Seret, ýene yagyş ýagýar-a Ezizim!

Senli doly ýatlamalaň sandygyn,
Gyşda garlar,  ýazda ýagyş dörjeýär...

Seret, ýene ýagyş ýagýar-a Ezizim!

Jana ýakymly bahar paslynda bu yagdaý seniň üçin adaty bolmagy mümkindir. Belki...
Emma, her sapar ýagyş damjalaryny seçeläp başlanda, özümi has başgaça duýýan. Göýä, meniň sensiz geçýän gussaly günlerime asmanyňam ýüregi gyýylýan ýaly... Şuwagt diýmegiň mümkin, "Biz bile wagtymyzda-da ýagýady...". Hawa, ol dogry. Ýöne biz bile bagtly wagtymyz, asman biziň bagtymyza bagtdan gözün ýaşlaýady. Indi... Indi sen ýok, senli boljak ajap günlerem ýok. Emma, senli bolan ajap günleri, ýatlamalary diýsene... Hatda seniň beren gussalaryň-da, meniň üçin köp zatlardan gymmatly ahyry!

Seret, ýene ýagyş ýagýar-a Ezizim!

Bu ýagyşyň her kim üçin aýratyn täsiri bardyr. Gör, kimler ýagşy synlap meniň yaly ýatlamalar ummanyna gark bolup barýandyr. A kimler bolsa: "Ýagýar ýagyş... Göýä bizi duşurmak üçin..." diýip Annaguly aganyň aýdymyna hiňlenip, öz bagty sary barýandyr... Sebäbi, her sapar ýagyş ýaganda ol aýdymy ýatlamaýan az-az bolsa gerek. Maňa bolsa:

"Sen bilýänem dälsiň, sojagaz pursat
Bu gursaga aýdym bolup gireniň..."

diýen ýeri has-da ýakymlydy. Sebäbi sen gursagyma aýdym däl-de, ylham bolup giripdiň. Özäm nähili ylham, diýsene?! Serimi sermest eýläp, bihuş eden ylhamdyň sen! Baky, tükenmejek ylhamdyň sen!

Seret, ýene ýagyş ýagýar-a Ezizim!

Her sapar köçe boýy gidip barýan saýawanlylary görenimde, özümiňem bir wagtlar seniň üçin "saýawan" bolmakçydygym hakydamda janlanýar. Hawa, saýawan bolmakçydym men. Özäm, hut seniň bagtyň üçin saýawan bolmakçydym. Yşgym bilen saýawan bolmakçydym men... "Yşk" atly saýawanmyzyň astynda Seni her bir del pikirlerden, del gözlerden, del duýgulardan gorajakdym. Emma, indi...

Ýollar aýra bolup, bolsa-da soňy,
Seň bagtyňa doga kyljak aýa bar.
Seň dünýäň güneşli, meňki ýagyşly
Bolar ikimizde aýry saýawan...


Seret, ýene ýagyş ýagýar-a Ezizim...!


Ylham GURBANALYÝEW
6 лайков 124 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nury
22 мар 2023, 17:20
Men-ä her gezek ýagyş ýaganda: ,,Ýagyş ýagýar, ýagýar seni ýatladyp..." diýen setirlere hiňlenenimem duýman galýan...
Karkara
22 мар 2023, 17:41
Iň gowy görýän howam, ýagyşly howa)
Mümkin
22 мар 2023, 19:26
"Seret, ýene ýagyş ýagýar-a, ezizim!" setirinde bir bogun artykmaç. Bulam okyjyny büdredýär.
Özäm däl-de özem bolmaly.
Yşgyñ däl-de yşkyñ bolmaly.

Oýlanmañ duýgysy ýaman däl. Soñundaky bent şowly çykypdyr. Üstünlik!
Venus
Автор 22 мар 2023, 22:43
Mümkin,
Salam. Belliklerňiz üçin minnetdar. Sagboluň. Arhiwimi dörjeläp durkam, birden öňümden çykypdy öňräk. Bugün şeýle howa bolansoň paýlaşaýaýyn diýdim.
Pegas
23 мар 2023, 06:07
"Ezizim"-i kiçi harp bilen ýazaweri, Ylham)
Venus
Автор 23 мар 2023, 07:12
Pegas,
Bolýa bolýa)