Ynam berseň...

Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik,
Ýakyndanam görmändik ýol öterlik.
Emma, seni görmek asla gerek däl,
Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik.

Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içki dünýämiz.
(Öte geçip aýtýandyryn öýdemok,
Başdan meňzeş döredilen dünýä biz)

Söýen ýürek rahat urup bilermi,
sen uzakda gözleriňi ýaşlasaň?!
Bilgin, mende geljek sary umyt bar,
Ejizligi ýola çykman taşlasaň.

Süýji sözler, süýji arzuw edeli
Ajy sözler, kalba neneň çümmejek?!
Men saňa dagdan beýik bagt bermekçi,
Senem ynam berseň, birje çümmüjek!


Ylham GURBANALYÝEW
7 лайков 140 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
26 сен 2023, 23:24
Ajy, awuly, eziýetli käbir zatlary ýatlamak we ýatladýan zatlary okamak...
Şemsimar
30 сен 2023, 21:48
Gynansakda, hiç kim hiç kime bagt beribilmeýä diňe onuň bagtlylyk göterimini azaldyp, köpeldip ýa-da ýok edibilýä...