ÖMRÜME ÝÜZLENME!

— «Ömrüme ýüzlenme» goşgymy ruhuma ýakyn duýýan. Bu goşgyň özeninde duran pikirler gonamçylyga birini jaýlamaga gölegçi bolup baranymyzda döräpdi. Gabryň içki jaýyny ýapmak üçin bir-iki ýüz ädim çemesi aňyrrakdan kerpiç almaga ýöräp barýarkam, «Meniňem-ä jaýym şu basgylap ýören töwereklemde gazylsa gerek» diýip pikir edipdim.

— Näçe ýaşyňyzda ýazylan goşgy?


— Ýigrimi bäş.

Seýitmyrat Geldiýew

ÖMRÜME ÝÜZLENME!

Nepese söýenýän ömrüm!

Ne pese, ne beýige degişli bir adam men.
Düşünmedim kyýamda söm elibe,
Baş çykaryp germesatan “A”-dan men.

Diri wagtym diriligmi duýşum deý,
Soň diri däldigmem bilesim gelýär.
Ýüzüm bolmasa-da, sessiz bolsa-da,
Garaz, bir maý tapyp gülesim gelýär.

Içilmän sowady,
Için sowatdy,

Hum deý çişen böwri gülli çäýnegim.
Aklym dökän-saçan, goşgulam çyrşak,
Çemçesi gemirlen kelle çanagym,
Pikirlermi ýarty berýär, al kakmyş,
Sähetli sekundy gözläp, mazaly.
Men saçym penjeläp pikir edýärin:
Jesedimiň gazylmadyk mazary

Boz meýdanda taba gelip ýatandyr.

A men, ýaşap ýörün taplanyp bilmän.
Tobamy jemläre elim degenok,
Ownuk gussalardan saplanyp bilmän.

Eý, ömrüm, dat, ömrüm, sen nirä ýetdiň,
Guşlukmy, öýlemi, ikindidemiň?!
Seni goşgy bilen uzaltjak bolup,
Demläp goýan çaýyny-da ejemiň
Içibem bilmedim gyzgyny barka.
Ýogsa, men bilýänem, duýýanam ahyr,
Bir gün çaý deý sowajagnam ejemiň -
Men bolaýyn ýa-da bolmaýyn şahyr!

Isle, hala, hala, isleme, ömrüm!
Süňksiz dilim ölkä şunam diýmeli:
Diňe moda üçin däl, eginbaşy,
Aýby-da örtünmek üçin geýmeli.

Biz bu dünýä kynlyk bilen öwrenişdik,
Gyzgyn çaýam, pejem, hatda söýgü-de,
Ikimizem awundyrdy, biz uwnup,
Çydamaly bolduk sojap nijeme
Ah, meslekdeş, senem ýadansyň, gowsy,
Men gürrüň bereýin baryn ejeme.

Birdenem ýuwaşja gapym açyldy,
...Ejem, mährem ejem, eli çäýnekli...
Şu ýerde goşgymy, pikirmi böljek!
Bakyýa, kapyýa her çak tapylar
Ýöne bu pursaty soň edip bolmaz.
Köp çorbasyn sowatsak-da gelinleň,
Ejeleň çaýyny sowadyp bolmaz.

Ejemogly boljak çaý içim salym,

Goý, beýnim sowasyn, meň nä azarym.
Belki, pikirimden owarra bolar
,
Tozap ýatan gazylmadyk mazarym.
1 лайков 151 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 27 июн 2023, 23:56
— Ol wagtlar köpçülik üçin goşgy ýazmak pikirim ýokdy. Şeýle pikiriň bolmanlygy bähbit bolandyr belki. Poeziýa, çyndanam, köpçülik üçin däl eken. Çagalar bagyna gatnadylýan ýyllarymdan ýigrimi bäşime çenliräk özbaşdak surat çekdim. Suratkeşlige meýil bardy. Ýöne ýetginjeklige ýetemsoň, reňklerden söz eziz boldy.
Elif
Автор 27 июн 2023, 23:58
— Poeziýa — sözden, sazdan, reňkden has aňyrdaky duýgy, megerem, soňsuz älem ýaly ömür ýetmeýän, goýnunda ruhuň ýitip gidýän duýgy...
Poeziýany ýürekleriň örän az sanlysy duýýandyr, ýogsa, durmuşda munça düşünişmezlik, agyry-ynjy, aýralyk bolmazdy. Emma, içiň ýanmaly diýýän ýaly, düşünişmezlikden, agyry-ynjydan, aýralykdan soň poeziýanyň serhedine golaý barylýar.
Elif
Автор 28 июн 2023, 00:01
— Poeziýa hemişe şol bir akymdan gelip bilmeýär. Her döwrüň öz ruhy, halkyň edebi rysgy, okyjylaň islegi bolýar. Akyl berýän goşgulaň möwrüti geçen asyryň başynda dyndy. Bu poeziýany öwrenýän zehinli edebiýatçylaryň arasynda-ha şeýle. Ol asyrlardan bäri adamzadyň akyl kemaly kämilleşdi, sowatlylyk artdy. Indi ýürekler duýgudaş setirleri, bolsa-ha, entek duýulmadyk duýgulary oýarýan setirleri küýseýär.
Elif
Автор 28 июн 2023, 00:04
— Söýgi Hudaý ýaly diýsem ters düşünmäň. Söýgi ynanýanlar üçin bar, ynanmaýanlar üçin erteki. Poeziýada bolsa söýgem bar, Hudaýa barýan ýol hem bar, ynam, umyt, romantika, mertlik, ýykylsaň emaý bilen gapjak ylham ganatlara kepil bar. Mukaddes Gurhan goşgy görnüşinde ýazylan, poeziýa behiştiň dili.
Elif
Автор 28 июн 2023, 00:06
— Şahyrçylyk bilen adamçylyk aýry düşünje. Ýöne men birinji warianty – «adamçylygy gowudyr...» diýilmegi saýlardym. Goşgularymyň birinde: «Şahyr diýip aklaýmasam özümi,
Ýalňyşym kändir meň adam hökmünde» diýen setirler bar.
Şahyrlyk edip ýalňyşan, ýalňyşýan ýerlerimiz bar. Gowusy, gowy adam bolmak. Emma poeziýanyň yşkyna düşüp jylawyny goýberen duýgularymyz, pikirlerimiz käbir durmuş düzgünlerine, materialistik düşünjelere ten bermek islemeýär.
Elif
Автор 28 июн 2023, 00:08
— Duýgularyny sowatmazlyk üçin şahyr näme etmeli?

— Örtenmeli. Öte bagtly şahyrlara gowy ýazmak hemişe-de kyn bolupdyr.

— «2011-12-nji ýyllardan soň Seýitmyradyň döredijiligine böwşeňlik aralaşan ýaly, goşgy ýazmagy seýrekledi» diýýäler. Şol ýyllardan bäri ýazyp köpçülige hödürlemedik goşgularyňyz barmy?

— Bar. Metbugatda ýyl boýunça çap edilýän goşgularym hem öňkülere garasaň häzir juda azdyr. Geçen 5-6 ýylda ýazyp okyjylara ýetirmäge het etmedik 50 töweregi goşgularym bar, bölek-bölek setirler, pikirlerem kän.
Elif
Автор 28 июн 2023, 00:13
Seyitmyrat GELDIYEWIŃ Güller ATAYEWA bilen sohbetdeshliginden bolekler