Ýagşynyň köňlünde kine az bolar....
Dek düýn “Ýagşynyň köňlünde kine az bolar” setirlerine gözüm düşdi. Oýlandym. Magtymguly bu setirinde näme diýjek bolduka? Näme esasda ýazdyka? Käşge, şol döwre gidip akyldar bilen gürleşip bolsady. Ýok, ýalňyşdym. Käşge beýik akyldaryň özüni bu döwre getirip bolsady. Arzuw eden ajap eýýamyny görüp gözi çyglanjagy welin ap-aýdyň... Wah, şeýdip arzuwlaryň içinden arzuwlara çümme gylygym bar-da.
Hawa, Magtymguly “ýagşylyk etmek, ýagşy adam we ýagşy gylyk häsiýet” hakynda ýek-tük agzamandyr. Mesele:
Ýagşylykda ile özün tanadan,
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Meň pikirimçe, ýagşylyk etmek pul baýlygyň, mal-mülkiň bilen ýoksuly geýindirip-iýdirmek bolanokmyka diýýän. Ýa-da kömege mätäç bolup, senden goldaw sorap gelseler, dilegini bitirseň olam ýagşylyk bolup baranok. Ýagşylyk, seniň şol birine kömek berip biljek derejäňe nädip ýeten bolsaň geçen ýoluňy olarada öwretmek, olary kämilleşdirmek, ösdürmekdir. Ýagny, şondan soňra onuň dileg etmezligine, goldawa mätäç bolmazlygyna sebäp bolmakdyr. Magtymguly atamyz hem bu babatda:
Alym ýagşysy alymdyr,
Amal etmese zalymdyr
- diýip belleýär. Beýle diýilse-de, baýlar kömek edýän, iş berýän äheňinde ýoksullary, pakyr-pukaralary gapysynda işledip, olary özüne garaşly “hyzmatkärlerine” öwürmekleri hem ýalňyşlykdyr. Ol ýagşylyk bolanok-da, başga bir ejiziň mätäçliginden ugur alyp, onuň şahsy erkinligine zeper ýetirip öz bähbidiňe laýyklapjyk ulanmak bolýar. Beýle adamlar özüni ýagşylyk edýän, ýagşy gylykly, ýagşy adam diýip iliň gözünde özlerini tanatjak bolýarlar.
Ýagşylyk ynsan ömrüne nur bolup çaýylýar. Ýagşylyk eden soň ony derýa atan ýaly ýadyňdan çykarmaly. Hezreti Osmanyň belleýşi ýaly, “edýän günä işlerimizi gizleýşimiz ýaly, edýän ýagşylyklarymyzy hem gizlemegimiz gerek”. Ine, şu ýerde bolsa, Pyragynyň “Ýagşynyň köňlünde kine az bolar” setiri jüpüne düşýär duruberýär. Kine-diňe namart adama gelişýär. Diýmek, namart adama gelişýän bolsa onda ony diňe göwni galmak, öýke diýip düşünmek ýöntemräk. Ol kalbyň päkligini, ynsanylyk, mähir we söýgi kimin ýagşy duýgularyň ýagşy köňüllerde bolmalydygyny ýaňzydýan ýaly... Ýagşynyň köňli “Diňe Allanyň ryzasy üçin ýagşylyk” edip ýörmelem däl. Islendik kyn işiň gymmaty uly bolýar, kynçylyk bilen edilen ýagşylygyň hem sogaby uly bolmalydyr. Ýöne sogabynyň uly-kiçiligini ölçäp sogaba görä hasap-hesipli ýagşylyk etjek bolup ýörmegem gelişjek zat däl.
Maddy taýdan kömek, ylym-bilim babatda kämilleşmekden daşary hem ruhy goldaw barada-da durup geçsem, ýene akyldara ýüzlenesim gelýär: “ Ýagşy derde düşer, aglar ýamana”. Bir adamyň ruhy dünýäsini giňeldip, göwnüniň aram tapmagyna, jaý bolmagyna kömek edip bilseň, sondan ulam ýagşylyk bolup bilermi eýsem? Ruhy çuňluga ýetmegi üçin ýoluň ugrunda beriljek kämillik sapagy, ana iň uly ajaýyplyk. Ýagşylyk köpräk edeliň, ýamanlyga az ýol berilsin. Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitabyndaky “ Nämedir bir zada eýe bolmak üçin nämedir bir zat bermeli: ýagşylyk isleseň, ýagşylyk et! Biz durmuşda öz şekilimizi görýäris. Berenimizi alýarys, ekenimizi orýarys” setirleri gaty jaýdardyr. Ata-babalarymyzyň aýtmaklaryna görä ýagşylygyň üçinem, ýamanlygyň üçinem hakyňy şu dünýäde bererler. Goý, ynsan ömürlerini ýagşylyklar bezesin!
Her bir setiri çuňlaşdyrdygyň saýyn çuňlaşyp gidýän, filosofiki garaýyşlary çogup duran paýhasyň hem, pähimiň ogly akyldar, dana Beýik Pyraga sylagym, sarpam uludyr.
Köňülleriň, döwürleriň şahyry,
Hyýallarda baky ýaşa, Pyragy!
Arzuw beslän döwrüň geldi ahyry,
Ýurduň abat, iliň abat, Pyragy!
Geljegi, geçmişi, şu güni duýän,
Adamzat kalbyny haýrana goýan,
Halkyny ezizläp Gün kibi çoýan,
Paýhasyň oglusyň beýik Pyragy!
Wagty parran böwsüp geçýär pelsepäň,
Ölçäre gural ýok, sözýetmezdir aň,
Köňli röwşen tapýar, sygynýar ynsan,
Ajap dünýäň zergäri sen, Pyragy,
Köňüllerde baky ýaşa, Pyragy!
Leýli Amanowa

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.