Awtobusda kitap okaýanlar (maňa meňzeşler;) hakynda
O diýýäniň atam döwründe şeýle bolmagy ahmal. Meniň-ä bu ugurdan aýdyp oturara üýtgeşik bir gürrüňim ýok. Ýolda-yzda kitap okaýan adama duşsam, geň-enaýy bir jandary gören ýaly begenýän, gapdalynda durup, selfi düşüräýesim gelýär. Ýöne, özüň bilýäň…
Ýolda, has dogrusy, awtobusda kitaba dümtünip oturan adamlara bary-ýogy üç ýola gabat geldim. Şoň üçin jikme-jik ýadymda galdy.
Bir gezek 1-nji parkyň golaýyndaky duralgada awtobusa iki gyz mündi. Uýalar bolmaga çemeli, biri-birine meňzeş. Kerim aga aýtmyşlaýyn: On sekiz-on dokuz ýaşly… The Beatles aýtmyşlaýynam: She was just eighteen / You know what I mean.
Badam gabak, alma ýaňak. Ýüzi türkmen, dili ors. Kapyýalap aýtsam: suraty-zyba orszyban. Saçlary kebzesine ýetip dur, jins balaklary – göbegine. Gabat garşymdaky oturgyja gondular. Gyzlaryň «Love me again» ýazgyly gara maýka geýneni (boýy kelteräk bolansoň jigisidir diýip çak edýän) oturan badyna aýfonunyň ekranyny sypap, instagramdaky suratlara laýyk baha bermäge girişdi.
Beýlekisi bolsa içinden Headway ýazgyly gollanma somalyp görünýän torbasyny dörüşdirdi. Ahyrsoňam şapbat ýalyjak, ýumşak daşly kitaby çykaryp, ýukajyk sary sahypalaryna dykgatyny dikdi.
Men çala aýnany açyp, arassa şemala burnumy tutdum, aslynda bolsa ýüzümiň üstündäkini ol gyzyň şahsy işine sokdum, ýagny, näme okaýanyny anyklamak üçin, egninden üstaşyry… garaz, egnaşyry seretdim. Kitap açyk bolansoň, sahaby görünmedi. Harplaram saýgarar ýaly däl, juda ownuk. «A-gyz, owadanja maral gözüňe zeper ýetiräýme!» diýäýesimem gelip dur welin, köpçülikde kitap okamagyny taşlar öýdüp, howatyr edýän.
Şäher merkezinden howlukmanjyk daşlaşyp barýan awtobus Ertekiler dünýäsiniň öňündäki duralgada saklananda, ýaňky gyzam düşmäge hyýallanyp, kitaby ýapanda, daşyny görüp ýetişdim: iki bükülip oturan ýarym-ýalaňaç aýalyň suraty bar. Diňe goňras saçy bilen süýt ýaly ak arkasy görünýär, iki eli bilenem topugyny gysymlap otyr. Paulo Koelýonuň «Ведьма с Портобелло» romany. Ene-mama dilimizde «Portobelloly al-arwah». Aýal-arwah diýsek, jynsyny has takykladygymyz boljagyny bilýän, ýöne aýalyň birinji hem soňky harpyny alagetdin, «al» edäýsek, gyz-gelinler al-petimiziden almaz-da hernä!
Söz oýnatmagy gowy görýän dostum-ha asylam «Portobelloly loly» diýen warianty hödürledi, ýöne beýle sözbaşy gulaga ýakymly bolsa-da, Koelýo üçin heňe geljek zat däl…
Agzalan romanda Transilwaniýada doglup, Liwanda önüp-ösen, Londonda okan, soňam «özüni gözläp», dünýäni gezen Beýik Ene hakda gürrüň berilýär. Nämüçindir, ol naçar özüni golaý-goltumda tapyp bilmändir. Ýa awtor «umumadamzat meseleleri gozgamak» jümlesine juda gönümel düşünipmi? Kä sahypalarda braziliýaly ynsanperwer akylydar Nobel komitetine tarap umyt bilen garap: «Şu bapda Çernobylam agzandyryn!» diýip, naýynjar ýylgyrýar.
Kitaby ÝOLdaş edinen gyzlaryň ýene biri Gagarin köçesindäki duralgada awtobusa ilişdi. Gök reňkli ýolbelet uniformasynda. Pişmesypat başgabyň astyndaky saçy ýeňsesinde güle meňzedilip daňylan. Makiýažy-reňki-boýagy gelşigine getirip çalnypdyr, ak meňzinde ýekeje ýygyrdam, oýam, depe-de ýok, polat kibi ýylmanak, sowuk ýüz. Yzky gapydan giren ýerindäki kürsini eýeledi. Hereketlerinde harby gyzlara mahsus gödeksi tagaşyk bar. Özem juda syratly, göwresi türkleň gara çaý içýän bulguryna meňzeýär (ady anyk ýadyma düşenok, bardak diýen ýaly bir bulam-bujarlyk bolmaly öz-ä). Agzyňa gant atman, başyňa çekibermeli. (Aşa tarypyny ýetirmejek bolýan, kim bilýär, olam indi bir şagalyň gawuny bolup ýörendir).
Awtobusdaky şagaldyr möjekleriňem, börileriňem, syrtlanjyklaryňam gözi şonda, käsi agzyny suwjardyp, «wah, arman…» diýýän terzde başyny ýaýkaýar. Meni bolsa onuň elindäki kitap gyzyklandyrýar. Yzda oturan ýerimdäki elhenç dyknyşykdan gopdum-da, ýaňky gyzyň maňlaýyna baryp durdum. Ol bar ünsüni kitaba bagyş edipdir, gaşyny çytyp (şonda-da ýygyrt peýda bolaýanok), gözüniň köküni gyryp, elindäkiň maňzyna ýetjek bolýar. Özüniň maňzyna batan pikirlerinem belleşdirýän bolarly – kä sahypalaryň arasyna kiçijik gülgün kagyzjyklar dykylypdyr, ýaňsylap dil görkezýän ýaly…
Ýöne Elçin Safarliň «Maňa seni wada etdiler» (Мне тебя обещали) atly romanynda mantyk pitiňe salyp, bişireniňe degýän pikir barmyka beri? Kitabyň daşyndaky öl saçly model gyz-a suwjuklykdan ýaňa «Men durkum bilen öl-myžžyk» diýip durana çalym edýär.
Onda-da kitaby okap göreýin diýdim. Internetde elektron nusgasyny tapdym. Orsça ýazýan azerbaýjan ýazyjysy bolup çykdy. Gahrymanlaryna at ýerine lakam dakypdyr: Fernando, Mişel, Клюква (Böwürslen ýalyrak miwe), Водопад (Şaglawuk), Погода (Howa). Gaty mekir ýazyjy eken bu Elçin, atlaryna Settaraly, Hajybek, Abdylmejit daksa, daşary ýurtda okyjysynyň azaljagyna akyly çatýar. Dilini görkezýän pikirlerem küde-küde. Mysal üçin, baş gahryman bir gyza ýüzlenýär: «Клюква, ты знала, что счастье по-индонезийски – «сука»?» (Böwürslen, sen indonez dilinde bagta «suka – ganjyk» diýilýänini bilýämiň?).
Eýsem-de näme?! Böwürslenler şony bilmek üçin ýöriteläp indonez dilini öwrenip ýör ahyryn!
Ine, ýene bir ýerine kagyz dykdym: «Wagt bize ownuk-uşak pursatlaryny paýlaýar, biz bolsa kuýaşyň astynda oýnaklap ýörüs». Taýynjak post! Owadan suratyň ýüzünde ýazyp, instagramda paýlaşybermeli! Dogry-da walla, oýnaklap ýörmek bormy kuýaşyň astynda?!
Üçünji okyja awtobusumyz "Ylham" seýilgähiniň golaýyndaky duralga maňlaý dirände gabat geldim.
Bardak däl, baýdak kibi gelindi (ony diýsem, ýap-ýaşyl lybasda pasyrdap durandyr öýdäýmäň). Başyny bedre ululygyndaky äpet topba sokupdyr. Gyzyl köýneginiň üstünden atynan gyrmyzy donuna dagy sygyrsiýdik, ýylançyr, tazyguýruk diýen ýaly dürli-dümen nagyş siý… wiý, salnypdyr, synlap, gözüň dokunýa, Repetege (ýa haýwanat bagyna) seýil edip ýören ýaly bolaýýaň.
Zergärleriň sergisi şu gelniň beden agzalarynda gurnaldymyka diýdirýär – gulagy, boýny, goly-goşary gadymy talaňçylaň arzuwy ýaly ýyldyraýar. Bu tyllaýy-mesligi gözden-dilden goraýan alajadyr göz monjugam ýeterlik bar.
Olam edil garşymdaky oturgyçda çökdi, emma kitap çykarmady. Ýok. Men oňa üns bermesem bermezdimem, iliň gyzy-gelni bilen asla işim ýok (muňa ýokarky aýdanlamdanam göz ýetirensiňiz), ýöne daşara, şähere syn edip otyrkam, birden aýnaň ýüzünde telefonuň ekrany ýagtylyp gidäýdi. Ýüzi durşuna hat. Ýaňky gelin bir zatlar okap, tiz-tizden sahypany çalyşýar. Aldygyna-da gülýär, ýöne wahahaýlap, bolmajysy bolup gülenok, gelin-gyzlarymyza mahsus edep-ekram bilen, senzuraň rugsat berýän gülkisi bilen gülýär.
Okyjyny beýdip güldürip bilýän ýazyjy o diýen kän däl. Ýa Awerçenkodyr, ýa Julian Barns, ýa Lýu Çženýunyň «Men Pan Szinlýan däl», «Meniň adym Lýu Ýueszin» romanlarynyň biri. Gaty gitse Bukowskidir diýip çakladym. Ýöne türkmen gelnini Bukowskiňki ýaly gotur realizm gyzyklandyrarmyka?
Topbysy zerarly üstaşyr seredip, näme okaýanynam anyklap bolanok, onda-da bilesim gelip, içim byjyklap duransoň, ahyrsoňy öwrümleriň birinde awtobus gapdala agyp, gelnem çala bir çete gyşaran wagty, ekranyndan iküç jümläni göze ildirip ýetişdim. Ýatda saklap, dessalym okanja ýerimi guguldap gözledim: «kitap, bäş käsä bir çäýnekden çaý guý».
Ne içinde şeýle sözlemi bolan romana gabat geldim, ne-de hekaýa. Derekli kitaplaryň hiç birinde beýle jümle ýok. Ýöne ençeme portallary açyp-ýapanymdan soň, ahyryn şu ýazgy tapdyrdy:
Bir aýal Konfusiniň gaşyna baryp, köpaýallylygyň köpärlilikden näme tapawudy bar diýen soragy berýär. Konfusiý bu gelniň öňünde bäş çäýnek bilen bäş sany käsäni hatar goýýar, soňam:
– Bäş käsä bir çäýnekden çaý guý – diýýär. – Nähili, göwnejaýmy?
– Göwnejaý – diýip, aýal baş atýar.
– Indi tersine, bir käsä bäş çäýnekden çaý guý… Göwnejaýmy?
Aýal:
– Bu-ýa hasam göwnejaý – diýýär.
Konfusiý jany ýanyp:
– ! – diýip gygyrýar. – Ne gözel tymsalyň işini gördüň!
«1001 anekdot» atly kitapdan.
Şondan soň awtobusda kitap okaýanlara üns bermegi bes etmeli diýen karara geldim-de, Çarlz Bukowskiň «Beýik ýazyjylar tüsseläp duran pohly garşokda amanadyny tabşyrýar» atly terbiýeçilik ähmiýetli ajaýyp hekaýasyny okap başladym. Gowy ýazýar-aýt, zaluwat…
Maksat BÄŞIMOW.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.