Söýgi

SÖÝGI
(hekaýa)

Daglara agşam düşdi. Men özümde ullakan ýeňillik duýýardym. Dup –dury açyk gök reňkli asman agşam bolup daş – töweregimi gaplaýan ýalydy. Ellerimi giňden açyp, asmany gujaklasym geldi. Ýöne deňizde ýüzýändirin öýtdüm. Asman agşam bolup, daglara düşýärdi, men asmany gujaklajak bolup, deňizde ýüzýärdim. Bu nähili şadyýan hem aladasyz pursatdy. Ýa “asman topugymdan” diýýän wagtlary şu ýagdaýa düşüp görýärmikäler? Meniň ýüregim birsyhly gozgalaň tapyp gidýärdi. Ýöne şol başagaýlykda-da men bir zady unudamokdym. Ol maňa gerekdi, edil howa ýaly, asman ýaly, deňiz ýaly gerekdi. Ol maňa diýseň mähriban, diýseň ezizdi. Eger ony tapaýsam, hiç haçan ýanymdan goýberjek däldim. Ellerinden berk tutup, öz ýanymdan ýöretjekdim. Ol maňa gerekdi. Men onsuz ýalňyzdym. Ýekedim. Gorkakdym. Meni ol ýokdur öýden ýerlem gorkuzýardy. Şu giden ümmülmez asman, asmanyň aňyrsyndaky älem, ýaýylyp ýatan meýdan, meýdanyň içindäki şäher maňa onsuz biderekdi, manysyzdy. Iň şadyýan pursatymam onuň ýoklugy baradaky pikir kellämden çykmady. Edil syrly hem-de mekir dönük kimin hanjary bilen ýüregimi dildi durdy. Ähmiýet bermedik boldum. Öz ýalanyma özüm berlip, ýene asmany topugyma düşürjek bolup durşuma, kimdir biri töweregime golaýlady. Şo wagt onuň şaňňyrdaýan şaý – sepleri ýa-da şowurdaýan ketenisi ýokdy. Şo wagt ol diňe garalyp duran kölegedi. Ädim urşundan çen tutsaň, men ýaly gorkakdy ýa-da bir zada ikirjiňlenýärdi. Men oňa: “Gorkma” diýjek boldum. Ýöne birden ýüregim gürsüldedi-de, ondan özümiň gorkýanymy aňdym. Aýaklarym gowşap başlady. Indi dem alşym özüme-de eşidilýärdi. Eger bozman, meni şu ýagdaýda goýsalar, şo durşuma daş heýkele öwrülerdim. “Gorky adama güýç berýär” diýýärler. Ýöne gorkýan wagtyň güýçlenmek üçin wagt gerek. Kimler üçin bu wagt tutuş ömrüne deň bolsa, kimler üçin göz açyp ýumasy salym ýeterlik. Men gorkymdan ýaňa sowukganly bolmaga başladym. Hut gorky duýgusy meni batyr, çekinmezek adam etdi. Biziň aramyzda 3-4 metr bardy. Ony oňatja synlaýyn diýsem, aramyza beýik daglar düşüp, aýagymyzyň aşagyndaky ýaşyl meýdan uzaldy-da, edil tigir ýaly pyrlanmaga başlady. Diňe şol kölege bilen men ýere kakylan çüý ýaly butnawsyz durdyk. Men şonda bu täsin pursatyň ählijesiniň kirpik çalşyp – çalyşmanka bolup geçendigine düşündim. Sowukganlylyk bilen akyl – huşum ýerine geldi. Asman belende, deňizler dagyň aňyrsyna, daglar bolsa aýagymyň aşagyndaky meýdana düşdüler. Haýsymyzyň ilkinji bolup, birek – biregiň ýanyna barandygymyzy anyk aýdyp biljek däl. Megerem, şo wagt akyl – huşum doly ýerine gelmedik borly. Bilemok. Ýöne asmandaky Aýyň ýagtysyna ol kölägini birinji gezek oňat görendigimi welin bilýärin. Men ony görenimden özüme ýakyn hasapladym. “Biz barlyşarys, men bilýän” diýip ýylgyrdym. Şo pursat ähli zat ýadymdan çykdy. Şo çaka çenli çeken ýekeligimem, özümi ýalňyz duýup ýörendigimem, kimdir birini gözleýändigimem, onsuz özümi terk edilen ýaly duýýandygymam ýadymdan çykdy. Sebäbi men indi ýeke däldim. Ýeke däldigim üçinem gorkamokdym. Men özüm pikir etmezden, birden ähli zatlaryň eýesine öwrüldim duruberdim. Içimdäki häkimiýet duýgusy biziň duran daglarymyzy beýgeltdi, meýdanlarymyzy uzaltdy, meýdandaky ýaşyl otlary gözelleşdirdi. Men şatlykdan hahahaýlap güldüm-de, gözümi göge dikdim. Ýöne gökdäki Aý daşdady, Aýy ak gülýaka edinen asman ondanam daşdady. Bolsa, bolup geçsin, häzir meniň bu zatlara wagtym ýok – diýip, men öňümdäki durana açgözlük bilen seretdim.
- Salam – diýip, ol gülümjiredi. Onuň iki sany ýogyn örüm saçlary öňüne atylandy. Megerem, şu saçlar üçin ol kölege ýaly bolup görnen bolaýmasyn diýen pikir kelläme geldi. Saçlarynyň uzynlygyny ölçejek bolup, olary gözüm bilen yzarlaýarkam, onuň aýakýalaňaç durandygyny gördüm. Bada-bat öz aýaklaryma esetdim. Görsem, meniňem aýagym ýalaňaç ekeni. Meýdanyň çyg otlaryndan bölejikler kä ýeri gara laý bolup duran aýagyma ýelmeşipdir. Ondan kim bolýandygyny soradym öýdýän. Soramadyk bolmagymam ahmal. - Seniň gelmegiň bilen men aýagymyň ýalaňaçdygyna düşündim – diýip, henizem ýalaňaç aýaklarymdan gözümi aýyrman aýdyşdyrdym. Ol sesini çykarmady. Nähilidir bir güýç meni oňa tarap itekleýärdi. Meniň şeýlebir oňa ýakyn bolasym gelýärdi. Onuň bilen goşulşasym, bir bitewilige öwrülesim gelýärdi. Şeýtsem, men bu ýakynlyk duýgusyndan gutulaýjak ýalydym. Bu ýandyryp – gowrup alyp barýan mähribanlygyň soňuna çykaýjak ýalydym. Göz öňümde olam men ýaly şu asmanyň içinde ýüzjek bolýardy. Ýüzjek bolup, ikiýana owsun atýardy. Ýeňiljek ýelek kimin pyrlanyp, asmana uçup gitmegine uzyn örüm saçlary päsgelçilik döredýärdi. Olar asmana garyşyp gidäýjek bu näzik zadyň agramyny artdyryp, edil gazyk kimin ýere baglap goýýardylar. Şeýdip, ol näçe owsun atsa-da, asmana göterilibilmän, alaçsyz halda menden haraý gözläp durdy. Men şo pursat özüme erk etjek bolup, ýene sowukganly boljak bolup dyrjaşýardym. Ýöne bu eýýäm maňa başardanokdy. Bu eýýäm meniň üçin ähmiýetsizdi. Ol, hamana, kebelegi daşynda pyrlaýan ot ýaly özüne çekýärdi. Men, elbetde, kebelek däldim. Kebelek otda ýanyp, kül bolýança saklanmazdy. Men bolsa içimdäki howruň bedenime ornap, ony gowuşgynsyz etmäge başlandygyny aňsamam, ýanmajagymy bilýärdim. Onuň ýyly demi, hut, ot ýaly ýyly demi meniň içimdäki ýalny köşeşdirýärdi, kem – kemden öçürýärdi. Ana, şuňa “ot bilen ody öçürmek” diýýärdiler. Ana, şo meniň söýgime tarap birinji ädimimdi.
- Seret! – diýip, men oňa daş – töweregimizdäki beýik daglary görkezdim. – Seret, bu meniň şalygym. Men şu ýerlerde ýaşaýaryn. Hanha, ho dag meniň çagalyk dostum, onuň aňyrsynda ullakan deňiz bar. Biz o deňizde basym ýüzüp göreris. Sen ýüzüp bilýäňmi? Hä, ýüzüp bileňokmy? Zyýany ýok. Men saňa öwrederin. – Ynha, şu giňişlik bolsa – diýen wagtym giňişlik bilen deňeşdirenimde, ellerimiň örän kiçijekdigi gözüme ildi, ýöne men derrew özüme ele aldym – şu giňişligiň bary meniňki, hemmesi maňa degişli – diýip, onuň nähili pikir edýändigini biljek bolup gözümi dikdim. Men ondan şatlyk we maňa bolan buýsanç duýgusyna garaşýardym, onuň göz öňünde beýik hem-de barly adam bolup görnesim gelýärdi. Ýöne haýran galaýmaly, ol maňa ýadyrgap seredýärdi. Garaşyşymyň tersine, onuň gözlerinde buýsanç däl-de, gahar bardy. Üstesine şo gahar haýsydyr bir ynanmazlyk duýgusy bilen garyşyp gidýärdi. O duýgular bizi birek – birege ýat adama öwrüp barýardy. Ýakynlygymyzy egsip, düşünişmezlik hetdine çenli ýetip barýardy. Men şo pursat ony gorkuzandygyma düşündim. Şunça ýollary geçip, şunça ýodalary külterlän näzenini gorkuzyp bilendigim özüme-de geňdi. Men ikimiz üçinem gowusy bolsun diýdim ahyryn. Ony özüme ýakynlaşdyrjak bolup, tas özümden daşlaşdyran ekenim-dä, diýmek...
- Ýöne...Görýäňmi, hol asmany? Ol meniňki däl. Ondaky ýyldyzlaram meniňki däl. Asla...asla hiç zat meniňki däl – diýen wagtym eginlerim sallanyp, ysgynym gitdi. Bolanyna görä, oňa içimi bir döküp galaýyn diýdim. Goý, ol meniň ejizdigimi bilsin. Goý, ol meniň kimdigimi tanap goýsun. Meni öwünjeň paňkelledir öýtmesin. Barybir, menden daşlaşjak bolsa, hakykaty bilip gitsin. Şular ýaly pikirler meni gamlandyrdy. Şol gamgynlygyň içinde ýene kimdir birini gözleýändigim ýadyma düşjek boldy. Dogrudanam, men kimdir birini gözleýärdim ahyryn. Munuň gelmegi bilen men ony unudaýypdyryn diýen pikirlere berlip, onuň hereketsiz duran kölegesinden başlap, tä duýgudaşlykdan doly gözlerine çenli seretdim. Onuň gözleri ýanyp durdy. Hälki ýadyrgama hem-de ynamsyzlyk duýgusyndan nam – nyşan ýokdy. Asmandaky Aý goşalanýardy-da, onuň gözlerine düşýärdi, birde-de ol ýarty tegelek bolup, näzeniniň gabaklaryny örtýärdi. Men gözlerime ynanman, ukudan açyljak bolýan ýaly, dowamly kellämi silkeledim. Peýdasyz. Näçe asyrlardan soň bizi şu görnüşde suratlandyrarlar, elbetde. Biz şu görnüşde bir gamgyn ýazyjynyň düýşüne gireris. Men-ä kellesini silkeläp duran gara dor at bolaryn, maňa “garga” diýmeklerem mümkin, ol bolsa gözleri tegelek Aý ýaly bolup duran näzenin bolar. Onuň gözlerinden ikimiziň duran ýerimize şöhle düşer-de, asmana uzalyp gidýän uly ýol ýasar. Şo pursat jadylanan ýaly: “Indi ol menden sypmaz” diýip oňa tarap topulanymy bilýärin, ýöne hakykatdanam, “Indi ol menden sypmaz” diýip men aýtdymmykam? Şeýdip, ony gujagyma örän berk gysdym. Şonda men onuň meni beýhuş edýän bir zadynyň bardygyna düşündim-de, o zadyň nämedigini biljek bolup, iki örüm ýogyn saçlaryny, ýüzlerini, gulaklaryny ysgamaga başladym. Şo beýhuş edýän zadyň onuň der ysydygyny wagty bilen aňşyryp bilmedim, sebäbi şol ys zerarly, ony eliňden goýberip ýa ondan aýrylyp bolanokdy.
Daglara ümsümlik aralaşdy. Garaňky öňküsinden goýalyşdy. Asmandaky ýyldyzlar köpelip, başdakysyndan ýiti şöhle saçmaga başladylar. Niredendir bir ýerden bolsa, sorasalar nätanyş, soramasalar maňa tanyş bir owaz gelýärdi. Onuň äheňi gaýgylydy, pessaýdy, birsydyrgyndy. Bu ýagdaý ýene maňa kimdir birini gözleýändigimi ýatlatjak boldy. Näzenin birden gujagymdan boşady-da, aýasy bilen ýaňaklarymy tutdy:
- Ol hakda pikir etme, sen näme üçin özüňi köseýärsiň?- diýip sorady.
- Hakykatdanam, soňky döwürler ol köp ýadyma düşýär – diýip, men oýlandym. – Ýöne näme üçin men ony unudyp bilemokkam?
Näzenin meniň şübheden doly gözlerimi halaman, birleşip duran gür gaşlaryny çytdy. Onuň dodaklary bir zatlar diýjek bolup tirpildedi. Burnunyň deşijekleri giňäp, ak ýaňaklary çekilişdi. Men oňa dözmän, bu halyna seredip bilmän arkama öwrüldim. Şu wagt özüňi bir ýerlere atyp bolýan bolsady. Şu giden ümmülmez meýdanyň içinde, beýik daglaryň arasynda nokat ýaly ýitip bolýan bolsady. Öňler islän wagtym şemala goşulyşyp, eräp bilýärdim, suwa çümüp, täzeden suwdan döräp bilýärdim. Ýöne indi günüm agralyşdy, öňküsinden has kynlaşdy. Garşymdaky zenanyň peýda bolmagy bilen men ýitip bilmeýärin. Ol meni özüne borçly edýär. Indi men jogapkärçilik duýýaryn. Indi hiç haçan mundan gutulyp bolmaz. Eýsem, indi hiç haçan gutulyp bilmezmikäm? Hemişelik şuňa baglanaýarmykam? Şeýleräk pikirler örän köpdi. Öňler ol diňe kimdir birini tapmakdan ybarat bolsa, ol indi kimdir birini taşlamakdan hem ýene-de kimdir birini tapmakdan ybaratdy. Giň jahanyň gözýetimi şo pikirler bilen giňelip gidip otyrdy. Biz bolsa näme etjegimizi bilmän sessiz durdyk. Gije bir ýarymdan agansoň, şular ýaly ümsümlikde kalbym tupandan doldy. Gije bir ýarymdan agansoň, men kalbymdaky tupanyň sesini has oňat eşidýärdim. Eger gündiz bolanam bolsa, daglaryň aňyrsyndaky deňizleriň tolkunlary çyrpynardy. Tolkunlaryň üstünden uçýan ak çarlaklar gygyrşardy. Meýdandaky ýaşyl otlar şygyrdaşardy. Ýöne häzir bularyň hijisem ýokdy. Diňe arkamdaky duran näzenine jogapkär men we meniň ýüregimi elendirýän kimdir birini tapmak baradaky amala aşmaýan arzuwym bardy. Şeýdip näçe wagt duranymyzy bilemok. Asla-da, bu wakalardaky wagty men size gürrüň berýärkäm oýlap tapdym. Ýöne başymdan geçenleri azajygam bolsa wagt bilen aňlatmaly bolsa, men şo pursaty ýüz ýyl wagt aralygy bilen ölçärdim. Arkama öwrülip duranymdan soň, onuň ýüzüni görübilemokdym, emma men ony duýýardym. Onuň iň kiçijek hereketlerine çenli duýýardym we bu ýagdaýa ynanybilemokdym, nädip ony duýýandygyma düşünibilemokdym. Onuň näme hereket edýändigini duýmagym bizi umumylaşdyrdy, birek – birege meňzeş etdi (meňzetdi). Ýöne bu meňzeşlik göwnümi galkyndyrman, tersine, gözleýänimi bular ýaly duýup bilmeýändigim baradaky pikirlere ýazdy. “Gözleýäniň şu bolaýmasyn?” – diýip, ümsümlik pyşyrdady. “Eger ol şu bolsa, onda näme üçin men henizem ony gözleýärin?” – diýip, ümsümlikden soradym. Ol syrly dymdy. Men oňa: “Seniň mençe-de akylyň ýok” – diýip igenjek boldum. Şo pursatda zenanyň maňa has golaýlandygyny gördüm. Biziň kölegelerimiz biri – birine goşulyşyp durdy. Iki kelleli bir göwre ýeriň böwrüne ýazylyp, Aýa tarap uzalyp gidýän ýoluň çetinde ýatyrdy. Zenanyň ýyly demi mylaýym şemal ýaly arkamy sypalaýardy. Öz ýanymdan ýylgyrýan bolsamam, onuň arkamy elleri bilen sypamagyny isläp, hereketsiz durşuma, ownujak galpyldy bedenime ýaýrady. Bu gezek men uzak garaşman, oňa tarap öwrüldim-de, leblerinden sormaga başladym. Indi ot bilen ody öçürmek gerek däldi. Indi ody suw bilen öçürmelidi, teşneligimi gandyrmalydy. Wah, men şo wagt näme edýändigime düşünen bolsadym. Onuň ýüzüme üfleýän deminiň edil jady ýaly, doga ýaly baglaýanyny bilsedim. Ony şo duran ýerinde iýerdim-de gutarardym. Biz ilkibaşda ýetmedik howany posalar kiparlaşansoň, nebsewürlik bilen içimize sorduk. Ol henizem meniň gujagymdady. Men ony tutuşlygyna ýuwdup goýbermek üçin, gelşikli göwresini ellerim bilen saraýardym. Şonda onuň aýaklary titiräp, ýeriň üstünde zordan durýardy. Şeýle halatda ol örän gowuşgynsyzja hemem ejizje zatdy. Megerem, bar güýjüni maňa bagyşalaýan bolmalydy. Garaşylmadyk ýagdaýda ol ysgap durandygyma seretmezden, akja ýüzüni beýle tarapyna öwürdi-de, agzyndan kiçijek togalak miwe çykardy. Miwe Aýyň ýagtysyna ýaldyrap, gara gyzyl öwüsýärdi. Näzenin meniň arkasyny dolap duran ellerimiň gowşanyny aňyp, sypyndy-da, bir eli bilen miwäniň sapagyndan tutup, ikiýana hallanlatdy. Üstesine köpmanyly ýylgyrýardam:
- Bu näme? – diýen wagtym ol alkymyma dykylyp geldi.
- Ülje – diýende onuň gözleri şöhle saçdy. – Eger şuny iýäýsek, ikimiz hasam ýakynlaşarys – diýip owsundy. Onuň iki örüm saçlary öňküsinden uzalyp, edil ýylan ýaly goýnuna dolamaga synanyşýardy. Men kanagat etmän:
- Ýöne biz eýýäm ýakyn ahyryn. Ynha men, ynha-da sen – diýip, oňa duran aralygymyzy ädimläp görkezdim. Aralyk bary – ýogy bir ädimden ybaratdy. Näzenin sesini çykarmasa-da, men onuň närazy garaýşyndan birtopar zatlary okadym. Onuň pyýala ýaly gara gözlerinde daş – töwregimizi gurşap alan daglar goşalanýardy, ýyldyzlar köpelip gidip otyrdy, giňişlik yzyna giňişlik ýaýylyp ýatyrdy...hem-de men şolaryň içinde iki, üç, dört, bäş sany bolup goşalanyp barýardym. Ol gözleri bilen meni köpeltmek isleýändigini aýdýardy. Onuň naýynjar gözlerinde elhenç içgysma bardy. Men köpeldigimiçe, şol içgysma alaçsyzlykdan çykmak isleýän adamyň hiç zada baş bermeýän erk – islegine öwrülip gidýärdi-de, kä haýyş etmek bilen, kä buýruk bermek bilen, kä mejbur etmek bilen meňzeş ýagdaýlary döredýärdi. “Eý – hooww” – diýip, men çydaman gygyrdym:
- Ýeri, bar, seniň diýeniň bolsun. Al, şol üljäni. Bar isleýän zadyň şuny iýmegim dälmi? Ynha, onda iýýän, seret. Sen ýöne soň menden gal, maňa aslyşaýma. Öz ýoluň bilen git, gidersiň gerek? Gidersiň-ä hä?
Ol ýene sesini çykarman başyny atdy. Men şol gara gyzyl üljeden iýenimden soň, hakykatdanam, üýtgedim. Belkem, ol meni şeýtmek bilen jadylandyr. Haýsydyr bir gara güýçleri kömege çagyrandyr, bilemok. Ýöne üljäni iýenimden soň, ony bir gezegem ýanymdan kowjak bolmadym. Onuň bardygy bilen, ýene-de boljakdygy bilen, oňa garşy gaýdyp hiç zat edip bilmejekdigim bilen ylalaşdym. Öňki jogapkärçilik duýgym birden borjuma, borjum bolsa ykbalyma öwrüldi duruberdi. Men diňe bir zat bilen ylalaşmadym. Diňe bir zat aýratynam, şol näzenin ýok wagtynda meni başdaky ýaly elendirýärdi, sessiz urundyrýardy. Diňe bir zat örän agyryly ýagdaýda meniň ýadyma düşýärdi. Kimdir birini gözleýändigimi ýatladýardy. Gözleýänim maňa gerekdi, edil howa ýaly, asman ýaly, deňiz ýaly gerekdi. Ol maňa diýseň mähriban, diýseň ezizdi. Eger ony tapaýsam, hiç haçan ýanymdan goýberjek däldim. Ellerinden berk tutup, öz ýanymdan ýöretjekdim. Ýöne... ýöne men köpeldigimçe, ol meniň durmuşymdan ýitip gitdi. Diňe käwagtlar kimdir birini iş edip, ömrümiň işi edip gözländigim baradaky oýlanmalarym, hyýallarym, göz öňüne getirmelerim galdy.

Bägül ATAÝEWA
1 лайков 76 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.