Gadyrdanyma)

Salam gadyrdanym.
Bügün ýalançy dünýäni gözelleşdirmek üçin dünýä inen günüň,has dogrusy meniň reňksiz,manysyz dünýäme reňk,ýaşamagyma sebäp döretmek üçin dünýä indiň we muny dolulygyna başardyň. Men söýmegi saňa seredip,seniň suratyňy çekmege meňzedýän. Söýgi bu-"Sen". Muňa başgaça iň gowy şekilde jogap bermek mümkin däl. Sebäbi men söýmegi saňa duşamdan soň öwrendim. Başgaça söýmegi başaramok men. Ömrüňden gidiren 20 ýylyň her bir pursadyna aýratyn hormatym bardyr. Sebabi bu wagt aralygynda özüňi akyl taýdan bütinleý kämilleşdireniňe ynanýan we muňa şüphe gözi bilen seretmegiňem geregi ýok,munuň sözsiz beýany-sensiň. Bügün ikinji ýubileýiňi garşy aldyň, bu möwsüm täze tanyşlaryň,dostlaryň sanyny hasam artdyrar. Olaryň arasynda seni söýjekler bolar,belkem olaryň söýgüsi seni "Senden" alarlyk derejede täsirli bolar. Belki senem şu möwsümde öz söýgiňe duşarsyň. Ýöne unutma, saňa bütinleý ömrüni bagş edip barlygy bilen söýjek ýekeje aşygyň men bolaryn,muňa ynanýan. Ikinji ýubileýiňi belläniňde maşgalaň bilen birlikde ýanyňda bolup şatlygyňa goşulmagyň wagty geldimi ýada ýok,bu ýeri meniň üçin garaňky.Emma mundan soňky ýubileýleriňde bile bolmaklyk bu meň üçin elýetmez arzuw... Edil sen ýaly. Hawa, sen meniň elýetmezim. Saňa gowuşmak aklyma gelende munuň ýerine elimi Aýa uzatsam ýetjek ýaly. Saňa "söz" bilen gowuşmaly bolýan bolsa günde bir kitap ýazardym we seni iň gowy şekilde saňa beýan ederdim,muňa doly ynanyp bilersiň. Saňa bolan söýgüm saňa "sen" diýip ýüzlenenimde "Sen" sözüniň baş harp bilen ýazylmagyny isleýär. Hawa ol söýgi şeýle päk. Seniň saýaňda dörän her bir duýgym,elbetde päk bolar.

Ýadyňdamy?Sen maňa:"Ruh ýoldaşym" diýipdiň.Şunça ýyllyk söýgüme jogap hökmünde mundan gowy söz tapylmaz. Belki din,resmi taýdan ýoldaş bolmarys. Emma sen hakykatdanam meniň "Ruh ýoldaşym". Muny hiç bir hakykat üýtgedip bilmez...Belki maňa:"şunça sözleri sen ýazdyňmy? Sen meni şeýle söýýäňmi?" diýen soragy bermek aklyňdan geçer. Hormatlym seni söýýänimi duýan günim ýaşaýanymy,dem alýanymy bildim. Sen meniň garaňkylygymy ýagtylyk bilen kimsesizligimi-barlygyň bilen,duýgusyzlygymy-duýgularyň bilen doldurdyň. Şeýlebir girdiň durmuşyma, durmuşymdaky ähli zat derbi dagyn boldy we täzeden gurdym durmuşymy,arzuwlarymy,hyýallarymy we hemmesinde sen bardaryň,barsyň,bolarsyňam
Abat Aşyrgeldiýewa
5 лайков 158 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sahedowa
21 окт 2023, 22:24
aytana yekeje soz tapamok ?
Sahedowa
21 окт 2023, 22:24
asyk bolupsun oydyan
Sahedowa
21 окт 2023, 22:25
yokardaky aytmana bolmaly yalnysypdyryn
Abat
Автор 21 окт 2023, 22:47
Sahedowa, sag bolun,minnetdar. Meniňki biraz başgaça, ruhyna aşyk biriniň))
Azasdym.
21 окт 2023, 22:51
Sizi onler saytda goremokdym her wagty gelyaniz sondadam gaty gowy zatlar yazyanyz acan mowzuklarnyzyn yuregimde ayratyn yeri bar gaty haladym sag bolun yenede yetirip durun.
Abat
Автор 21 окт 2023, 22:55
Azasdym.,hawa yakynda goşuldym saýda. Göwnüňize ýaran bolsa begendim. Minnetdar. Elbetde elimden geldigiçe ýetirerin?
Massimus
21 окт 2023, 23:10
Päkize zenan kalbynyň arassa duýgulary. Ýöne ony özüne aýdaýmaň. Beýle bagty her kimem göterip bilýän däldir
Abat
Автор 21 окт 2023, 23:17
Massimus,
Nikiňizi okandan duýgularym güller açdy. Men siziň her bir ýazanňyzy uly gyzyklanma bilen okaýan Öwrenmelide. Ýöne siziň ýazanlaryňyza nirde duşup biljegimi aýtmadylar?
Pikiriňiz üçin köp sag boluň
Azasdym.
21 окт 2023, 23:22
Abat
Massimus,
Nikiňizi okandan duýgularym güller açdy. Men siziň her bir ýazanňyzy uly gyzyklanma bilen okaýan Öwrenmelide. Ýöne siziň ýazanlaryňyza nirde duşup biljegimi aýtmadylar?
Pikiriňiz üçin köp sag boluň

Kyn gormeseniz owrenmela name diyip girmelika aydayynda.
Abat
Автор 21 окт 2023, 23:25
Azasdym.,
Öwrenmeli programmany ýükleýäňiz, registrasiýa bolýaňyz. Admin profiliňizi barlagdan geçirenden soň post paýlaşyp bilýäniz
Azasdym.
21 окт 2023, 23:34
Abat,
Kop sag bolun.
Garlawaç
22 окт 2023, 01:42
Menem otagymy suratdaky ýaly etjegä ?✨
Senyorita.
04 ноя 2023, 13:04
Täsirli we owadan ýazypsyňyz!Bagtyňyza gowuşyň!