Iki ses

Okap täsirlenen bir ýazgynyň täzeden işlenmesi.
Özüm üçin edipdim.
Siz bilenem paýlaşmak isledim.
Bu iki sesi diňläň.


IKI SES

Bu jennetiň sesi:
-Eý, Rabbym!
Eçil maňa wada edenleriňi.
Men taýyn indi.
Taýyn: otaglarym,
ýüpek hüllelerim,
mahmal we merjen hünjülerim.
Taýyn: kümüş, altynlarym,
tagty-rowanlarym
düşeklerim,
gap-gaçlarym,
münere ulaglarym,
içgilerim, bal, süýt we suwlarym.
Ählisi taýyn.
Ýerine ýetir wadaňy,
mynasyplary iberde indi,
Rabbym, şatlandyr meni.

Bu jähennemiň sesi:
–Ýene ýokmy?
Doýamok!

Bukawlar, zynjyrlar,
alawlaýan ot, gyrmyzy köz.
Iriň we ganly köller
köpeldikçe köpeldi.
Zyňyldy kenara
kül bolan beden.
Et ördi süňke
Azap täzeden.
Ses gelýär
jähennimiň düýbünden:
-Käşkä, dünýä dolansak täzeden!
-Käşkä, aýdylanlara gulak assadyk!
-Ýalbarýan! Bir günlik derdimi ýeňlet!
Perýat yzyna perýat
Zebani meleginiň ýüzi elhenç.
Süýrenýär zekat bermedik
dört aýakda,
iýmiti iriň, zakgun.
Ine, köz ýuwudýar
ýetim malyny iýen.
Agyr ýüke çydaman iňleýär
amanada hyýanat eden.
Agzy gyşardy pitneçiň
dili hem perişan.
Töhmetçi
Zalym
Bularyň halam
ýürek gyýyjy.
Göbegi boýundan uzyn,
ne turýar,
ne oturýar,
puldan pul gazanan
süýthor.
Haramy saýgarmadyk
porsy läş iýýär
täzesi barka.
Batga batýar
dat edip iňleýär
zynagär...

Bu jähennemiň sesi:
–Ýene ýokmy?
Doýamok!

© MANGO. 2010

Surat: Ieronim BOSH. «Dowzah» kartinasynyň fragmenti.

Çeşmesi: https://edebiyat.clan.su/news/iki_ses/2023-04-09-913.
1 лайков 95 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
10 апр 2023, 15:43
Awtoryny bilip bolmazmyka