BAŞ BAÝRAMYMYZ MÜBÄREK BOLSUN!
Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!
Eger kimde kimiň kinesi bolsa,
Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn.
Beýik günde undulýandyr kineler,
Bu beýik gün — Türkmenistan Garaşsyz!
Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,
Oňmaz olar dost-dogansyz, gardaşsyz.
Agzybir bolanda baýnapdyr Türkmen,
Baýna, Türkmen, bu gün ýurduň Garaşsyz!
Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy
Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.
Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —
Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!
Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.
Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!
Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,
Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!
✏Atamyrat ATABAÝEW
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!
Eger kimde kimiň kinesi bolsa,
Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn.
Beýik günde undulýandyr kineler,
Bu beýik gün — Türkmenistan Garaşsyz!
Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,
Oňmaz olar dost-dogansyz, gardaşsyz.
Agzybir bolanda baýnapdyr Türkmen,
Baýna, Türkmen, bu gün ýurduň Garaşsyz!
Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy
Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.
Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —
Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!
Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.
Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!
Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,
Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!
✏Atamyrat ATABAÝEW
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.