Dilber

Serim saňa sadaga boldy ýok çäre dilber.
Baýmuhammet Gylyjy
Yşgyň ýakdy ýüregim boldum biçäre dilber.
Serim saňa sadaga boldy ýok çäre dilber.
Yzyňda elewremek dönüpdir käre dilber.
Heý rehimiň inmezmi bir aşyk ýara dilber.
Sözlerimi kabul et gel bir karara dilber.

Sen sen diýip atygsap gözlär seni gözlerim,
Aýdyp bilmen gaşyňda kalbymdaky sözlerim,
Ýüregime ýol çekdi her ädimiň yzlaryň,
Saýlanarsyň içinden serweri sen gyzlaryň,
Senden özgäni görmen döndüm bir köre dilber.

Sensiň ýürek eýesi ter güli sen baharyň,
Belki aýdýan sözlerme gelse geler gaharyň,
Sen illere görelde tämizligi säheriň,
Ornapdyr ýüregime gaýgy gussa mähiriň,
Duýdansyz girip kalba geçipsiň töre dilber.

Ýigitler perwanadyr bir ýylgyryp bakaňda,
Walla söýgüm güýjeýär näzler bilen ýakaňda,
Egniňde al atlasyň gülýakaňam ýakaňda,
Älemem haýrandadyr sen seýran çykaňda,
Yşgyň ýakdy ýüregim boldum awara dilber.

Söýgi sözün aýtmaga boýdaşlaryň tijese,
Çyksaň meňzäp perige duşuşyga gijesi,
Sen bolup çykdyňmyýa bu bagtymyň bijesi,
Söýgä duşmak ekeni iň bir bagtyň süýjüsi ,
Ençe arzuwlap gezip sataşdym ýara dilber.

Sözlerimi diňlemän utanarsyň gaçarsyň,
Ýöräp gelseň näz bilen köçäme nur saçarsyň,
Gije gündiz hyýaldan arzuw bolup geçersiň,
Seni söýýärin diýip haçan bagtym açarsyň,
Söýgüm jogapsyz goýma gel bir karara dilber.

Dünýäm ýagtylyp gidýä geçseň ýeke seredip,
Ogryn garaýşyň bilen barýaň meni eredip,
Meni söýýänsiň diýýän ýagşy pikir ýöredip,
Ýakýaň maňa garaňda yşk jadysyn döredip,
Ala gözli tegelek saçlary gara dilber.

Menden bagtly bolmaz söýgi sözüm alaýsaň,
Menem söýgi sözlermiň jogabyny biläýsem,
Mähirli bakyş bilen ogryn nazar salaýsaň,
Assa basyp uz ýöräp sen salanyp geläýseň,
Sözlerimiz içgin bor gelseň güzere dilber.

Aşyk aýdar ýüregim ýanýar yşgyň oduna,
Yşgyňda awara men gurban ajap adyňa,
Sen mähirli garasaň bat goşulýär badyma,
Hiç kim derdim aňlamaz aýtsam ýakyn ýadyma,
Öwrülipsiň müdümi baky göwün şadyma,
Sözler ejizlik edýär waspyň ýazara dilber.

Süleýman Tekäýew
3 лайков 121 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ak-sary
04 окт 2023, 13:54
Baymuhammet Garlyñkynam galdyrsana teswirlerde
Süleýman
Автор 04 окт 2023, 16:01
Ak-sary,
onuň goşgularny okap görmedim Baýmuhammet Gylyjyňam Ilime sowgat diýen türki dilde ýazlan kitaby bardy eýranly watandaşymyz bolansoň ünsümi çekipdi onuň goşgularnam gözläp göreýin tapsam paýlaşaryn
eger sende bolsa ýetirip dur
Гость
04 окт 2023, 20:49
Gowy