Ogultäç Oraztaganowaly edebiýat agşamy
(1-nji bölüm)
Bu gün 2023-nji ýylyň awgust aýynyň altysy. Ine ,bu gün hem paýtagtymyz Aşgabatdyň "Kämil bilim" merkezinde edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynyň bu günki myhmany şahyr Ogultäç Oraztaganowa boldy. Edebiýat agşamynyň açylşyny Myratgeldi şeýle sözler bilen başlady:
-Ilki bilen hemmäňize salam! Geçen duşuşygymyzda döredijilige gelşi barada temalardan başlap, aýratyn goşgylary diňlemäge gelenler bar , galyberse-de goşgular okap berjekleriňiz bar. Şeýle gitmegi maksada laýyk hasaplaýas. Onda näme edebiýat agşamyny "Açyk" diýip yglan edýän.
Zalda şowhunly elçarpyşmalar ýaňlandy . Soňra Ogultäç Oraztaganowa söze başlady :
-Salam mähriban doganlar! Meniň özüm köpçüligiň içinde çykyş edip ýörenem bolsam , şu wagt ilkinji gezek özüm barada gürrüň berjek bolýan. Şonuň üçin biraz aljyraýan. Aýyplaşmaweriň.
Şu ýerde Ogultäç Oraztaganowanyň gysgaça terjimehalyna göz aýlap geçeliň.
Ogultäç Oraztaganowa 1967-nji ýylyň 3-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda doguldy.
1974-nji ýylda şol obadaky 17-nji orta mekdebine kabul edilip , ony 1984-nji ýylda tamamlady. Şol ýyl hem Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girip, 1987-1990-njy ýyllar aralygynda Leningradyň (häzirki Sankt- Peterburguň) Žnadow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirdi we üstünlikli tamamlady .
1990-1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň merkezi mugallymlary kämilleşdiriş institutynda işgär, 1991-1997-nji ýyllarda "Halk sesi" gazetiniň redaksiýasynda habarçy , 1997-1998-nji ýyllarda "Adalat" gazetiniň bölüm redaktory bolup işledi.
1998-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli "Galkynyş" gazetinde bölüm redaktory bolup işledi. Häzir bolsa "Watan" gazetiniň bölüm redaktory wezipesinde işleýär.
Şahyryň döredijilik we durmuş ýoly barada has giňişleýin maglumatlary geliň halypanyň öz dilinden diňläliň:
-Durmuşym barada aýdanymda üç sany oglum bar . Ýokary okuwy gutaryp geldim onsoň "Halk sesi" gazetiniň redaksiýasynda işledim. Agam bardy , Allaberdi Oraztaganow , türkmen dili we türkmen edebiýaty kitaplaryny taýýarlaýardy. Şol meni alym etjek bolup kän heläk boldy . Men oňa diýdim "Men bu çygra sygmaýan , serhetsiziräk men. Serhetliligi halamok " diýdim-dä. Birem häzir meni şeýdýän adamlaram bar ,(diýip ol iki elini aşak göýberdi) şeýdýän adamlaram bar (-diýip iki elini ýokary göterdi.) Onuň üçin men hiç kimi günäkärlämok. Günäkärläbem bolmaýar olary. Men kim üçin gowy?! Düýn jorama "Sen gowy " diýdim-dä . Olam diýdi "Men seň üçin gowy ,pikir etme hemme adamlar üçin gowy däl men ,diňe seniň üçin gowy "diýdi-dä , joramyň şo pikirini gaty haladym. Şoň üçin şahyrlyk meselesinde-de meni şeýle gowy görýänlerem kän. Gijeler ýatman goşgylarymy okaýanlaram kän . Bilýän-dä. Meň özüm ýatamok , gijelerine üçden, dörtden bäri. Onsoň käbirleri halamanam biler meniň goşgylarymy. Esasy durmuşda gowy görýän zadym bar, adamyň hemme arzuwlary amala aşmaýar . Üç sany oglum bar . Allajan näşükür däl. Mydama , durmuşa çykmankamam, gyzy gowy görýärdim. "Meniňem gyzym bolsady" diýip arzuw edýärdim. "Meniň şeýle gyzym bolsa "diýip goşgum bar . Gyzym ýok ýöne gyzy gowy görýän . Şol goşguny okap beräýin.
Şahyr şeýle diýip aşakdaky şygryny okap berdi.
Näçe söýsem az görünse,
Duýgusynda ar görünse,
Gözlerinde Aý görünse,
Meniň şeýle gyzym bolsa!
"Ah!" diýemde duýup bilýän,
Her dem Haka uýup bilýän,
"Käbäm bar-a!" diýip bilýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!
Bir enaýy bagty boljak,
Süleýmanly tagty boljak,
Tüm gijede ýagty boljak,
Meniň eziz gyzym bolsa!
Gözlerinden kuýaş ýagýan,
Ýüreginde Güneş dogýan,
Maňa "Entek sen ýaş!" diýýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!
Bolsun onda dogan, gardaş,
Diýsin: "Gel-ä, bäbek gundaş!",
Gözlemesem başga syrdaş,
Meniň eziz gyzym bolsa!
Belki, eýýäm bardyr sizde!
Şatlyk bolsun ýürek, gözde,
Düşünýän kän ýeke sözde,
Meňem şeýle gyzym bolsa!.
Şowhunly elçarpyşmalardan soň Ogultäç gelneje sözlerini şeýle dowam etdi:
- Meniň özüm öýde aýdym-saz açyp tans etmegi gowy görýän-dä. Şonda çagalarym maňa "Eje, ýaşyňy bir bilýäňmi ?!" diýýärler . Menem "Ýok men entäk ýaş, men entäk garramok" diýýän-dä. Juwanlyk , ýaşlyk ,adamyň ýüreginde bolsa gowyda . Men köp ýyllap eje hakynda kän goşgy ýazdym. Sebäbi meniň şeýle bir mähriban ejem bardy. Hemmeleriň ejesi üýtgeşikdir ýöne meniň ejem gaty üýtgeşik aýaldy. Düşünjelidi, maňa düşünýän ejem bardy. Köplenç ýanymda bolýardy. Şonda ola iş edýärdi , menem goşgy ýazýardym.Ejeme bagyşlan goşgym bar , şony okap beräýin -diýip şahyr ine şu goşgusyny okady.
Uzak gün sen hakda oýlandym ýördüm,
Hüwdüleňden täsin heň ýasap eje!
Eger-de elimden gelýän bolsady,
Direlderdim seni dem ýasap eje
Geň bolup görünýär dogrysy maňa ,
Kakamdanam ýaşynjyrap ýörüşiň.
Elimize synny, keser tutduryp,
Diýýärdiň sen "Wagty geldi ýaryşyň!"
Yzyna dolanmaz indi o günler,
Gapymyza guşlar gelip saýramaz.
Menem ak alaňlaň üstüne çykyp,
Okan goşgym, dumly-duşa ýaýramaz.
Günbe-günden urgusyny peseldip,
Ýüregmiň ýarysy gitdi seň bilen.
Goşgulamdan geçip, şol günden bäri,
Aýdym aýdyp ýörün zaryn ses bilen.
Uzak gün sen hakda oýlandym ýördüm,
Hüwdüleňden täsin heň ýasap eje!
Eger-de elimden gelýän bolsady,
Direlderdim seni dem ýasap eje.
(1-nji bölümiň soňy, Dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.