ÝENE GIJE, ÝENE KÖNE PIKIRLER…
Käte maňa salam ýollasyň gelse,
Käte bolsa daryganda ýüregiň,
Duýgularňy gül köňlüňe siňdirme,
Duýgularňy syýa bilen elegin!
Käte maňa salam ýollasyň gelse,
Käte bolsa ýekelikde aglaňda,
Seň halyňdan hökman habar alaryn,
Näzik göwnüň ejizlänni aňlamda.
Kä mahallar dünýäň nura çaglaşyp,
Käte-käte ýylgyraňda bagtyňa,
Seni ykbalyma baglamak bilen,
Men ýaşaryn bagtymyza örtüne.
GIJEKI OÝLANMALAR
Durmuşymyň bezegi!
Nirelerden peýda bolduň bagtyma?
Sensiz gaçýar maňa dünýäň gyzygy,
Geçenok-la wagtymam.
Bu gije-de baýguş deýin dikgerip
Otyryn ine.
Gulak goýup sözlerime jikme-jik,
Arzymy diňle!
Äpişgeden jyklaýaňmy,
Çydap bilmän joralaryň jeňine?
Ymyzganyp uklaýaňmy?
Ýa-da meniň garaşýarmyň jaňyma?
Uzynly gün okuwda-da ýadansyň,
Soňam öýe gelseň birgiden iş bar.
(Referat ýazmaly, goşgy düzmeli)
Hamala sen mollumlaryň gözüne,
Unwersal işgär.
…Sabyr käsäm dolup, ahyr jaň edýän,
Zordan pyşyrdaýaň, tutaryk diliň.
Sebäbi ýap-ýaňy uklan ekeniň.
(…Gürlemäge derek şirinden-şirin)
Uklaýyn menem.
***
Ýene gije
Ýene köne pikirler
Gurşadylar heniz juwan başymy.
Hüşgär bolup gezäýmeseň bulardan,
Wagtyndan öň çalartjagam saçyňy.
Zeleli ýok, goý, çalarsa çalarsyn.
Häzir görküm hakda oýlanma derek,
Menziller uzakda obada galan
Ejemdir, kakamy ýatlamak gerek.
Megerem kakam-a işden gelýändir.
Ýol ugrunda dükanda-da säginer.
Ejem bolsa aýmançanyň içinde,
Sygyr sagyp oturandyr häzirem.
Wah, ejemjan hiç üýtgemän geçdi-dä,
Daşymyzda köwejekläp ýörer ol.
Biziň hemmämizden gijiräk uklap,
Ertir irden iň öňürti örer ol.
…Ýene gije.
Ýene köne pikirler.
Şu gün-ä şolara baş goşma derek,
Menziller uzakda obada galan
Ejemdir, kakamy ýatlamak gerek.
DURMUŞ ERTEKI DÄL…
Durmuş erteki däl. Durmuş has täsin.
Onda şatlyk, söýgi, gynanç, gussa bar.
Adam, amanatyn tabşyrandan soň,
Bu dünýä gaýtadan gadam basmaýar.
Gaýtadan almarsyň gülleriň ysyn,
Gaýtadan duýmarsyň säher çygyny.
Geçen günler gaýtalanyp gelmeýär,
Gaýtadan gelmeýär ýaşlyk çaglary.
Şonuň üçin wagtyňyzy tygşytlap,
Zähmet çekiň, goşant goşuň döwüre.
Adamlaryň söýgisini gazanyp,
Adyňyzy rowaýata öwüriň!
Parahat BATYROW,
Mary welaýatynyň
Garagum etrabynyň ýaşaýjysy
Çeşmesi: https://turkmengazet.com/yene-gije-yene-kone-pikirler/. 20.04.2023ý.
Käte bolsa daryganda ýüregiň,
Duýgularňy gül köňlüňe siňdirme,
Duýgularňy syýa bilen elegin!
Käte maňa salam ýollasyň gelse,
Käte bolsa ýekelikde aglaňda,
Seň halyňdan hökman habar alaryn,
Näzik göwnüň ejizlänni aňlamda.
Kä mahallar dünýäň nura çaglaşyp,
Käte-käte ýylgyraňda bagtyňa,
Seni ykbalyma baglamak bilen,
Men ýaşaryn bagtymyza örtüne.
GIJEKI OÝLANMALAR
Durmuşymyň bezegi!
Nirelerden peýda bolduň bagtyma?
Sensiz gaçýar maňa dünýäň gyzygy,
Geçenok-la wagtymam.
Bu gije-de baýguş deýin dikgerip
Otyryn ine.
Gulak goýup sözlerime jikme-jik,
Arzymy diňle!
Äpişgeden jyklaýaňmy,
Çydap bilmän joralaryň jeňine?
Ymyzganyp uklaýaňmy?
Ýa-da meniň garaşýarmyň jaňyma?
Uzynly gün okuwda-da ýadansyň,
Soňam öýe gelseň birgiden iş bar.
(Referat ýazmaly, goşgy düzmeli)
Hamala sen mollumlaryň gözüne,
Unwersal işgär.
…Sabyr käsäm dolup, ahyr jaň edýän,
Zordan pyşyrdaýaň, tutaryk diliň.
Sebäbi ýap-ýaňy uklan ekeniň.
(…Gürlemäge derek şirinden-şirin)
Uklaýyn menem.
***
Ýene gije
Ýene köne pikirler
Gurşadylar heniz juwan başymy.
Hüşgär bolup gezäýmeseň bulardan,
Wagtyndan öň çalartjagam saçyňy.
Zeleli ýok, goý, çalarsa çalarsyn.
Häzir görküm hakda oýlanma derek,
Menziller uzakda obada galan
Ejemdir, kakamy ýatlamak gerek.
Megerem kakam-a işden gelýändir.
Ýol ugrunda dükanda-da säginer.
Ejem bolsa aýmançanyň içinde,
Sygyr sagyp oturandyr häzirem.
Wah, ejemjan hiç üýtgemän geçdi-dä,
Daşymyzda köwejekläp ýörer ol.
Biziň hemmämizden gijiräk uklap,
Ertir irden iň öňürti örer ol.
…Ýene gije.
Ýene köne pikirler.
Şu gün-ä şolara baş goşma derek,
Menziller uzakda obada galan
Ejemdir, kakamy ýatlamak gerek.
DURMUŞ ERTEKI DÄL…
Durmuş erteki däl. Durmuş has täsin.
Onda şatlyk, söýgi, gynanç, gussa bar.
Adam, amanatyn tabşyrandan soň,
Bu dünýä gaýtadan gadam basmaýar.
Gaýtadan almarsyň gülleriň ysyn,
Gaýtadan duýmarsyň säher çygyny.
Geçen günler gaýtalanyp gelmeýär,
Gaýtadan gelmeýär ýaşlyk çaglary.
Şonuň üçin wagtyňyzy tygşytlap,
Zähmet çekiň, goşant goşuň döwüre.
Adamlaryň söýgisini gazanyp,
Adyňyzy rowaýata öwüriň!
Parahat BATYROW,
Mary welaýatynyň
Garagum etrabynyň ýaşaýjysy
Çeşmesi: https://turkmengazet.com/yene-gije-yene-kone-pikirler/. 20.04.2023ý.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.