Poeziýa

Poeziýa.

Diýýärler:
Poeziýa – güldürmek üçin däl,
Diýýärler: Poeziýa:
– aglatmak üçin däl.
Şu diýilýän çynmyka?

Aglatmak üçin däl bolsa,
Güldürmek üçin däl bolsa,
Onda ol näm üçinkä –
Öldürmek üçinmikä?

Meniň pikirimçe, Poeziýa
Hemmesinem edip biler.
Kanunyňa mätäç däldir,
Kanuny özi döredip biler.

Agladyp-da biler,
Güldürip-de biler.
Doňduryp-da biler,
Öldürip-de biler.

Ötle damarynyň tutulşy ýaly
hakyda damarňy mynçgalap bilse–
Näme üçin aglatmaly dälmiş?
Erkiňi eliňden alyp,
böwrüňi gyjyklap bilse –
Näm üçin güldürmeli dälmiş.

Poeziýa agladanda
– Görogly ýüregi ýaly
Är ýürekler gözýaşyny
saçjak, saçjak boluberse.
Poeziýa güldürende
– Pyragyň şygry ýaly
Agras gyzlar galkyjyklap,
uçjak, uçjak boluberse.

Diňe şeýle poeziýany
Gudrat bilen deňemek bor.
Diňe ýeriň üstünde däl,
Mazarda-da diňlemek bor.

Sebäbi onuň tohumy
Diňe topragyň üstünden
Däl-de, emilip alynandyr,
Onuň ýedi gat astyndan.

Çyn goşgular – uly agyň,
Uly gülkiň ogludyr.
Ol – Pyragyň şygry ýaly
agras gyzlary güldürer
Ol – Göroglyň batyry ýaly
batyrlary agladar.
Poeziýa –
ýürekden çyksa,
Burundan çykmasa,
Beýniden çyksa,
Garyndan çykmasa –
ýaşamaga ukyplydyr.

Aglatmaga-da,
Güldürmäge-de,
Doňdurmaga-da,
Öldürmäge-de hukuklydyr.

Agy diýen zady bilmedik merde,
Müň ölümden geçip, ölmedik merde
Bir goşgy okap berseň –
Ol aglasa;
Ezizi uruşdan gelmedik sona,
Otuz bäş ýyl bäri gülmedik sona
Bir goşgy okap berseň –
Ol gülse;
Döwlet pulun gemrip, çalaran beýnä,
Mesliginden bögürip, dälirän beýnä
Bir goşgy okap berseň –
Ol ölse,
Ýa ölümiň bäri ýanyna gelse –
Onda şeýle Poeziýanyň
Tüýs Poeziýa boldugydyr
Şahyryň öz bäşýyllyk planyny
hem-de borçnamasyny
Bir günde doldugydyr.
Ýöne welin
agynyň agydan,
Gülkiniň hem gülküden
Parhynyň ullakandygyn
Bilmelisiň ilki sen.

Poeziýa – ejizi aglatmaly däldir,
Merdi agladyp bilmelidir.
Poeziýa – samsygy güldürmeli däldir,
Akyllyny güldürip bilmelidir.

Akyllyny güldürip bilmeýän,
Merdi agladyp bilmeýän,
Agyr hassany, teý bolmanda,
Dem salym sagaldyp bilmeýän,
Söýülýäni söýýänine
Bir daban golaýladyp bilmeýän
Parhsyz poeziýa –
Ine şodur çap etmäge,
Bir ekzemplýardan artyk köpeltmäge
Haksyz poeziýa.

Kerim Gurbannepesow.
6 лайков 87 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.