,,Aýalda akyl bolmaz eşekde şekil'' nakyla düşündüriş

Arada şu nakylyñ üstünde kan çekeleşik gitdi. Aslynda bu nakylyñ aýdylşy,, AÝALDA AKAL BOLMAZ EŞEKDE SEKIL"
AKAL- bu aşaky dodagyñ ortasynda bityan incejik sakal.. muña akal diyilya
SEKIL- bu atyñ dyzy bn toynagnyñ arasynda bolyan ak reñkli zolak. Bu eşekde gabat gelmeya
Akyl dälde Akal
Şekil dälde Sekil bolmaly
bu gysgaca şeylerak..
düşündirip bilendirin diyip umyt etyan
8 лайков 567 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
Автор 20 апр 2023, 00:31
Aýallary kemsitýañde eşegi kemsitýañ boluşup oturmañ
Kemsidilyan zat yok eken bu yerde
Garabufer
20 апр 2023, 00:43
Akal ýoklugny nakyla salyp aýtmandada bilerdik , (munyň ýalňyşyrak bolaýmasa)
Ýa bu nakyly ýazan adamyň döwirdeş aýallary sakally sarmykly boldumyka, (gözöňmö gelýä Annajemal daýzaň akaly ýok bolany üçin , sakalny sypap , bazara barýar )
ssaparay
20 апр 2023, 01:18
"Ejelerimiziň pikir göýdük" diýip yzyndanam "Aýalda akyl bolmaz" diýen nakyl bar" diýileni üçin açylypdy ol mowzuk. Özüm-ä kän bir nakyllara esaslanyp ýöremok. Nämäň esasynda, kim tarapyndan aýdylany belli däl zatlary tutaryk edinmek göwnüme suw içirip baranok. Iki agyz gürrüň giden milletiň aýal-gyzlarynyň aklyny ölçäp durmagynada ses çykarman durup bilmedim. Düşündiriş üçin minnetdar!
RelaX
20 апр 2023, 04:12
hemmä deñ paýlanan zat akyl mende az diýip dawa edip ýörenä ýok ...
#B.S
20 апр 2023, 04:53
Ýegenujy ýagydyr, ýagam bolsa gowudyr, diýen gürriňiňem asyl manysy başga zat diýp gürrüň beripdiler ...
Ahmet
20 апр 2023, 07:17
Ýetimi ýetip ur, ýetip urmasaň atyp ur — nakyl näme onda ))
Ahmet
20 апр 2023, 07:18
Ýetim görgüli ýetimligä hiç welin, il (halk) tarapyndanam halanylmaýan eken...
Ahmet
20 апр 2023, 07:30
Hamala ýetimdigine ýetimiň özi günäkär ýaly :(
Suleyman
20 апр 2023, 09:04
Seň aýdan nakylyňy men birinji gezek eşidýän.

Gaýtalap aýdýan , dogry ýa-da nädogry diýemok, birinji gezek eşidýän diýdim..

Üstüme gaýdaýmaň
Yusup
20 апр 2023, 09:31
Dark_Wolf,

:D
Garabufer
20 апр 2023, 12:41
Vekil_City,
Ýetime ýetip eçil, ýetip bilmeseň tutup eçil
Garabufer
20 апр 2023, 12:42
Dark_Wolf, :)
Pegas
20 апр 2023, 14:18
Khanture
Ýegenujy ýagydyr, ýagam bolsa gowudyr, diýen gürriňiňem asyl manysy başga zat diýp gürrüň beripdiler ...

"Ýegen uja ýa:gydyr, ýa:gam bolsa gowudyr" bolmaly o söz.
Uja — oňurga süňküniň ujundaky artyp duran bölek süňk, türre. "Şonuň ýa:gy hem bolsa gowudyr" diýen manysy bar.
Yusup
20 апр 2023, 14:37
Yegen ujy yagydyr yagam bolsa gowydyr. Yagny yagy bolanda ustune yagy chozdy diyyaler. Dayylaryna dert bolyalar yegenler derdem bolsa gowy. Durmushdan mysal alayyn ozunizem )))
Yusup
20 апр 2023, 14:40
Vekil_City,

Yetimi yetip ur yetip urmasan atyp ur. Atyp urup bolanok olenson nadip urjak. Yetimi yetip komek et diymek ur sozi. Eger yetip urmasan arkana atyp ur goterde soygule manyny berya
Ahmet
20 апр 2023, 17:00
Seksopotolog..........
Vekil_City,

Yetimi yetip ur yetip urmasan atyp ur. Atyp urup bolanok olenson nadip urjak. Yetimi yetip komek et diymek ur sozi. Eger yetip urmasan arkana atyp ur goterde soygule manyny berya

Maňa başgaça teswirläp beripdiler. Ýetim — durmuşdan jany ýanan, garyp bolup kösenip ýaşaýanlygy sebäpli güýçli tüýkesme ogrular, deýýuslar, haramzadalar döreýänligi sebäpli şeýle nakyl döräpdir diýen ýaşoklara gabat gelipdim ))
kesirkelle
20 апр 2023, 17:41
Bilip goýan ýagşy keni. Bilemokdm??