Soňky jaň goşgylary gerek

Dostlar maňa sonky jaňa degişli goşgular, mugallymlara degişli goşgular gerek.Haýyş kömek edäýiň
0 лайков 16 198 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
31 мар 2023, 16:49
Mugt zakaz almaýa bardaki şahyrlar
Sypayy
Автор 31 мар 2023, 16:54
Zakaz edemok öň ýazylan goşgular bardy özüm gözläp tapmadym
Owrenyan
31 мар 2023, 17:17
SOŇKY JAŇ ÜÇIN

«Altyn asyr» etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 10-njy klaslarynyň soňky jaň dabarasyna bagyşlanyp ýazylan goşgy.

Eziz mugallymlar, minnetdar size
Edep-ekram, bilim berenňiz üçin.
Bu gün ak patany berýäňiz bize,
Hakyky halypa bolanňyz üçin.

Kalbyňyz päk, bize bakdyňyz gülüp,
Ylym öwretdiňiz köräp hem ýanyp,
Siz – ylym çeşmesi, içdik biz ganyp,
Sag boluň mähirli bolanňyz üçin.

Siz bolduňyz ýüreklere basalyk,
Biz ýalňyşsak, siz gezdiňiz peselip,
Saçyňyz agardy işläp, kösenip,
Durmuşyň ýoluna atarmak üçin.
96
Bize sarp etdiňiz zehiniň baryn,
Biz üçin açdyňyz älemiň syryn,
Begençden, gynançdan tolgunyp durun,
Biz üçin kakylan soňky jaň üçin.

Çary Aýnazarow
24.05.2008 ý.
Owrenyan
31 мар 2023, 17:27
Mekdep ýyllarym

Şeýle çalt geçdi-le ol hezil döwrüm,
Şol mekdep ýyllarym, mekdep ýyllarym.
Ondan bäri geçdi nijebir öwrüm,
Şol mekdep ýyllarym mekdep ýyllarym.

Eljagazym gülli äden ädimim,
“Ak mekdebim” ilki aýdan aýdymym,
Ondan bäri ýyllar ätdi ädimin,
Ýatlaýaryn geçen mekdep ýyllarym,

Hany ol oglanlar, klasdaş gyzlar,
Hersini bir ýana dargatdy ýyllar,
Neneň oňat eken şol ajap günler,
Şol ajap günlerim mekdep ýyllarym.

Duýmazdyk neneňsi geçenin wagtyň,
Soňy bar ekeni bu ajap bagtyň,
Indi oňat bilýäs gadryn şol wagtyň,
Iň ajap günlerim mekdep ýyllarym.

Bir pursat dolanyp bolsady yza,
Baş egip çökerdim öňünde dyza,
Çünki edep berdiň, öwretdiň bize,
Köp-köp sag boluň siz, mugallymlarym!

Öwez aýdar ýatlap geçen günlerim,
Waspyn sözlär bu sadaja dillerim,
Küýsär, idär seni gara gözlerim,
Wah mekdep ýyllarym mekdep ýyllarym…

Öwezbatyr Çaryýew
Owrenyan
31 мар 2023, 17:32
Mekdebim

Öñki adamlardan kim bar o taýda,
Ýaş hünärmen bolup gatnan mekdebim.
Diýip: «Halypalar sana goşaýsa»,
Çekine-çekine ätlän mekdebim.
Gurbany gitdigim, «Goçgar ata», how,
Saña mañlaý diräp, geçdik ençe ýol,
14-nji mekdep,
ýanyñ demir ýol,
Şäher durmuşynda taplan mekdebim.
O günler geçipdir keýgiñ şahynda,
Galypdyr ýatlama huşuñ gatynda,
Şol döwrüñ gapysyn gülüp açamda,
Henizem göwnümi şatlan mekdebim.
Ýaşlygym–sarç atym,
hyjuwdan doly,
Saña sapylypdyr jigermiñ ýoly.
Göwnüme, henizem çagyrýan ýaly,
Zehinim peltesin otlan mekdebim.

Aýgül Pirliýewa
14.03.2020 ý.
Owrenyan
31 мар 2023, 17:38
Soňky jaň kakyldy ýapyldy işik

Soňky jaň kakyldy ýapyldy işik,
Mekdep döwri ynha bolupdy tamam.
Herkim öz ýoluna aýagyn urup,
Durmuş ýodasyna bolýarlar rowan.

Soňky jaň kakyldy ýapyldy işik,
Gözlerde döredip monjyk deý ýaşy.
Mähirden, şatlykdan dolan günleriň,
Köpleriň biledi şol döwür aşy.

Şeýle gün bolmajak ýalydy göýä,
Aklada gelmändi aýra düşjegmiz.
On ýyl bir klasda okan deň duşlam,
Päk bolsun hemişe ýagty geljegňiz.

Tamam boldy aýra indi barymyz,
Geçmejek günlerem geçip dur sizsiz.
Göwün ýene gaýdyp barmak isleýär,
Ýöne peýdasy ýok aglaýar sessiz.

Mekdebem açypdyr ýene gapysyn,
Bizden soňam ençe gezek ýapypdyr.
Köpler täze ýola gadamyn urup,
Köpler öz bagtyny şonda tapypdyr.

Ýatlamalaň aňyrsyna çykma ýok,
Ak mekdebim saňa geldim salama.
Sen bolsa öňkiňdeý ýene agladyp,
Ýüzlerçesin salýaň ýola rowana.

Mähek Myradowa
Gerceknazar
31 мар 2023, 20:04
Eziz klasdaşlarym

Ýada düşýär ýenede şol ajaýyp günlerim
Ýada düşýär ýenede meniň mekdep ýyllarym
Unutmaryn men sizi
Sizem unutmaň bizi
Belent bolsun başlaryň,eziz klasdaşlarym

Ol gyzlar geçip gitdi bir ajaýyp düýş ýaly
Oglanlar -gyzlar bolup oýnaýardyk walboly
Bir-biregi söýerdik ,dogan ýaly görerdik
Ol gyzlaryň yzynda bolardyk meždun däli

Bu gün bolsa zalym pelek bir-birekden
aýyrdy
Herimizem özimizem bir kär tutdyk haýyrly
Käbirlermiz talyp bolup täze okuwa girdik
Soňra ýarymyz bilen bagtyýar döwran sürdik

Ýada düşýär ýenede şol ajaýyp günlerim
Ýada düşýär ýenede meniň mekdep ýyllarym
Unutmaryn men sizi ,sizem unutmaň bizi
Belent bolsun başlaryň
Uzak bolsun ýaşlaryň
Oňna bolsun işleriň
Eziz klasdaşlarym!

Gerçeknazar Amannazarow
Gerceknazar
31 мар 2023, 20:04
Hoş gal eziz mekdebim

Bir mekdepde bile okap,bile geçdi ýaşlygymyz
Hoş gal eziz klasdaşlam,hoş gal eziz mekdebim
Bize täze giň ýol açdy dörtligimiz ,bäşligimiz
Hoş gal eziz deňi duşlar ,hoş gal eziz mekdebim

Gör biz bu gün uçurym biz ellermizde bägüller
Mekdep seniň goýnuňda geçirdik biz nä günler
Göýä uçar guş kimin uçup gitdi aý-ýyllar
Hoş gal çagalyk ýyllam,hoş gal eziz mekdebim

On ýyl bile gülişip oýnardyk biz şadyýan
Günler nähili geçdi ýa düýşmidi ýa duman ?
Mugallymlar öňde durup okatdylar ýadaman
Hoş gal eziz mugallymlar ,hoş gal eziz mekdebim

Gerçeknazar Amannazarow
Gerceknazar
31 мар 2023, 20:04
Soňky jaň

Iň soňky jaň
Soňky pursat
Soňky gün
Soňky gezek seň saýaňa geldik biz
Biz uçurym ellermizde çemen gül
Gör gadyrňy bu gün bilip galdyk biz

On ýyl okap ,on ýyl bile oýnadyk
Bir-biregiň didaryndan doýmadyp
Yşga düşüp bilbil kimin saýradyk
Hem goýnuňda ylym-bilim aldyk biz

Ýüregim aglaýar ,gözlerim gülýär
Bu ajy aýralyk kalbymy dilýär
Her adama ömür bir gezek gelýär
Bu ömürde näme edip bildik biz

Hoş gal klasdaşlar,hoş gal mekdebim
Bu gün senden aýrylmaly boldyk biz

Gerçeknazar Amannazarow
Gerceknazar
31 мар 2023, 20:05
setdars
Mugt zakaz almaýa bardaki şahyrlar

Mugt zakaz alýanam bar arasynda :)
S❤
31 мар 2023, 20:31
Owrenyan Gerceknazar
Ugradan gosgularynyz ucin kop sagbolun. Mana-da peydasy deger
Sypayy
Автор 31 мар 2023, 21:56
Owrenyan atly agza. Sagbol Tanry yalkasyn.
Sypayy
Автор 31 мар 2023, 21:58
Gerçeknazar sizem Sagbolun Tanry yalkasyn
Gerceknazar
01 апр 2023, 15:40
Noýabroglany
Gerçeknazar sizem Sagbolun Tanry yalkasyn

Sizem sag boluň . Bile ýalkasyn.
bahryalniz prenses
23 май 2023, 07:01
govy eken gosgular sps kop kop??