Aý tutulmasy

Gülkilerim bar gözýaşly,
Agymda bar ýylgyryş.
Ýüregim—daş, berdaşly,
Göwnümde bar ýygralyk.
Ruhumda aýralyk bar,
Bedenimde yzalar,
Duýgularym—terkidünýä,
Umydym her gün azalar.
Azaşan hyýallarym bar,
Al asmana uçup barýan
hemem bir egoist bar,
Bu dünýeden göçüp barýan.
***
Men Aýa juda meňzeş,
Ýeke-ýalňyzlygym bilen,
Her kime alyslygym bilen,
Agraslygym bilen,
Ýeňlesligim bilen,
Ýylgyrşym bilen,
Ol ýylgyrşyň arkasyna gizlenen
tegmillerim bilen,
Biraz men-menligim bilen,
Men Aýa juda meňzeş,
Garaňky dünýäm bilen,
Ol tümligi ýagtyltýan şuglam bilen
Men Aýa juda meňzeş,
Güneşi ýitirmäm bilen,
Zemine utulmam bilen,
Tutulmam bilen...
Biz birmenzeş aýry dünýä,
Göýä...

Ölerin men,
Ölümimiz-de meňzeş bolar,
Ruhum Aý deý tutular
we täzeden dogar,
Bedenimi zemine gurban ederin
hem gara ýorganyn ýapyp üstüme,
Baky uka giderin!

Aýsapar EMELOWA
3 лайков 185 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
29 авг 2023, 21:21
Gaýgyly gowy goşgy ekeni .Üstünlik!
Massimus
29 авг 2023, 23:55
Adyňda Aý bolsa aýdan aýrylyp gitjek ýeriň nire. Üstünlik galamyňyza!
Süleýman
30 авг 2023, 11:54
Adam bilen aýyň meňzeşligi barada goşgular bardyr welin men birinji gezek okaýan duýgular çeperçilikli beýan edilipdir üstünlik galamňyza bereket.