Gül ýetişmänkä-açylmanka... 3-nji bölüm

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 3-nji bölüm.

...Leýli ýene şol öňki ýolundan gaýdanynda, bu gezek onuň ýanyna bir çagajyk geldi hem hatly-konwert ýazylgy şokalady gyza uzatdy. Gyz şokalady çaltlyk bilen açdyda oglanjyga "Al iýseň" diýeninde çaga pikirlenmän şokaladly karobkany garbap-alyp, iýmäge başlady, konwerdi bolsa ýere taşlady we ýene hiç-zat bolmadykýaly ýoluny dowam etdi. Elbetde Leýliniň muşdagy, gowulyk bolmajagyna garaşdy, ýogsa näme, hatda daş hem ereýär. "Daşam bir erärmi!?" diýersiňiz. Emma başga tarapdan pikir edip görüň, daş ereýär. Dogry, daşyň eremegi üçin belki 1000° ýada 1000 ýyl gerek. Gyz daş-däl, şol sebäpli 1000 geregem bolmaz. Şeýle zatlary göz-öňünde tutan gizlin-muşdak hem inniki "Hüjümlere" taýynlyk gördi. Ýene täze gün, ýene Leýli işden çykdy. Bu gezek oglan arzanjak, gowja, owadanja kloun-masgarabaz eşikler alyp, gyzyň öňünden çykmakçy. Gyz belki beýle edeniňe degýändäldirweli, hiçkim-bilen hatda gürleşipgörmedik gyz üçin, ýa-da beter ar-namysly oglan üçin wajyp zatdyr. Bu döwürde beýle adamlar belki ýokdyr, ýöne "Belki"... Şeýlelikde oglan gyzyl burunly, ýüzi ak reňkli, hüžžük-müžžük saçly, gülkünç eşikde ýene gyzyň ýolunda garaşyp dur. Geçýän adamlar bu klouna geňsi seredýäler, a kloun bolsa öz-gezeginde ol adamlary her-hili hereketler bilen güldürýär, ýöne gürlemän diňe hereketler bilen. Gynansakda bu gezek gyz gelmedi... Agşamam düşüp garaňky öz-ganatlaryny şähere ýapyp başlady. Gynanyp ruhdan düşüp başlan oglanyň bagtyna giç-hem bolsa ahyry, gözýetimde Leýli peýda boldy. Howwa, inni näme hereket etmeli!?... Aňyrdan pessaý-messaý ýöräp gelýän gyz ahyry klounyň deňine ýetip ünsli synlamaga başlady. Kloun bolsa her-hili gülküli hereketler, esasanda Çarli Çapliniň hereketleri bilen gyzy güldürmäge synanşýar. Gyz ýöremegini hijem-üýtgetmän çala ýylgyryp Klounyň deňinden geçip başlanynda, Kloun hem Leýli bilen ýöremegini ýuwaşlyk bilen dowam etdi. Howwa, Kloun, öz etjek hereketlerine mazaly taýynlanypdyr. Ol şeýlebir gülkili hereketler edýärweli, Leýli jykyrdyklaýan gülkisini-etmän zordan saklanýar. Uzak wagt ýöreleninden soňra Kloun wagtyň gelenligini bildi we hiç-zat ýok ýerinden bir-hili tilsimler edip ýekeje, emma beter owadan gül çykardy we Leýlä uzatdy. Aý näme, azap edip bildi, belki inni kösemegem gerekdäldir!? Leýli gülmän-ýylgyrman güli kabul edip, sesini çykarman ýoluny dowam etdi. Kloun bolsa ýene ýüzüni sallap galdy...

3-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.
0 лайков 117 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.