Serhoşuň düýşi.

Men betnyşan däl!
Men diňeje beýlekilerden biraz—
owadan däliräk.
Hemem biraz däliräk.
Arzuwlarmam özüm ýaly deliräk.
Men asyr bilen deňiräk,
Ýaşym bolsa seniňkiden kemiräk...
Horlandygym saýy barýan öte semiräp...
Otyrmada geňiräp,
Maňa meýdan yzlaşsana.
Oňa adam sygmasyn hiç
Bolsun emma adam kimin giňiräk!
Ýöräp soňna ýetilmesin,
Ýöne onuň çägi welin,
Göz ýetimden ötülmesin.
Yrananda ýykylmasyn,
Jaýam gurgun şeýleräk.
Bu gün-ä şenbe däl,
Ertir düýnki günden yzda,
Düýn nirede?
Şu dara-direde,
Uraýsaňda... arman...
haýpym gelýär elimdäki pilede.
Geçersiň diýp ýollara
Gurnamadym hilede.
Häzir tomus titreýärin,
Ýa men heniz çykmadymmy çilleden?!
Parran geçen kelleden,
Men gurşuny öldürdim.
Özüm ölmedim diýip,
Üstümdenem güldürdim.
"Ýok" diledim "Hawa"-dan,
Jyklady üçünji kişi.
Kimkän gulak gabardan,
Ýokmukan başga işi?
Senem eliň çermede,
Yzym bilen ýörsene.
Bu bezzatlaň bolşuny,
Agzyň bilen görsene.
Soňam yzyňa gelip,
Gözüň bilen gürlärsiň.
Onsoň barja baýlygyň
Bolarsyň täk hojaýny.
Mawzer kimin arlarsyň,
Arslanlary awlarsyň.
Soňam aňlarsyň...
Soňam aglarsyň...
Ýa-da keýpiň çaglarsyň.
Sen bilýäňmi ho-ol ýerde,
Selle geýen Papa bar.
Görjek bolsaň ertekä
Açylmaýan gapa bar.
Duşmanlarym gyýylar,
Tapylmasa çüýşejigme gapagam.
Gana meňzeş suwuny,
Damdyrypdyr köýnegme.
Ýogsam mende ganam ýokla.
Dogulamda akydyp,
Göbegenem hapa ganymy ýoklan.
Üzümiň gany akýar,
Hany indi ýokmy-how,
Bir ýekeje gapajyk?
Çalýan ýokla çapajyk,
Meniň oýnan roluma.
Könelişen donuma,
Sygyp baranok indi
Munça bolan täzelik
Bu gün tomus, erte güýz,
A men bolsa belleýärin täze ýyl...
Bahar gelse merdemlener
Täleýim...
Men betnyşan däl,
Men diňeje beýlekilerden biraz—
owadan däliräk.
Häsýetimem däliräk,
Arzuwlarmam özüm ýaly deliräk.
Men asyr bilen deňiräk,
Ýaşym bolsa seniňkiden kemiräk...
Horlandygym saýy barýan öte semiräp...

Şyhnazar Durdyýew.
7 лайков 168 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
06 мар 2023, 07:34
Rep öýdýän bi. Özüň ýazdyňmy, gowy bolupdyr'aý birhili. Gulaga ýakymly eşidilýä

"Parran geçen kelleden,
Men gurşuny öldürdim.
Özüm ölmedim diýip,
Üstümdenem güldürdim.
"Ýok" diledim "Hawa"-dan,"

- şu ýerleri hasam gowy bolupdyr.
Edepli Gödek
Автор 06 мар 2023, 07:36
Гость,
Howwa "rep" ))
Perman Izakow
06 мар 2023, 08:52
_Bayat,
Gaty gowy
ssaparay
06 мар 2023, 14:31
Dyrdyýewmi Durdyýewmi?
Belki
06 мар 2023, 15:03
Gowy bolupdyr. Berekella!
Edepli Gödek
Автор 06 мар 2023, 20:47
ssaparay,
Durdyýew)