AGLAMA.

Ol gün ‘’eneler günüdi’’. Ogly başga şäherde işleýärdi
Emma her ýyl ‘’eneler gününde’’ ogly hökmän gelip ejesini gutlardy. Bu sebäpli ol gün hem irden turup öýi arassalap, gowy naharlar bişirmäne başlapdyr. Sebäbi oglunyň hökman geljekdigine ynanýardy. Ýoldaşy bolsa irden turup işe gidipdir. Emma bir ters ýagdaý bardy. Ogly ne jaň edipdir nede habar edipdir. Eýsem her ýyl ‘’eneler gününde’’ ir bilen ogly jaň eder we işden rugsat aldym bugün barýan diýer eken. Oglyndan bolsa hiçhili habar ýok. Ýöne ogluna jaň edip ony birahat etmek hem islemändir. Belkäm işi bardyr ýa-da rugsat alyp bilen däldir diýip pikir edipdir. Ýöne içinden: ‘’ şonda-da käşgä bir habar etsedi’’ diýipdir. Netijede ene ýüregi. Wagtyň geçmegi bilen agşam hem düşüp başlapdyr. Telefonyna jaň gelipdir. Bir görse ogly jaň edýär. Begenjinden derrew telefony açypdyr:

Ogly: ‘’ Eje salam gowumy ýagdaýlaryňyz?’’
Ejesi: ‘’ Hudaýa şükür oglum biz gowy. Özüň nähili?’’
Ogly: ‘’ Menem gowy ejejan. Neme birzat aýtmakçydym!’’
Ejesi: ‘’ Aýdyber oglym diňleýärin’’
Ogly: ‘’ Eje men işden rugsat aldym. Emma size baryp biljek däl. Sebäbi biri bar, gaty mähirli we bişirýän naharlaram seniň naharlaryňça bar. Onuň bilen duşuşmana gitmekçi’’
Ejesi bolsa birden birhili bolup näme diýjegini bilmän :
‘’ Zyýany ýok oglum. Esasy zat seniň bagtyň. Sen bagtly bolsaň bolýar. Onuň ady näme?’’
Ogly: ‘’ Eje adyny soň aýdaryn. Şuwagtlyk gizlin galsyn’’ diýipdir.
Onýança gapy kakylypdyr.
Ejesi: ‘’ Oglum garaş kakaň geldi öýtýän men gapyny açaýyn’’.
Ejesi baryp gapyny açypdyr, bir görse ogly elinde telefon bilen ýylgyryp gapyda dur. Ejesi begenjinden näme diyjegini bilmän gözleri dolup aglap başlapdyr.
Ogly: ‘’ Eje aglama! Meniň üçin dünýädäki iň mähirli aýal sen. Seniň bişirýän naharlaryňdan başga süyji nahar ýok’’ diýipdir.

Hawa, ejelerimiz. Bizi her ýagdaýymyzda duýup bilýän , aramyz ummasyz daş hem bolsa biziň ýüreklerimizi duýup bilýändirler. Biziň üçin janlaryny bermäne hemişe taýyndyrlar. Gije keselläp ýatsak başujymyzdan aýrylman, özleri uklaman irdenä çenli garaşarlar. Saçakda bir bölek çörek bolsa, özleri iýmän çagalaryna iýdirerler. Ejeler hakynda näçe ýazmak isleseňiz ýazybermeli. Soňy gelmez. Sebäbi ejelerimiz biziň gahrymanlarymyz. Biziň gözümizden akjak bir damja ýaşa ýürekleri çydamaz. Emma biziň başymyza kyn ýagdaý gelse onda ýürekleri suw bolýança aglarlar. Biz bir aglasak olar müň aglarlar. Asyl mesele beýle gahryman ejelerimiziň gadyryny bilýärismi?

Soňky döwürler ejelere garşy görkezilýän sylag hormat has üýtgedi. Ejesine söz gaýtarýan, hat-da gynansagam ejesine el galdyrýan adamlar hem bar. Heýem beýle zat bolarmy? Halk içinde aýdylýan söz bardyr. Hemmämiz bilýändirs. Käbäm enem. Eneler mukaddesdir. Eýsem biz nähili sylag-hormat görkezýäris? Asyl mesele bu. Hemmäňiz beýtýändirsiňiz diýemok. Emma ejesi birzat diýse gaşyny çatyp, gaharlanyp ters jogap berýänler hem bar. Emma ejelerimiz biziň erbetligimizi islemezler. Olar hemişe biziň iň gowy ýagdaýda ýaşamagymyz, bagtymyzy islärler. Bu sebäpli hiçwagt ejelerimiziň göwnüne degmäliň.

Belkäm bu ýazgyny okaýanlaryň arasynda maşgalasyndan daşda okaýan, işleýänler hem bardyr. Wagt tapdygymyzça ejelerimize jaň edeliň. Baýramçylykda, doglan gününde, ‘’ eneler gününde’’ jaň edip gutlalyň. Ýöne ýatdan çykarmalyň bir ýylyň bir güni ‘’ eneler güni’’ diýip agzalýan bolsada, ýylyň her güni eneler günidir. Olary göwnüne degjek sözler aýtmalyň we iň esasy zat olary ýagny ejelerimiz-enelerimizi hiçwagt aglatmalyň!
9 лайков 107 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.