BOLAÝJAK GEŇ ZATLAR (parodiýa)

“Gel, söhbet edeli agzymyz ýumup”
B.Gökleňow


Gözümizi ýumup göreli kino,
Agzymyzy ýumup aýdym aýdaly.
Elimizi daňyp ýüzeli suwda,
Derýaň aňyrsyna baryp-gaýdaly.

Ylgaşaly aýagmyzy duşaklap,
Işdämizi kesip, iýeli owkat.

Zowladaly öýkenmizi aýyryp,
Gowzadaly gapyrgalaň arasyn.
Ýüregmizi aýryp goşgy ýazaly,
Okan halamasyn ýa-da halasyn.

Parhy näme,
Çyksa bolýa ýazanmyz.
Bizem poeziýadan galmarys çetde.
Agzymyzy ýumup söhbet ederis,
Redaktor gözün ýumup gol çekse...


✏Atamyrat ATABAÝEW
7 лайков 274 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
05 апр 2023, 18:24
Bolup duran geň zatlar.
Гость
06 апр 2023, 07:57
...?
Retro
Retro
06 апр 2023, 12:48
Pegas,
Sen goşgularyňy şeýle bir halamaýan men. Sebäp, şol bir stil, şol bir many, şol bir dert, şol bir ahy-nala.... Indi geleli başga zada: seniň goşgularyň muşdaklary hem şol bir dert, şol bir ahy-naladaky adamlar. Meniň sözüm: Bir derdi(şol bir derdi) owadanlap ýa-da her hili edip aýtmaga ukyp, ylham diýilenok. Derdiň dermanyny aýtmaga, tapmaga - ine muňa ukyp-başarnyk, ylham diýse bolar.
Derdi owadanlap diýmek ylham däl. Dert bu ýöne dermany munda. Bizem bilýäs betgabtlyk bar, söýgüden ýanma bar. Emma "Ýol" näme? Dert bar, emma dermany näme??.... Ähli goşgularyň gowşak, gowy ýazmagy başaraňok.....
Pegas
Автор 06 апр 2023, 13:53
Retro, eser okyja derdi, problemany görkezýär. Derman bolmak borjuna girenok eseriň. Kimdir birini tankytlajak bolsaň, öz başyň çykmaýan, töweregindenem baryp bilmeýän zadyň bilen tankytlajak bolmaly däl. Ol seni gülkünç, oňaýsyz ýagdaýda goýar. :)
Retro
Retro
06 апр 2023, 14:11
Pegas,
Ol problemany hemme bilýär. Hemmede bar. Şol bir zady eýlesine öwürip beýlesine öwürip aýtmaklyk gülkünç aslynda. Derdi hemme bilýär, biler bolsaň dermanyny aýtmaly.

Onsaňam :) sen eýýäm ýalňyş gürlediň. Men seni tankytlamok. Ýagny "kimdir birini" diýipsiň. Seni tankytlajak bolsaň sen barada aýtmaly bolýa(onam aýdyp bolýa, bu eýýäm başga gürrüň). Men seniň şahyrçylygyňy, goşgularyňy tankytlaýan, şahsyýet däl.
Sen meni gülkünç halda görýän bolsaň pikirlenişiňe döneýin diýýärä öňem biri...Sebäp: başyň çykmaýan, töweregindenem baryp bilmeýän diýipsiň. A sen dünýä inmäkaň öwrendiňmi, öwrendim diýip pikir etýän bolsaň onda ýalňyşýaň. Seniň bu ylhamlaryňa, goşgularyňa tankyt bermek üçin edebiýaty içgin öwrenmek ýa-da içine doly girmek düýbünden zerur däl, gaýybana öwrenmek-töweregine barmak ýeterlik....
Retro
Retro
06 апр 2023, 14:14
Derman bolmak "borç" diýmedim. Derdi hemme bilýär, dermany nirede-diýdim. Başarýaňmy dermanyny görkez. Derdi owadanlap, köp sanly sinonimleşdirmek ukyp başarnyk däl....
Pegas
Автор 06 апр 2023, 14:32
Retro, ýene bir gezek gaýtalaýan. Özem bu gezegem ýene türkmençe gaýtalaýan: eseriň borjy - derdi beýan etmek, görkezmek. Dermanyny okyjyň özi tapsyn. Edebiýatyň içinde ýaşap ýörenler tankyt etsin eseri. Gaýybana öwrenäýer ýaly, sen ne geniý, ne-de bir goşgulardan aňlaýan bir adaty adam. Sebäbi sen ilkinji sözlemiňdäki “Sen goşgularyňy şeýle bir halamaýan men” diýen sözleriň bilenem goşga, edebi tankyda näderejede düşünýändigiňi görkezdiň. :)

Üstesine, aljyrap, meň goşgym däl mowzukda meň goşgularyma bellik eden bolmaňam, meň şahsyýetimemi ýa goşgularymamy bu bahaň, ap-aýdyň subutnama dälmi?! :)))
Retro
Retro
06 апр 2023, 21:25
Pegas,
Ahow türkmen, men manysyna düşünmän aýdamok. Bilýän manysyna düşünýän bir topar sinoninleşen goşgulara. Menem diýýän: şol bir zady sinonimleşdirip, owadanlap gaýtalamak hünär däl, hemme bilýär o derdi, hemmede bar....
Ukyp başarjaňlyk derdi owadanlap aýtmak däl, dermanyny tapmak. Ine şu sebäpden gowşakdygyny aýtýan. Başarjaňlygyňy dermanyny tapjak bolubam synap görseň nätýä, emma başarmaýanlygyňy aýtýan.

Dermany islän, başaran tapar; islemedik, başarmadyk tapmaz. Ýenede diýmeli bolýan: ukyp başarnyk dermanyny tapmak...

Men aljyraýanmy?.. :) Ýalňyşýaň onda sen. “Sen goşgularyňy şeýle bir halamaýan men” diýmegim birinjiden bu mowzukdaky goşgy seniňki däldigi üçin we men saňa diňe öz ýazanlaryňa ýüzlenendigimi bildirmek üçin.. Seniň goşgyň däl mowzukda bellik etmekligi ara alýaňmy?.. Ok, esasy zat blog seňki. Men seniň bir ýa-da iki goşgyňa bellik edemok, ählisine tarap bu bellik. Onsaň tapawudy näme blogdaky goşgy seňki boldy/bolmady? Esasy blog seniňki....
Pegas
Автор 06 апр 2023, 21:29
Retro, ýagşam bir bilýän ekeniň goşgy bilen goşgyň tapawudyny... )))
Retro
Retro
06 апр 2023, 21:34
Pegas,
Pffff hehhehhe...

Bu eýýäm başga gürrüň. Şu zakaz alyp goşgy ýazýanlara düşünemok. "Ylham" diýilýän zady çagyrybam getirip bolýamy ýa-da islemeseň getirmän(ýada kowubam) bolýamy?? Eger şeýle bolsa günlerde bir gün gudrat bolup internet ýok bolsa men goşgy dostawka hyzmatyny açjak....erbet pikir däl şu...
Pegas
Автор 06 апр 2023, 21:37
Retro
Pegas,
Pffff hehhehhe...

Bu eýýäm başga gürrüň. Şu zakaz alyp goşgy ýazýanlara düşünemok. "Ylham" diýilýän zady çagyrybam getirip bolýamy ýa-da islemeseň getirmän(ýada kowubam) bolýamy?? Eger şeýle bolsa günlerde bir gün gudrat bolup internet ýok bolsa men goşgy dostawka hyzmatyny açjak....erbet pikir däl şu...

Ony zakaz alýanlara aýt.
Oglan
20 сен 2023, 21:37
Menä dermany lukmanlar, tebipler aýtýamyka diýýädim...