Galdy

Gara gözlerine gurban boldugym,
Bilýäňmi kalbymda arman boldugyň,
Uçjakmen söýýän diýp perman berdigiň,
Munda saňa söýgüm duýaýmak galdy.

Nije ýyldyr yzlaryňda men geda,
Sora şirin janym edeýin pida,
Söýýän diýsem senden çykmaz ses seda,
Saňa näme söýýän diýäýmek galdy.

Kürekledim yşk deňzinde gaýgymy,
Uçran derdim şatlykmyýa gaýgymy,
Saňa bersem kalbymdaky söýgümi,
Ýüregiň töründe goýaýmak galdy.

Jadylaýjy gözelligňe maýyl men,
Kowsaňda ýar yzlaryňda saýyl men,
Aýt şertiňi ähli zada kaýyl men,
Indi saňa diňe söýäýmek galdy.

Ahyr aýtdyň maňa söýýän sözüni,
Razy diýip güldüripdiň gözüňi,
Ömür ýoldaş edip maňa özüňi,
Gelinlik lybasyn geýäýmek galdy.

Söýgi syrly bolsa ömri uzalar,
Ýalňyşlyklar wagt bilen düzeler,
Bagtymyz taryplap aýdym düzüler,
Bize şol söýgüni aýaýmak galdy.

Süleýman Tekäýew
0 лайков 74 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merjen
02 ноя 2023, 00:28
???????????gowja goşgy eken
Merjen
02 ноя 2023, 00:28
???????????gowja goşgy eken