilik ýagdaýy müň esse gowydy. Mämmet uly höwes bilen köne Aşgabadyň köçelerinde dilegçilik etmäge razy bolardy. Agşam düşende bolsa seýilgähleriň birine ýatmaga giderdi. Yzyna özi ýaly bir giden öýsüz itleri düşürip aýlanar ýörerdi. Kyýamat barada hiç zat bilmezdi. Indi bolsa öz başdan geçirmeleriň barada kitaby dyzyňa alda alada batda otur. Haýsy pikirim we günäm üçin meni näçe ýyl dowzahda ýakarlar diýip. Dowzah barada entek hiç hili habar ýokdy. Jennet bilen bar zat düşnükli, han-ha ol asmandan ýere seredip otyr. Ol ýerden Melekler uçup gelýärlerdi. Dowzahy iň soňunda Zeminden ýasarlar, —Mämmet entek diri wagty şeýel çaklaýardy. Ol öz çaklamasy barada kitapda okap begendi. Ýöne çaklamalar hem kiçijek günä bolup çykdy. Eger bilmeseň hiç bir zady çaklamak bolanok. Ýöne näme diýseňem Dowzah üçin hiç bir ýere gitmek zerurlygy ýok. Dowzah müň göterim ýerde, aýagmyzyň aşagynda. Hawa hawa, eýýäm miliýonlarça ýyllap dowzah biziň gözümiziň arynda. Biz eýýäm onda ýaşap ýörüs, ýöne ol söndürlen, ody öçürlen, sowap galan diýseňem bolýar. A bu wagt bolsa Melekler dowzahy otlamaga geldiler. Häzir ol öz bar owadanlygy bilen, biziň öňümizde peýda bolar. Kazyýetden soň Jennet özine mynasyp adamlaryň baryny alarda asmana göterler. Ýerde bolsa diňe 19 sany Melek galar. Dowzahyň üstinden serdeýän 19 sany Melek. Dowzahyň raýatlarynyň baryna şol 19 sany Melek sereder. Bu zatlaryň baryny Mämmet eýýäm bilýärdi, ol bir ýerlerde okap görüpdi. Ýöne okanyň bilen göreniň deň däl, häzir oň özi bar zadyň şaýady bolmalydy.

Kazyýet başlandy, ýa-da ol adamlaryň görden çykan güni başlapdy. Ýa-da has irräk, adamzadyň ýaradylan güni başlapdy. Ýöne beýik kazy öz jezasyny çykarman adama möhlet beripdi? Bu soraglaryň hiç birine Mämmetde jogap ýokdy. Ol öler ýaly kazyýetden gorkýärdy. Ol ýerde oňa nämäň garaşyp duranyny bilenokdy. Adamlaryň sürüsi bolsa haýaljakdan günbatara tarap ýöräp barýardy. Öňde nämäň bardygy görnenokdy, ýöne nämäň bardygy düşnüklidi. Öňde aýyl saýyl merkezi bardy. Şol ýerde seň ykbalyňy çözýärdiler. Sen dowzaha mynasypmy, ýa-da Jennede? Ana şol ýerik adanlar haýaljakdan ýöräp barýardylar. Ol ýerik hem bir günde ýeter ýaly däldi. Tutuş märeke edil bir uly beden kimin günbatara tarap süýşip başlady. Elbetde bu gün ol ugura günbatar diýip bolýan bolsa diýsene? Gün eýýäm näçe gün bäri ne batýardy ne ýaşýardy. Gün asman derwezeleriniň bezegidi. Oň nury hem kütelşipdi, hamaly uly bir güýç güniň yşgyny peselden ýalydy. Günden gelýän şähle zordan ýeri ýagtyldýardy, ýöne ýyladanokdy. Asmanyň aýy hem bu uly dilduwüşligiň taýydy. Ol hem çep derwezäň nagyşydy. Ýöne aýyň şöhlesi bu gezek ýitidi. Sag derwezede duran günüň ýagtylygy bilen deňdi. Mämmet näçe seretsede asman gudratyndan doýanokdy. Asman şu gün öz bar syryny açypdy. Asman derwezelerniň alkymynda kuwwatly melekler sakçy bolup durdylar. Görlip otursa keýpine däl eken. Sebäbi käbir adamlar ýerden asmana göterlik şol ýerdäki Behişde girjek bolýardylar. Ýöne Melekler olary edil pökgüni uran ýaly edip ýere gaýtarýardylar. Mämmet bolsa düşünjek bolýardy, kim ol uçup bilýän adamlar? Olaryň arkasynda ganat barmy, ýa-da olar başga bir güýje daýanyp asmana göterilýärlermi? Mämmet haýaljakdan ýöräp barýan ýerinden daş töweregine seretdi. Oň daş töwereginden asmana hiç kim göterlenok. Kim göterilýän bolsa ýüzlerçe kilometr öňde, ýa-da yzda.

—Jynlar, jynlar Jennede girjek bolýarlar, —asmanda bolýan urşa barmagyny uzadyp Mämmediň gapdalynda barýan ýalaňaç gyz gürledi.

Jynlar, —Mämmet oýlandy. Diýmek adamzat ýeke däl, olar bilen Jynlar hem bar. Dogrydanam asmanyň serilen derwezelerine Jynlar dyzaýardy. Ýöne ol ýeriň sakçylary olary göýberenokdy. Bu gün hiç ýerde gizlenip bolanokdy we hiç ýerik gaçyp bolanokdy. Hatda ölüp hem bolanokdy, sen eýýäm bir gezek ölüp görüpdiň. Jynlar, —Mämmet daşyndan gaýtalady. Olaryň sypaty nähilikä? Aşakdan seretseň adama meňzeýärler. Uçyp bilýän adam ýaly bir zatmyka?

Adamlaryň topary bolsa şol günbatara tarap tutduryp gidip otyr. Birje sekundam säginenok. Ýöne günbatarda olara näme garaşýar diýsene? Gün batarda näme garaşýan bolsada ol ýerde ýol gutarýar. Şol ýerik ýeteniňden soň ýöremek eýýäm zerur däl. Bu wagt bolsa diňe ýöremeli, elbetde duran ýeriňde dursaňam belki seň adyňy hiç kim tutmaz, ýöne bu ýerde sen näme üçin durjak? Duranyň bilen barybir beýik kazyýetden sypma ýok. Bar utup biljek zadyň wagt, ýöne ol wagt bilen bu gün näme etmeli? Nobatyň soňyna galyp kazyýete iň soňky bolup hem barsaň boljakdy. Ýöne soňky bolup barmak üçin näçe müň ýyl gerek? Näçe müň ýyldan bu kazyýet her bir adam bilen jikme jik düşinşip ýetişer? Az däl bolsa gerek? Dogrudanam bu giden märekäň içinde ýöremän, ýerde oturan adamlar hem az däldi. Olaryň töwereginden hemmeler aýlanyp geçýärdiler. Ol adamlar derýaň içinde ýatan uly daşlary ýatladýardy. Suw olaryň daşyndan aýlanyp geçýärdi.

Belli däldi, Mämmet günbatara näçe ýyl ýöredi, müň ýyl, müň gün, ýa-da müň sagat? Az däl bolsa gerek? Ýöne wagt bu ýerde hemmeler üçin deň akýarmyka diýsene? Mämmet ýöräp ýöräp gowja ýadapdy, ýöne oň daş töwereginde asla ýadamadyk şadyýan adamlar bardy. Şol adamlar hamala bir näçe sagat bäri ýolda ýalydy. Olardan başga zordan süýrenip gelýän adamlar hem bardy, olar birde emedekläp, birde ýerden süýrenip zordan gelýärdiler. Ýöne baribir öňe ýöreýärdiler. Hiç kim hiç kime kömek edenokdy, hiç kim hiç kimiň ýüzüne seredenokdy. Bolmasa eýýäm näçe gün bäri Mämmediň yzy bilen oň kakasy ýöräp gelýärdi. Mämmet ol adamyň ýüzüne bir iki gezek garap gördi, ýöne özünde hiç bir duýgylaryň oýanmaýanyna ýene bir göz ýetirdi. Beýik surnaýyň işi örän täsindi, seň iň ýakyn adamlaryň bu gün saňa hiç kim. Bolmass bu ýoly öz ýakynlaryň bilen gürleşip, pikir alyşyp geçseňem boljakdy. Edil dirilik döwürleri ýaly diýsene? Entek Asmanym derwezeleri açylmaka biz birek birege ezizdik. Indi bolsa bar zat başgaça. Bar zat edil söz berilşi ýaly, has dogrusy ondanam beter.

Mämmet az ýöräp köp ýöräp iň soňunda Hazar deňzine ýetdi, gün şol deňizde batýardy dälmi? Has takyk aýdaňda deňiziň bolmaly ýerine, sebäbi deňiz bir eýýäm ýokdy. Deňiz bir eýýäm gurapdy, oň ýerine tozap ýatan çöllük bardy. Men näçe ýyl görde ýatdym, —Mämmet oýlandy. Ýaş ösüp barýan dag, ýer bilen ýegsan bolar ýaly näçe milýon ýyl gerek? Elbetde Mämmet Köpetdagy göz öňüne tutýardy. Sebäbi Köpetdagdan iň bärkisi kiçijek depejigem galmandy. Hazar deňzi hem edil şeýledi, ol hem durmaly ýerinde ýokdy. 

—Men näçe ýyl gabyrda ýatdym? —Mämmet gapdalda barýan bir gyzdan sorady. Ýöne gyz oň ýüzünede seredesi gelmedi. Soň Mämmet çepine seretdi, ýöne ol ýerden hem jogap bolmady.

Hiç kimden jogap bolmansoň Mämmet öz ýoluny ümsüm dowam etdi. Ýol bolsa diýseň uzakdy. Mämmet eýýäm köne hazaryň hanasyna aýak basypdy. 


3-nji bölüm


Hazar deňizden soň Mämmet bir näçe deňizleriň hanalaryna aýak basdy we olardan çykdy. Deňizleriň bary gurandy. Eger deňizler guran bolsa Ummanlar hem guran bolmalyda, —Mämmet oýlandy. Ýöne nähili güýç ummanlary guradyp bilsin diýsene? 3-nji jahan urşumy? Ýa-da 4-nji jahan urşy? Mämmet ýogalaýmaka adamzat 3-nji jahan urşuna gadam basjak bolup durdy. Ýok, hiç bir güýç ummanlary guradyp bilmez, bu ýerde bir aldaw bolaýmaly. Edil asman bilen aldawyň bolşy ýaly. Deňizler hiçle, daglara näme boldy diýsene? Ýer edil ýumurtga togalabermeli, nirä aýak bassaň tozap ýatan gum. Ne dag galypdyr, nede depe. Bar zat ýer bilen ýegsan. Daglary tekizlemek aňsatmy, ýa-da ummanlary guratmak? Olaryň ikisem aňsat iş däl bolsa gerek. Ýöne biz üçin aňsat däl, ol gudratlary ýaradan üçin bolsa bar zat aňsatdan aňsat.

Göz ýetimde iň soňunda bir zat göründi. Şähere meňzeş bir desga. Ýa-da şoňa meňzeş uly bir zat. Adamlaryň ädimleri togtady. Şol görnen zat näme bolsada şol ýerde her bir adamyň ykbaly çözülmelidi. Ýöne entek şol görünen zada çenli entek mäçe gün ýol ýatyr belli däldi. Belki bir gün, belki bir aý, ýa-da entek el degmedik bakylyk? Mämmet asmandan gözlerini aýyrman öňe ýöremegini dowam etdi. Kellede bolsa yzly yzyna pikirler döreýärdi. Ýok, ol öňde görünen desgaň pikirini edenokdy. Ol geçmişiň pikirini edýärdi. Ol aý hakda we ýeriň emeli hemralarynyň pikirini edýärdi. Adamlar aýa uçup görüpdiler ahyryn, ol ýerik aýak basypdylar. Bu wagt bolsa aý şeýle bir ýasama bolup görünýärdi. Hamala tutuş asman ullakan bir ekran bolup, aý gün we ýyldyzlar şol ekranyň ýöne bir görkezýän zatlary ýaly? Bu gün bolsa uly ekran çyndanam öz ekrandygyny subut etdi. Ekran edil dik ortasyndan jat açdy we çepa saga edil derweze ýaly açyldy. Peýda bolan gädikden bolsa Behişt jyklap dur. Hany onsoň biziň uçuran emeli hemralamyz? Açylan gapydan daşyna uçup gitdimi diýsene? Memmet näçe oýlansada nämäň nämedigine düşünip bilmedi. Bolsada surnaýyň sesi asman barada oýlanňaga päsgel berenokdy.

Ýene bir näçe ýyldan, ýa-da aýdan desga golaýlady. Ol desga uly terezi şekilinde gurulan bynady. Ýöne ýerde ýaşan arhitektorlaryň hiç birem şeýle desgany gurup biljek däldiler. Mämmet desgaň edil aşagyna ýakynlap ony synlady. Adamlaryň topary şol desgaň aýak užyna baryp ýitip gidýärdi. Olar oň içine girýän bolmaly, —Mämmet çaklady. Çyndanam şeýle bolup çykdy. Desganyň 9 sany gapysy bardy we topar topar adamlar şol desgaň içine girýärdiler. Ýöne desgaň aňar ýüzünden çykýarlarmyka? Ony bilmek üçin desgaň ýeňse tarapyna aýlanyp görmelidi. Eger saňa aýlanmaga ýol berseler diýsene? Sebäbi desga golaýlaşdygyňça Melekleriň sany köpelýärdi. Olar indi adamlardan az däldi. Her bir adama bir Melek diýen ýaly? Mämmet desgaň kölegesine girdi, hawa, bu gün ýere kölege salyp bilýän ýeke täk bina şoldy. Bolmasa ýerde ne bag galypdy, nede dag. Bar zat ýer bilen ýegsandy. Zemin iň soňky demlerini alýardy, ol ine ine durmaga taýyndy. Binaň edil gapylaryna ýetilende adamlar bilen geň bir zatlar bolup başlady. Käbir adamlar gapylara öz erkine ýylgyryp girýärdi, käbirleri bolsa edil ajala eltilýän ýaly bir ýerlerik gaçyp sypjak bolýardylar. Ýöne olary pälwan Melekler garbap tutup, el aýaklaryny zynjyr bilen baglap, ýene şol gapylara dykýardylar. Mämmet bolýan zatlara düşünenokdy. Näme üçin gaçyp gitjek bolýanlar bina görüneninden soň gaçyp gitjek bolanoklar? A binaň gapylaryna çenli öz aýaklary bilen gelýärler? Bu ýerde bir zarlar ters bolaýmaly, —Mämmet oýlandy. Ýöne sorag Mämmedi kän bir kösemedi, sebäbi soragyň jogaby öz özünden geldi. Mämmet hem edil başga gaçýan adamlar ýaly gaçjak boldy. Ýöne ol başgalar ýaly saga sola dälde, yzyna öz ene atasynyň ýanyna ylgajak boldy. Olary birden bagryna basasy geldi. Aglasy geldi, ötün sorasy geldi. Sebäbi binaň edil gapylarynyň ýanynda, beýik surnaýyň sesi eşidilmesini bes edýärdi. Oň yzy bilen bolsa pikirleriň we duýgularyň bary azatlyga boşaýardy. Mämmediň gözleri birden ýaşdan doldy, utanç we başga duýgular kellä urdy. Mämmet iki eli bilen öz uýat ýerini ýapjak boldy. Şeýle ýagdaýda yzyna ylgady. Bary ýogy bir näçe gün mundan öň, oň yzy bilen oň kakasy gelýärdi. Hiç zatdan habarsyz märeke, dällirän Mämmedi gapdala çekilip öz setirleriniň aralaryndan göýberdi. Ýöne Mämmet daşa gaçyp ýetişmedi. Oňa bir näçe asyr mundan öň kitap gowşyrap Melek bir ýerlerden peýda boldyda ony garbap aldy. Ol Melek edil döw ýaly kuwwatlydy. Dogrysy Mämmet döwleri hiç mahal görmändi, ýöne ol peläketleriň bir mahallar ýaşap geçenine ynandy. Döw, ýa-da Melek Mämmediň el aýagyny zynjyrlap ony gapa tarap süýredi. Mämmet bolsa edil ajala eltip barylýan ýaly gygyrdy:

—Kaka, kaka, men Mämmet, eşidýäňmi? Bu ýerik ýöreme, bu ýerik ýöremäň, bu ýeri gowy däl.

Bu ýerde nämäň gowy däldigini bolsa Mämmet düşündirip bilmedi. Bu ýerde bary ýogy surnaýyň sesi eşidilenokdy. Ol bolmasa welin, bar zadyň elhençligi görünip durdy.


Mämmedi Melek özi bilen bile süýräp gapylaryň birinden saldy. Gapylaryň aňarsynda göze dürtme tümlik bardy. Şol tümlik hem näme üçindir uzaga çekdi. Mämmet şol tümligiň içinde hem öňe ýöräsi gelenokdy. Ony Melek südenekledip alyp barýardy. Tümlügiň içinde eýýäm surnaýyň sesi eşidilenokdy, pikirleriň bary azatdy. Indi Mämmet öler ýaly gorkýardy. Ol Hudaýa ynananokdy. Ol ylym adamy bolansoň y. Hemme kişä belli bolşy ýaly, ylym bilen din, bir gazanda gaýnap bilenokdylar. Şonuň üçin Mämmet gazanyň içinden dini çykaryp zyňdy, şonuň bilen bile Hudaýam çykaryp zyňdy. Indi bu hereket üçin oň özini gazanda gaýnatjakdylar. Oňa welin hiç hili şübhe ýokdy. Oň jaýy dowzahda, ol diňe şu wagt düşündi. Ol hakykata öň düşünmäge oňa, Surnaýyň sesi päsgel beripdi.

Az ýöräp köp ýöräp Melek Mämmedi uly bir ala garaňky otaga getirdi. Otagyň içi giňdi, ýöne garaňkydy. Ol ýer uly bir gowagy ýatladýardy. Şol gowagyň diwarlarynda balkona meňzeş oýlar bardy. Şol oýlarda bolsa ýokary derejeli Melekler otyrdy. Mämmedi alyp gelen Melek bolsa, baş egip, Mämmediň zynjyrlaryny ýygnap alyp, bir ýerlerik zym zyýat boldy. Mämmet çüw ýalaňaç bir giden Melekleriň öňünde galdy. Melekler öz ara pyşyrdaşyp, Mämmedi görmeýän ýalydy, ýöne Mämmede hem olaryň ünsi derkar däldi. Ol şeýle ýagdaýda ýene milionlarça ýyl durmaly hem bolsa razydy. Emma beýle bagty hiç kime görme ýokdy, Melekler iň soňunda Mämmetde öz ünsini jemlediler.

Melekleriň nazaryndan Mämmet bir näçe metr belentlige göterildi. Näbelli bir güýç ony ýerden galdyrdy. Mämnediň tutuş bedeni ýaşylymtyl şöhle saçýardy. Birden Mämmediň çep eli dartylýan ýaly süýnip başlady. Çep el edil goldan sogurlyp, öz eýesinden bir näçe garyş dapdalda howadan asyldy durdy. Gol sogrulsada hiç hili agyry ýokdy. Soň sogrylan gol ýene bir näçe bölege bölündi. Bäş sany barmak öz başyna boldy. Geň ýeri gol näçe bölege bölünsede hiç hili gan ýokdy. Iň soňunda bäş barmakdan bäş sany durnak hem öz başyna boldy. Çep gol pytransoň, näbelli bir güýç sag ele geçdi. Ol hem edil çep el ýaly, iň maýda böleklere bölündi. Ol güýç nä belli däldi, ol güýç bellidi. Ol güýç balkonlarda oturan Meleklerdi. Şeýdip Mämmediň bedeni edil çylşyrymly gurjagyň sökülşi ýaly, bölek büçek boldy. Iň soňunda beden bilen düşünşip Mämmediň ruhyna geçdiler. Nähili geň bolsada, adam ruhy hem edil beden ýaly böleklere sökülýän eken. Mämmediň ruhyny 4 bölege böldüler. Has dogrusy ruhlary bir biriniň içinden çykardylar. Mämmet indi bütünleý ýalaňaçdy. Oň bedeni bir gapdalda sökülgi ýatyrdy, ruhy bolsa başga gapdalda sökülgi ýatyrdy. Dört ruhyň hersiniň öwüşgüni başgady. Olaryň biri sarydy, ýene biri gökdi, biri gyzyldy we Mämmediň özi ýaşyldy. Öz reňkiniň ýaşyldygyna Mämmet begendi. Sebäbi oň bilşine görä musulmanlaryň reňki ýaşyldy. Belki melekler meň ýaşyk ruhymy görüp, musulmançylyk bir umumylyk tapyp, meni jennede göýbererler? Şu wagt, gark alyp barýan Mämmede, islendik saman töňňe agajy bolup görünýärdi. Emma ol ýalňyşýardy, reňkden bu ýerde hiç hili peýda ýokdy.

Balkonda oturan Melekleriň biri düwmä basdymy, ýa-da ol melek öz enjamyny diňe pikirleriň kömegi bilen dolandyryp bilýärmi? Awtora belli däl. Ýöne Mämmet kiçijek çaga ýaly aglap başlady. Ol ýap ýaňja dünýä inen bäbegiň sesi bilen aglaýardy. Birnäçe wagt aglap, Mämmet goýdy we uklady, soň ejesini emýän ýaly hereketi, gapdalda duran dodaklar edip başlady. Soň Mämmet ýene aglady we ýene täzeden uklady. Gargyş siňen melekler öz oturan ýerinden Mämmediň durmuşyny täzeden işletdiler. Ýöne bolmalsy ýaly tizlikde dälde, eýsem 8 esse haýal. Sebäbi olardan hiç bir zat sypmaly däldi. Mämmet "eje" diýen sözi birinji gezek 2 ýaşynda aýdan bolsa. Bu ýerde oň dodaklary 16 ýyldan soň eje sözi aýtdy. Melekler Mämmediň durmuşyny haýaljakdan we howlukman täzeden kadyrma kadyr gözden geçirýärdiler. Mämmet öň başdan geçiren zatlarynyň baryny, täzeden bir näçe gezek başdan geçirdi. Ine gapdalda bir ýerde howadan asylgy duran oň užudyna jan girdi. Diýmek Melekler Mämmediň ýetişen döwrüne ýetdiler. Ýöne bolmalsy ýaly 10-12 ýylda dälde, eýsem 8 esse haýal. Eger oň tutuş durmuşyny şeýle tizlikde kadyrma kadyr gözden geçirseň näçe ýyl gerek bolarka? Bir asyran az wagt almaz, sebäbi Melekler aram aram bar zady yzyna saradyp, şol bir zady gaýtalap gaýtalap görüp. Öz ara maslahat edýärdiler. Ine şeýdip Mämmediň sökülen bedeni bar eden hereketlerini täzeden gaýtapal görkezdi. Beden bilen düşünşenlerinden soň pikirlere gezek geldi. Pikirler hem dönüklik edip yzly yzyna özleri barada bar zady gürrüň berdiler. Esasanda sary ruh bar kişiden öňde barýardy. Mämmediň göwnüne bolmasa günä pikirleriň bary şol sary ruhdan çykýan ýalydy. Sary ruhyň diňe özi, bedeni günä itekleýän hereketleriň baryny agzap geçýärdi. Şol gyz bilen ýataýsaň, şol gyzyň plan ýeri owadan. Plan zady iýäýseň we plan gyzyň plan ýerini elläýseň. Hamala Mämmediň bedenine ýaramaz herektleriň baryny şol sary ruh pyşyrdan ýaly. Gyzlara bolan hapa pikirleriň baryny şol sary ruh oýarypdy. Ýöne ol ruh ýat ruh däldi. Ol ruh Mämmediň ruhynyň bir bölegidi. Ol ruh Mämmediň beýnisinde ýaşaman, oň garnynda ýaşaýardi. Sary ruh Mämmedi bolşyndan beter garalap, iň soňynda sem boldy. Ol haramzada hiç bir zady sypdyrmady. Iň bärkisi Mämmediň bir ýaş gyzjagaz barada eden pikirlerine çenli agzap geçdi. Mämmediň gapdalda duran eli bilen užudy şol pikirleriň näme eltenine şaýat boldylar. Bu gün Mämmediň tutuş bedeni oňa çarşy dül düwüşipdiler we ony utanman satýardylar.

Soň sözi Mämmediň gyzyl reňkde öwüsýän ruhyna berdiler. Ol ruh hem öz gezeginde Mämmedi satdy. Ol ruh hakyky filosow bolup çykdy. Ol ruh Mämmediň kellesinde ýaşaýardy. Ol ruh ömür boýy Mämmedi Hudaýyň ýokdygynda yrjak bolýardy. Iň soňunda oňa yrmak başartdam. Mämmet ol ruhyň hüwdülerini hemmelerden beter diňlemegi gowy görýärdi. Ol ruhda Şeýtandan gatanç bardy. Ol ruh şeýle ynandyrjy sözler bilen Mämmede Hudaýyň ýokdygyny ömür boýy subut edýärdi. Ol ruhyň aýdýan sözleri näme diýseňem Mämmediň kellesinde döräp biljek pikirler däldi. Ol ruh ylhamy daşyndan bir ýerlerden alýardy. Ýöne ol ruh hem edil sary ruh ýaly Mämmediň bir bölegidi. Mämmediň içgi dünýäsini şol 4 sany ruh düzýärdi. Mämmediň pikirleniş prosesy bolsa, ýöne bir şol 4 sany ruhyň jedelidi. Eger bedene lezzet berjek zat ýok bolsa, sary ruh hemişe sem bolýardy. Ol diňe iýmek içmek we gyzlar bar ýerinde oýanýardy. Gyzyl ruh bolsa diňe Hudaýa degişli soraglar gyzyklydy, galan wagt ol hem semdi. Gyzylymtyl ruh öz döreden pikirleriniň baryny agzap bolup iň soňunda sem boldy. Indiki gezek gögümtil ruhyň gezegi boldy. Ol ruhda asman güýçlerinden gatanç bardy. Ol ruhyň bar önümleri gowy pikirlerdi. Ýöne ol ruhyň sesi ýaman pessaýdy, zordan eşidilýärdi. Ol ses ömür boýy Mämmedi ynsaba çagyrýardy, Hudaýyň bardygyny subut etjek bolýardy, ýöne bary biderek. Mämmet ol gök öwüşginli oglany seýrek diňleýärdi. Sebäbi ol oglan, Mämmediň pikirine görä, känbir ynama mynasyp däldi. Ol mydama bir zatlary söz berýärdi, ýöne oň söz berýän zatlarynyň bary ýakyn gelejekde dälde, gaty uzak gelejekde bolmalydy. Boýun almaly zat ol oglan Mämmedi aldamandy, oň söz beren zatlarynyň bary hasyl boldy.

Şeýdip Mämmediň pikirleriniň bary yzly yzna agzalyp geçildi. Hatda ol pikirleriň çeşmesi hem derňeldi. Pikirler bilen bir ýüzli edilenden soň Mämmediň dini ynanjy barada sorag açyldy. Edil şu ýerde Mämmet Hudaýyň ýerine Şeýtana ynanandygy subut edildi. Şol gyzyl öwüsginli ruh, ulhamy Şeýtandan alýan bolup çykdy.


—Şeýtan meni dogry ýoldan çykardy, —Memmediň gapdanlda ýüzüp ýören dodaklary gürledi.


—Bolýa, —diýdi Melek, —häzir ony hem çagyrarys.

Aýdylşy ýaly gapdalda Şeýtan hem peýda boldy. Ýa-da şoňa örän meňzeş bir oglan? Ol hem gyzyl öwüşgünlidi we tümlükde zordan şekili saýgarylýardy.

—Oň özi dogry ýoldan azaşdy, —diýdi Şeýtan, ýa-da şoňa örän meňzeş bir oglan. Men ony yzym bilen çagyramok, oň özi meň yzyma düşesi geldi. Meň ýolum bolsa hemme kişä bir mahal belli. Men gönüden göni Jähenneme barýan ahyryn.

Şeýtanyň sözlerini jedele salar ýaly däldi. Ol dogrusyny aýdýardy. Mämmet ýene kömek gözläp daş töweregine seretdi. Ýöne gözler hiç zada ilişmedi. Soň Mämmediň durmuşda kesişen adamlary bilen derňew işleri başlady. Ol adamlar hem edil Şeýtanyň peýda bolan ýerinde, ala garaňkyň içinde peýda bolýardylar we öz sözlerini aýdyp, ýitrim bolýardylar. Mämmediň özinden gaty görendir öýdüp ýören adamlary hem ýekeme ýeke oň gapdalynda peýda bolup, öz aýgytly sözlerini aýdyp gidýärdiler. Şeýdip iň soňunda haýwanlarada gezek ýetdi. Mämmet çaga wagty bir pişigi ýaý bilen atypdy. Gargyş siňen melekler şol pişigi bir ýerlerden agdaryp tapyp, ony Mämmediň gözüne basyp durdylar.
Mämmet bolsa ýene aklanjak bolýardy, men ol pişigi atmadym diýdi. Ýöne pişik adam dilinde gürläp Mämmediň ýüzüne durdy. Soň Mämmet bar zady ýene Şeýtanyň üstine oklajak boldy, ol oglan hem görünşi ýaly ýönekeý oglan däldi. Ol entek özine degişli birje günänem boýun almandy. Mämmede degişli günälerä aňarda dursun. Şol sebäpden Mämmet Şeýtany günöne goýmaly diýen karara geldi. Edil şol wagt bir ýerlerden sary ruh seslendi:

—Pişigi ataly diýip men ony yrdym, —Sary ruh elhenç ýylgyrdy. —Körpe entek ezýet çekýän jandarlary görmändi. Men göräýsin diýdim. Men körpä adam gynap göreli diýsem ýeke gezegem etmedi. Esasanda çagalary gynamak nähili lezzet berýär diýsene?

Çyndanam Mämmet entek diri wagty, oň böwrüni şeýle pikirler gyjyklaýan ýalydy. Ýöne ol pikirlere Mämmet gulak asanokdy. Şeýdip haýwanlar bilen bir ýüzli edildi.

Soň welin has geň zatlar başlady. Mämmediň 4 sany ruhyny 14 sany bölege bölüp, has jikme jik öwrenip başladylar. Bu gargyş siňen Meleklere bar zat azdy. Olar Mämmedi iň soňky malekula çenli sökmek isleýärdiler, goý bu hereket üçin olara mileýon ýyl gerek bolsun. Bar ýaşanyňama bary ýogy 50-60 ýyl. Ýöne şojagaz ýyllaryň derňewi müňlerçe ýyla gidýär. Hany adalat nirede diýsene bu ýerde? Heýde adamyň eden işleri bilen beýle jikme jik gyzyklanyp bolarmy diýsene? Görüp otursak boljak eken.




4-nji bölüm


Kazyýat Mämmet üçin tamam boldy. Gargyş siňen Melekler ony edil söküşleri ýaly yzyna ýygnadylar. Ol ýene öňkisi ýaly adamdy. Oň bedeniniň ýygnalşy ýali, oň aňyny hem yzyna ýygnadylar. Ol indi bitewi adamdy. Mämmet aýak üstine durdy, ony ýere gondurdylar. Oň işini derňän melekler indi öz ara maslahatlaşýardylar. Mämmet bolsa edil ýagyşdan gizlenýän pişijek ýaly bolup gysylyp durdy. Soň bir ýerlerden hälki kitap berek Melek peýda boldyda Mämmediň eline aýagyna şol öňki zynjyrlary daňdy we ony otagdan süýräp çykardy. Meň işim gaýytdy, —Mämmet oýlandy. Eger ony Jennede bellän bolsalar ony hiç kim zynjyrlamazdy. Oň indi jaýy dowzah bolmalydy. Binaň ýeňse tarapyna çykýan gapydan Mämmät daşyna çykdy. Ol bu binada näçe ýyl geçirdi? Bir ýylmy? Müň ýylmy, ýa-da bir milion? Ol bilenokdy. Bir näçe müň ýyldan az däl bolsa gerek? Nähili beýik alymlar, —Mämmet binaň içindäki Melekler barada oýlandy. Heýde adamyň janyny alman ony malekula çenli söküp bolarmy diýsene? Bolýala, beden hiçle, oň ruhy bilen mämeler etdiler? Ruhy hem bir giden böleklere bölüp, her bir bölegi gowja gözden geçirdiler. Näme diýseňem bu binaň içinde beýik hirurk lukmanlar otyr.

Daşarda welin bar zat öňki öňkülikdi. Asmanda şol öňki derwezeler, olaryň aňarsynda welin şol bir öwgüsi ýeten Jennet, ýa-da Behişt? Binadan çykanlary Melekler iki topara bölýärdiler. Bir toparyň eli aýagy zynjyrlydy, ikinji topar bolsa erkindi. Özlerem diýseň şadyýandy. Olaryň şadyýan sesleri we gülkileri eşidilýärdi.

—Men Hudaýy gördüm, men Hudaýy gördüm, —olaryň biri gygyrdy.

Mämmede welin Hudaý görünmändi. Ol näme üçin görünsin diýsene? Näme Mämmet diri wagty oňa ynanypmy? Ýa-da kyýamat güni ony göresi gelipmidi? Ýok, ol asla ony ýatlamandy, inede netijesi, Hudaý hem ony ýatlanok.

—Hudaý meň söýän gyzymy täzeden ýasap berdi, —şadyýan duranlaryň biri başga birine gürrüň berdi. —Ony täzeden gyz edip ýasap berdi we geçmiş barada ýatlamalaryň baryny pozdy.

Mämmet ol adamlara seredip gözleri gitdi, ol hem şolaryň arasynda durasy gelýärdi. Ol hem Jennede uçasy gelýärdi. Ýöne kör ynançly musulman hökmünde däldi, ylymly we bilimli älemçynas hökmünde. Jennet näme diýdeňem asmanda ahyryn. Asmany öwrenmek bolsa Mämmediň iň söýýän zatlarnyň biri. Asman şäherinde ýaşamak iň uly bagt. Ýöne şu wagt şol ýerde az salymlyk bolup görmegiň özi hem uly bagytdy. Binaň gapylaryndan bolsa entegem adamlar çykyp durdular. Olary Melekler iki topara bölýärdiler. Şadyýan we gamgyn topar. Şadyýan toparyň ykbaly bellile, gamgyn toparyň ykbaly neneňsi? Kim dowzah barada anyk habary aýdyp biljek? Hawa, ol ýerde hemmeleriň ýanmagy belli zat, ýöne şol odyň gyzgynlygy näderejede? Kim dowzahda bolup gördi we gaýdyp gelip bar zady gürrüň berdi? Hiç kim…

Şadyýan topar binaň arka tarapynda galdy. Belki olaryň sany belli bir derejä ýetensoň olary asmandaky şähere ugradarlar? Gamgyn toparyň ykbaly bolsa bellidi. Olaryň sany laýyk 666 sany adama ýeteninden soň olary zabun Melekler öňe sürmesini dowam etdiler. Bu gezek olar öňkileri ýaly rehimdar däldiler, olaryň ellerinde agyr gürziler bardy. Şol gürziň aşagynda galmajak bolup adamlar birek birekden öňe geçýärdiler. Ýöne eliň aýagyň zynjyrly ylgamak aňsat zat däl. Mämmet daş töweregindäki adamlara seredýärdi, olaryň hiç biri oňa tanyş däldi. Indi oň tanyşlaryndan hiç kim ýokdy, eger bolaýanda näme diýsene? Beýle günde tanyşdan ne peýda?

Näçe gün ýol sökülene belli dal, iň soňunda bu desse adamlary melekler bir gaýnap duran batgaň baş ujyna getirdiler. Mämmet melekleriň sanyny sanady, olaryň sany laýyk 19 bolup çykdy. 20 hem däl, 18 hem däl. Nirde ýok aklyňa sygmajak san. Bu dowzah, bu ýerde hiç bir zat aklyňa syganok, —kellede pikir ýaňlandy. Öňde ýaýylyp ýatan batgadan goýy tüsse asmana göterilýärdi. Ol tüssäň derdinden ýaňa hiç zat görünenokdy. Ol tüsse asmany hem daş töweregi ýapypdy.

—Dyza çöküň, —Melekleriň biri buýruk berdi we 666 sany adamy batgaň kenarynda hatarlap goýdular.

Batgaň içinde bolsa gara ýag gaýnaýardy. Ondan gelýän howur ýüzüňi ýakyp barýardy.

—Häzir bizi bu ýagyň içine iterler we gowurarlar. —Mämmediň gapdalynda duranlaryň biri gürledi we aglap başlady.

Ýöne bar zat beýle ýönekeý däldi. Bir ýerlerden demiriň demire degýän sesi geldi. Demirden ýasalan uly bir zat batgaň içinden oturanlara tarap gelýärdi. Ýöne batgadan turýan tüssäň derdinden ol zadyň nämedigi görünemokdy.

—Traktormyka? —Mämmet oýlandy. Soň Dowzahda traktor näme işlesin diýsene, —diýip öz özini taňkytlady.

Oturanlaryň bary gözlerini öňe çüňerldip batgaň içindäki hereketiň nämedigini aýyl saýyl etjek bolýardylar. Batgadan gelýän ses bolsa gitdigiçe ýakynlaşýardy. Birden batgaň içinde edil bugdaý ýygýan kombaýynyň yşyklary ýaly iki sany yşyk peýda boldy. Ýöne ol yşyklar näme üçindir ýaşyldy. Mämmet hem hiç zada düşünmän başgalar ýaly öňe seredýärdi. Olary näme kösemeli bolsada ol zat batgalygyň içinden gelmelidi. Birden bir ýerlerden aýylganç adam sesi eşidildi we dyzyna çöküp oturanlar dürli tarapa dyr pytrak bodular. Adamlaryň bolşuny görüp melekler hezil edip güldiler. Diňe Mämmet ýerinden bytnaman durdy. Ol bilýärdi, batagalykdan çykan zat, näme bolsada ilki bilen gaçyp gidenleriň yzyndan ýeter we iň soňunda Mämmediň yzyndan geler. Iň soňunda şeýlede boldy. Batgalykdan 4 aýakly uly bir zat towusyp çyldy. Ol zadyň kellesi hem bardy, ýöne tüssäň derdinden gowy görünenokdy. Edil traktoryň çyralary ýaly ýaşyl gözler Mämmediň üstinden ätläp geçip gaçyp barýanlaryň yzyndan ýetdi we olary ýuwutdy. Mämmet yzyna öwürlip bolýan zatlara seretdi. Ala garňkylygyň içinde uly güjüge meňzeş bir zat, gaçýan adamlary kowalap tutup olary ýuwudýardy. Ol jandar demirden ýasalypdy. Özem gaty ir döwür ýasalan bolmaly, sebäbi ol jandar eýýäm poslap başlapdy. Poslan demirden ýasalan äpet köpek. Ýok, ol köpek däl, ol uly syrtlan. Köne demirden ýasalan Syrtlan. Ol syrtlanyň el aýagy ýer gazýan traktoryň penjesini ýatladýardy. Mämmet ony deňinden geçende gowja synlap ýetişdi. Ýöne Syrtlan tutuşlygyna demirden däldi, oň garny aýnadandy, edil äpet akwarýum ýaly dört burç aýnadandy. Şonuň üçin ýuwudan zady daşyndan görnüp durdy. Edil şu wagt bolsa oň garnynyň içinde adamlar bardy, 666 sany adamyň bary oň garnyna sygjakdy. Dogry zordan sygjakdy, ýöne şol hem gowydy. Bu syrtlan laýyk 666 sany adama hyzmat etmek üçin ýasalypdy. Syrtlan uly ses edip batgalygyň ýanyna baryp gaýnap duran ýagdan owutlady. Oň garnynyň içindäkileriň derdi artdy. Olar edil diriligine bişirlýän ýaly elhenç ses etdiler. Olaryň sesleri syrtlanyň çala açylan agyzlaryndan daşyna eşidilýärdi. Batgalygyň içi gynalýanlaryň sesinden doldy. Ýag içip bolup Syrtlan ýene daş töweregini sermäp başlady. Ol adamlaryň hemmesini ýuwutmadygyny bilýärdi. Birden syrtlan birini gören ýaly öňe okduruldy we uzakda kimdir biriniň sesi eşidildi. Gymyldaýan demiriň sesi gynalýan adamlaryň sesini basyp bilenokdy. Adamlar bolsa syrtlanyň garnynda gaýnaýan ýaga ýanýardylar. Mämmet bolsa, bolýan zatlary ýerden bytnap bilmän tomaşa edärdi. Ol bir mahal gaçyp giderdi, ýöne gorky öň el aýagyny baglapdy. Iň soňunda Syrtlan ony hem gördi, ýa-da bolýan zatlary gapdalda synlap duran 19 sany perişdäň biri Mämmedi satdy?


Soňy

Aşgabat 24.11.2019ý

Begli Gowşakow

4 лайков 680 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
02 мар 2023, 09:52
Eee tapdyňmeý? Reňki newela???
#B.S
02 мар 2023, 09:55
- Tagta gerek diýdiňizmi?
- Reňki birhilekleý!
- Abiçno gyzyl reňkli tagta...
Şytaýny gowwören şo multigiň...
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:03
Khanture
- Tagta gerek diýdiňizmi?
- Reňki birhilekleý!
- Abiçno gyzyl reňkli tagta...
Şytaýny gowwören şo multigiň...

Beý diýenoga dosti,
— Bul, gyzyl reňkli tagta...
— diýýärä ))
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:04
Khanture,
Gözi agyrýanlara kömek diýdimlaý )))
#B.S
02 мар 2023, 10:04
Vekil_City,
Sen gowy bileňdeý o multigi! :)
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:06
Khanture
Vekil_City,
Sen gowy bileňdeý o multigi! :)

— Galyberse-de, maňa-da bir iş tapylar. Men içeri işler ministrliginiň düzümine goşulyp, Polisiýaişgäribolaryn...
#B.S
02 мар 2023, 10:10
Vekil_City,
Reňki birhilek diýip bet aýdýa
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:15
Khanture
Vekil_City,
Reňki birhilek diýip bet aýdýa

Olam bet welin, jogabam bet aýdýara )))
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:15
Khanture
Vekil_City,
Reňki birhilek diýip bet aýdýa

Olam bet welin, jogabam bet aýdýara )))