GARA ÝYLDYZLAR
Gara ÝYLDYZLAR
(Asly ýyldyzlaryñ reñki gara, soñ Aýa aşyk bolup ýanyp başlaýarlar...)
San ýetmejek ýyldyzlaryñ goýnunda,
Didarlaşýar asman bilen alyslar.
Şugla saçyp goja dünýäñ o:ýunda,
Asly ak däl olar gara ýyldyzlar.
Kiçi göwni bilen söýdi, bir Aýy,
Ol söýgi ýöne däl, düýpden başgady.
Näçe ýakynlaşsa, daşlaşýan ýaly,
Gara ýyldyz öçügsiräp başlady.
Aý hem dogdy ýaý şekilli ýylgyryp,
Emma batan çagy gussa dözmedi.
Alaç ýokdy gaýga çümen ýyldyzyñ,
Aý deý şugla saçmak ýeke çözgüdi.
Belki şonuñ üçin dörän ýyldyzlar,
Aý bilen doganda umyt baglapdyr.
Gowuşmajak söygüñ bakylygyna,
Ýaşan çagy aýralyga aglapdyr.
Ulylygyna aşyk bolan diwana,
Uzaklygyna aşyk bolan görgüli.
Gündiz öçüp, gije ýanyp Aý deýin,
Kada etdi söýgä dolan ömrüni.
Öçmejek umydym basgyn bolaýsa,
Kalbymy bölekläp beresim gelýär.
Eger ähli zatdan asgyn bolaýsam,
Gara ýyldyz deýin ýanasym gelýär.
Jemşit Hajymämmedow
(Asly ýyldyzlaryñ reñki gara, soñ Aýa aşyk bolup ýanyp başlaýarlar...)
San ýetmejek ýyldyzlaryñ goýnunda,
Didarlaşýar asman bilen alyslar.
Şugla saçyp goja dünýäñ o:ýunda,
Asly ak däl olar gara ýyldyzlar.
Kiçi göwni bilen söýdi, bir Aýy,
Ol söýgi ýöne däl, düýpden başgady.
Näçe ýakynlaşsa, daşlaşýan ýaly,
Gara ýyldyz öçügsiräp başlady.
Aý hem dogdy ýaý şekilli ýylgyryp,
Emma batan çagy gussa dözmedi.
Alaç ýokdy gaýga çümen ýyldyzyñ,
Aý deý şugla saçmak ýeke çözgüdi.
Belki şonuñ üçin dörän ýyldyzlar,
Aý bilen doganda umyt baglapdyr.
Gowuşmajak söygüñ bakylygyna,
Ýaşan çagy aýralyga aglapdyr.
Ulylygyna aşyk bolan diwana,
Uzaklygyna aşyk bolan görgüli.
Gündiz öçüp, gije ýanyp Aý deýin,
Kada etdi söýgä dolan ömrüni.
Öçmejek umydym basgyn bolaýsa,
Kalbymy bölekläp beresim gelýär.
Eger ähli zatdan asgyn bolaýsam,
Gara ýyldyz deýin ýanasym gelýär.
Jemşit Hajymämmedow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.