Çarhy-pelek / hekaýa

“Çarhy-pelek” diýilýäni.
Aýlanyp dur, bu dünýä.
Şu günki ýaly ýadymda: o günler kakam bardy, kakamyňam sagady.
Öýmüzde apalanyp saklanýan bu sagadyň taryhyny soň-soňlar ejem gürrüň bererdi.
Kakam, altmyşynjy ýyllarda, Leningradda okuwyny gutaryp barýarka, diplom işini ýazypdyr. Mugallymam – jöhit milletiniň adamsy – biçak zabun, öte talapkär ekeni. Özem kakam, fakultetiň ökde talyplarynyň biri bolsa-da, adatça edilişi ýaly, şol mugallymy oňa eglişik etmegiň deregine, gaýta ondan beýlekilere garanyňda bäşbeter artyk talap edipdir.
El-hal, zordan adam bolup ýören deňdeşleriniň diplom işlerini, birinji goralyşykda, ýüzleý soraşdyran bolup kabul etse, kakamyňkyny alty gezek dagy yzyna gaýtarypdyr.
Kakamam enemiň ýarawsyzlygy zerarly, öňem bahymrak okuwyny birýüzli edip, öýüne dolanmaga howlugýan eken. Ahyrsoňy: “Äý, şü sapar-a kabul etse etsin, etmese-de tersinde etsin-laý. Taşlaýyn-da, gaýdaýyn ýurda!” diýen berk niýet bilen kakam, nijema düzedilen diplom işini goltuklap, ýedinji ýola-da mugallymynyň huzuryna barypdyr.
Şonda-da, şol garry jöhit, kakamy ýazan diplom işi boýunça gara dere batyryp, süýt soragyny edipdir. Bu saparam işini gorap, okuwyny abraý bilen tamamlamak tamasyny öz ýanyndan tala daňan kakam, bildiginden jogap beripdir. Içindenem şol gaýtalap durmuş: “Aý boldy-laý, bu gezegem bu ýewreý düňderýä-laý, meni... Haýp ýat şäherde hor-homsulykda geçirilen bäş ýyl...”.
Emma, birdenkä şol mugallymy, onuň nobatdaky soraga berýän jogabynyň arasynda, sende ýok mende, ýerinden turupdyr-da, ilk-ä egnine elini atyp, kakamyň arkasyna “güp-güp” kakypdyr. Soňam: “Спасибо сынок, за терпение и талант! А это прими от чистого сердца, на память обо мне – старике!” diýibem, kakama goşaryndaky “Pobeda” sagadyny sowgat beripdir.
Ine şol, kakamyň özüniňem kän dakynman, öwran-öwran ýumşak mytgaljyk bilen süpürip saklaýan, sarpaly sagadynam, men bir gün, soraşman zat etmän, ejemiň gözüne güýdüşip çildim-de, mekdebe dakynyp gitdim.
Oglanlyk-da.
Her kimiňem ilden üýtgeşik bolasy gelýän döwri-dä.
Baý-baý, ol gün meniň gomalyp, mekdebe sary apaň-apaň gadam urup barşymy görmäge göz gerek, wasp etmäge söz.
Goşarymdaky kemeri ullakan, özem lokga sagat, holp-solp durandygy sebäpli, goluňy aşak sallasaň sypyp gaçjakdan. Gerşim-ä päpgeli. Özümem ýerden ýeke garyş saýlanan, ikinji klasynyň ýaňybir çetini gädip başlan mütrük. Sagadyň sypmazlygy üçin çep penjämi döşümde ýelimlenen ýaly saklap gelýän. Sol elimiň köýneginiň ýeňem tirsege çen çyzgalan – sagat hemmeleriň gözüne dürtülip, sereşlenip durar ýaly.
Günüň şöhlesine olam, bir lowurdaýar, bir lowurdaýar – garagyňy gapyp, gözüň ak ýagyny iýip gelýär.
Pah-pah-pah!
Moh-moh-moh!
Juk-juk-juk!
Ýol beriň-aýt!
Girdeneje “Görogly beg” gelýär, Akdaşaýagyň çagylly köçesinden, goşarynda “Ýeňiş” sagadyny ýaldyradyp!
Töwereginde-de “kyrk ýigit”, jagyl-da-jugul özelenişýärler: “Maňa-da beräý-dä-how, dos! Menem birje sapar dakynyp göräýin-dä-how!”.
Şol barmana-da, çar ýanymda pyrlanýan “nökerleriň” biri, batlyrak süsdümi ýa şol müddet huşumy heýjana getirýän şan-şöhratdan başym aýlanyp, gözüm ýer görmänmi :-), birdenkä büdredim-de, sagat ýere gaçdy. “Içiňi ýakaýyn” diýen ýalam, göni ýüzlügine daşa urlup, aýnasy jaýryldy.
Ber habary.
Depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
“Indi kakam meni näder?!”.
Sagad-a ýerden göterdim-de, göýä, kakam ýa-da ejem gapdalymdan garap duran dek, hiç kime görkezmejek bolup, hasyr-husur jübüme saldym. Özümiňem bir demde depämden dabanyma çenli dolduran nalajylyk duýgusyndan, süňňümi elesledip barýan wehimdir aladadan ýaňa, şo “ullakan” ýaşymdan utanman, ulilim bilen möňňürip, köçäni ýaňlandyryp aglaberesim gelýär...
...Garaz, okuwym gutarýança, sapak bilen serim ýok, iňkise batyp, wagtymy zordan geçirdim. Döwlen sagadam kisämi ýakyp gelýär. Ony, göýä şeýtsem, ol jadyly ertekilerdäki ýaly öz-özünden bejerilip, abatja bolaýjak ýaly, aram-aram, hemmelerden ogrynça çykaryp, barlap görýän.
Düzelme nirden?
Şol döwükligi.
Öýe gaýtdym.
Gelibem, ejeme-de hiç zat aýtmadym. “Birdenkä biri göräýmesin” diýen pikir bilen, sagadam ýerinde goýmadym. Okuw eşigimiň kisesinden öý eşigimiňkä geçirdim-de, tä kakam işden gelýänçä, jübümde ýanyp duran köz saklaýan deý ýanymda göterdim ýördüm. Kakam işden gelýänçä-de, müň ölüp müň direldim.
Ahyry kakam geldi.
Hemişe işden gelse, heziller edip garşy alýan, ylgap öňünden çykýan kakam, şol pille gözüme Ezraýyldan enaýy däl. Onda-da, çaga-da bolsam: “Her sagatda, her pursatda ölüp bilmän üznüksiz ölüp ýörenimden, bir gezek ymykly öleýin-de dynaýyn-laý!” diýen ýaly edip, ýüregimi bire baglandyryn-da, onuň eşigini çalşyp duran otagyna aýgyt bilen hyrçymy dişläp girdim.
Çyn kakalaram näme, hemişe kaka-da – işden geleninden öňküligimiň ýokdugyny syzandyr-da:
-Näm-ow, kürre, buwun näme garagolluk etdiň? Ýaman ýuwaşapsyň-la?!-diýýär. Özem keýpihon gülýär.
“Äý, häzir nämedenimi görseň, bujagaş gülkijigiň-ä ýaman zakonnyý kaput bolýa-laý!” diýip menem, gorkujygyma aýagym saňňyldap duransoň, içimden başga zada ünsümi sowansyran bolýan.
Birdenem nädip, nireden kelläme geldi, edil biri dilime salgy berýän ýaly:
-Kaka,-diýdim-de, oňa naýynjar bakdym:-bir zatjyk aýtsam, gaharyň gelse-de, maňa ýaman erwet käýýemersiň geräm?!
Kakamyň ýüzi üýtgäp gitdi.
Sesini çykarman öý köýnegini geýdi-de, iliklerinem ildirmän, ýanyma golaýlady. Men, şapbatdan gorkyma düýrükdim. Onýança-da kakamyň eli başymy sypady-da, meni özüne garşy çekdi:
-Nämetdiň, kürräm?-diýende, kakamyň sesi näme üçindir boguksy çykdy.
Men näme üçin beýdýändigime özümem düşünmän, özüm üçinem oslagsyz hamsygyp goýberdim. Dessine-de yzymdan ýagy kowalaýan ýaly howlukmaç gürläp ugradym:
-Kaka, men bar-a, şeýtjek bolup şeýtmedim bar-a, birden bar-a, ýaman erbet bar-a, sagadyňy mekdebe dakynasym gelip başlady-da bar-a. Onnoň sen-ä öýde ýokduň. Ejemden sorasamam gygyrar öýdüp, soraman alaýdym-da-raý bar-a. Soňam atdanlykda öz-özi elimden gaçyp, aýnasy döwläýdi-dä, kaka! Men döwjek bolup döwmedim, kaka! Onnoňam kaka, işe gideňde, maşynyňy bejerdýän şo ussaňa äkitseň, ol biziň sagadymyzam bejerip berer-ä, hämi, kaka?!...
Men gyssanjyma hem gorkyma, näme gürleýänime-de doly düşünmän, entegem kän, kän, gaty kän zatlar samrajakdym.
Birdenkä kakam, aşak oturdy-da, meni bagryna basdy. Soňam birazajyk özünden süýşürip, gataňsam bolsa, şo mahal şeýle ýumşak eliniň aýasy bilen ýüz-gözümi süpürişdirdi-de, pyşyrdady:
-Kürräm,-diýdi:-berk bellegin, dünýäň hemmeje sagatlar-a beýlede dursun, owalda-ahyrda nämesi bar bolsa, arzan-gymmat ähli zadyny üýşürip getirip berselerem, siziň hiç haýsyňyzyň ýekeje dyrnagyňyza-da çalyşjak däldirin...

***

Ýyllar ötdi.
Kakamyň pahyr bolanyna otuz ýyldanam köp wagt geçdi.
Özüm kaka-da boldum, saçlarymam çalardy, çagalaryňam ululary ýetişdi.
Bir gün işden geldim. Eşigimi çalyşmaga başladym welin, körpäm gorka-gorka gapydan göründi. Elinde-de apalap saklap ýören noutbugym çalam-çaş.
Ýüregim jigläp gitdi.
Sebäbi, birinjiden-ä, bu noutbuk – serpaý. On bäş ýyl mundan ozal edebiýat bäsleşiginden berlen baýrak. Özem şoňa gatnaşmak üçin hödürlenen powest bijaý agyr, öte hupbatly ýazylypdy.
Ikinjidenem, bu komp – bar mydarym. Hemme ýazan zatlarymam, ýazýan zatlarymam, okaýan, okajak kitaplarymam, hünärim bilen bagly maglumatlaram... – hemmesi şonuň hakydasynda.
Indi, bu sypaty bilen şol maglumatlary dikeldip alyp bolarmy, bolmazmy?
Şu pikir ganymy depäme urdurdy. Gahar-gazapdan ýaňa gözümiň öňi garaňkyrady.
Ýeri, indi ol maglumatlary dikeldip bolmasa, alyp bolmasa näme edersiň?
Ýeri, güýmenmäge, oýnamaga öýde başga kompýuter, smartfon barka, şuny ellemek nämä gerekdi?
Beýnime ot berip, aňymda pyrlanýan bu soraglar, meniň gazabyma hasam meçew berýär.
Körpäm, başymda gopýan gazap harasadyny ýüzümden aňdy öýdýän, kiçijik göwresi bilen birhili düýrükdi-de, naýynjar pyşyrdady:
-Kaka,-diýdi:-bir zatjyk aýtsam, gaharyň gelse-de, maňa ýaman erwet käýýemersiň gerek?!
Kakam...
Bogazym “hyk” boldy.
Ne eýläk, ne beýläk, gepläp bilmän dymyp durun.
Gözümiň öňünde-de başymy sypap, men-bezzady gujaklap oturan kakam pahyr...
Özüme zor salyp ýuwdundym-da, köýnegimiň iliginem ildirmän, garagoluma golaýladym. Ilk-ä garaja galpagyny mähir bilen sypadym. Soň aşak oturdym-da, onymyň delmuryp bakýan gözjagazlaryna dikanlap, pyşyrdadym:
-Kürräm,-diýdim:-berk bellegin, dünýäň hemmeje noutbuklar-a beýlede dursun, owalda-ahyrda nämesi bar bolsa, arzan-gymmat ähli zadyny üýşürip getirip berselerem, siziň hiç haýsyňyzyň ýekeje dyrnagyňyza-da çalyşjak däldirin...
0 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.