Söhbetdeşligiň bezegi (bolan waka)

Söhbetdeşligiň bezegi (bolan waka)

Obamyzdaky "Sary kary ahun" metjidinde remezan aýynda her gün diýen ýaly agzaçar edilýärdi. Bu gün (ýagny 2012-nji ýylyň sentýabr aýynyň sekizinde) hem şonuň ýaly agzaçarda şeýle waka boldy.
Biz üýşüp metjidiň ýanyndaky jaýyň içinde öňümize suw,hurma,gawun-garpyz alyp agzaçara taýyn bolup oturdyk. Biziň aramyzda oturan Muhammedaly mugallym :
-Eger diňleseňiz size soragym bar -diýdi. Muhammedaly mugallym ençeme ýyldan bäri Gökdepe etrabynyň 8-nji orta mekdebinde mugallymçylyk edýärdi. Ol orta boýly, etli-ganly ,ýaşy ýetmize golaýlan adamdy. Şeýle-de bolsa ol daşyndan kyrk,kyrk bäş ýaşlarynda görünýärdi.Biz Muhammedaly mugallyma gysgaça "Mollum" diýip ýüzlenýärdik. Biz:
-Diňleýäs mollum aýdyber -diýeninden soňra ol bize şeýleräk bir sorag berdi:
-Magtymgulynyň kakasy kim bolupdyr?
-Döwletmämmet Azady.
-Ejesi kim bolupdyr.
-Orazgül.
-Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toparyna Oguz han döwründe näme diýlip atlandyrlypdyr?
Ine bu soraga jogap bermek bize kyn düşdi . Sebäbi biz astronomiýa bilen gyzyklanmaýardyk. Ahyrsoňy Şamyrat dogtar:
-Mollum özüňiz aýdaýsaňyz -diýdi.Şamyrat Isberden obasynyň belli dogtarydy. Ony bu obada tanamaýan adam ýokdy. Ol göwni açyk , degişgen adamdy. Soňra Muhammedaly mugallym öz beren soragyna özi jogap bermeli boldy.
-Oguz han döwründe Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toparyna "Oguz hanyň ýaýy" diýlip atlandyrylýan eken.

Ine şunuň ýaly sorag-jogaply söhbetler hasda gyzykly we manyly bolýar. Ýagny söhbetdeşligiň bezegi sorag-jogapdyr. Sorag-jogapsyz söhbetdeşlik bolup bilermi?

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
2 лайков 175 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
IDEALLIDER
21 апр 2023, 19:32
Jedele öwrülmändir.
Gerceknazar
Автор 21 апр 2023, 19:42
IDEALLIDER,
biz jedeli halamyzoga :)
S❤
21 апр 2023, 19:46
Mugallym sonundan pahim parasat berer dp garasypdym
Pegas
21 апр 2023, 20:16
Muhammedaly mugallym nireden okadyka ony? Subutnama barmyka?
Gerceknazar
Автор 21 апр 2023, 20:17
Pegas
Muhammedaly mugallym nireden okadyka ony? Subutnama barmyka?

Mekdep kitaplaryndan okan bolaýmasa.
Bentner
21 апр 2023, 20:36
Isberden obasy Gokdepedemi
Gerceknazar
Автор 21 апр 2023, 20:58
Bendtner,
Howwa öňki ady Telman.
kesirkelle
21 апр 2023, 21:13
2012iñ orazasymy. Baý gyzgyn bolardow o döwürler. Sogabam kop bolsa gerek ýöne. Dodagyñ bir birine ýelmeşip günem depäñi deşip barýandyr. Indi birhili hezil. Gyşa süýşip barýar. Şertlerem gowlanýar. Ýöne ooo dowürler haas kop sogap gazanan ýaly bolup dur.

Gerceknazar, goşgularñy halaýan diýsem ýalançy. Kopusini okadym diysem ýalançy welin, her gezek obañyzy görkezyan 《Isbirden》 ýazgyny okamda awtomat sen kella gelýäñ:)
kesirkelle
21 апр 2023, 21:19
Wiý how sentýabrdymy ýa. Men iýun-iýula awgusta düşen orazalary goz öñünde tutupdym.