Durmuş sapagy (bolan waka)

Durmuş sapagy (bolan waka)

Näme üçin mydama ulylaryň sözi dogry bolýar?
Bu gün (2017-nji ýyl) men adatdakylar ýaly tor arassalap durdym. Şol wagt Tirkiş agamyň ýany bilen işdeşleri bize balyk almana geldiler. Salamdan soň olaryň biri maňa ýüzlenip:
- Jigim tory sag tarapdan başlasaň gowy parýatgalap bolýandyr -diýdi. Men onuň sebäbinem soramadymam. Men tor arassalamagy öňdenem bilýär, onuň bolsa tor diýilýän zady kän görmedige meňzeýär. Men oňa "Bolýar" diýdimde içimden "Şular gidýänçä diýenini eden bolaýyn ,gideninden soň arkaýyn işlärindä" diýip öz ýanymdan pikir ýöretdim. Agamyň işdeşleri 3-4 kile balyk aldylarda kän eglenmän ugramak bilen boldylar.
Soň-soň seredip otursam ýaňky adamyň aýdany dogry bolup çykdy. Oňa siz ynanmarsyňyz , sebäbi oňa meniň özümem örän kynlyk bilen ynandym. We özümiň entek öwrenmeli zatlarymyň juda köpdügine göz ýetirdim .
Hormatly okaýjylar! Allatagalanyň bize synag edip ýaradan wagtlaýyn dünýäsinde sapak alarlyk her dürli gyzykly we manyly wakalar biziň her birimiziň durmuşymyzda yzygiderli gaýtalanyp dur. Biziň bolsa ony duýmagymyz,görmegimiz , bilmegimiz we ondan özümize durmuş sapaklaryny almagymyz gerek.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
1 лайков 373 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
22 апр 2023, 22:33
Ulylaň aydanny ediň, eger uly adam yok bolsa meň aydanymy ediň! ??