Dükançy gyza
Obamyň başynda ullakan dükan,
Içinde mylaýym sypaýyja gyz.
Ol ýerde arzuwlam tutundy mekan,
Bir bakyp ýüregme çekipdi ol yz.
Gatnamam ýygylaşdy dükana,
Düşnüksiz duýgular özüne çekip.
Bir dert bolup ýapyşandeý ýakama,
Hiç ganyp bilemok sen gyza bakyp.
Birhili gözüme görünýär yssy,
Sypaýylyk bilen sereden gözler.
Ýeke gün barmasam has içim gysdy,
Barsam dile gelmez aýtmaly sözler.
Ogrynça seredýän günäli ýaly,
Sen gyza ýüregim berenim üçin.
Yşgyňda eýlediň diwana däli,
Bagtly men ýeke gün görenim üçin.
Seniň bolsa mähremligiň ýenede,
Zat sorana berip dursyň gyssanman.
Ahyry ýok alyjylaň gelende,
Süýji sözli ýigitlerden gysganýan.
Her gün barýan ýenede uz bakyşlar,
Garşylar näzenin nazary bilen.
Ýeke sowal şol beýnimi çekişlär,
Tanyş däl ol söýgüm güzeri bilen.
Obamyň başynda ullakan dükan,
Içinde mylaýym sypaýyja gyz.
Ol ýerde ýüregim tutundy mekan,
Söýgi sorap gatnap ýörün yzma yz.
Süleýman Tekäýew
Içinde mylaýym sypaýyja gyz.
Ol ýerde arzuwlam tutundy mekan,
Bir bakyp ýüregme çekipdi ol yz.
Gatnamam ýygylaşdy dükana,
Düşnüksiz duýgular özüne çekip.
Bir dert bolup ýapyşandeý ýakama,
Hiç ganyp bilemok sen gyza bakyp.
Birhili gözüme görünýär yssy,
Sypaýylyk bilen sereden gözler.
Ýeke gün barmasam has içim gysdy,
Barsam dile gelmez aýtmaly sözler.
Ogrynça seredýän günäli ýaly,
Sen gyza ýüregim berenim üçin.
Yşgyňda eýlediň diwana däli,
Bagtly men ýeke gün görenim üçin.
Seniň bolsa mähremligiň ýenede,
Zat sorana berip dursyň gyssanman.
Ahyry ýok alyjylaň gelende,
Süýji sözli ýigitlerden gysganýan.
Her gün barýan ýenede uz bakyşlar,
Garşylar näzenin nazary bilen.
Ýeke sowal şol beýnimi çekişlär,
Tanyş däl ol söýgüm güzeri bilen.
Obamyň başynda ullakan dükan,
Içinde mylaýym sypaýyja gyz.
Ol ýerde ýüregim tutundy mekan,
Söýgi sorap gatnap ýörün yzma yz.
Süleýman Tekäýew
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.