Öý ruhunyň gündeliginiň dowamy...
2-nji ýanwar.
Ine-de 1-nji ýanwar. Stop! Kalendarda eýýam 2-nji ýanwar. Meň pikirimçe täze ýyl şowly geçipdir.
***
5-nji ýanwar.
Oliwýeniň soňky legenini iýip gutardyk. Bikäm syrly otagda içinden gulplap otyr. Aýtdym men, salady holodilnige goýmaly diýip.
6-njy ýanwar.
Zinedin Zidan ýene biziň komandamyzda! Edil Roždestwonyň öň ýanynda geldi. Örän gowy! Tebipleriň peşgeşi hökmünde 3 banka duzlanan pomidor, 1 halta kartoşka we 100 kilograma golaý diri et getiripdir. Bir sagatlardan girdenek çykdy bir ýerden. Maňlaýyndaky şişka ömrüzaýa ýyldyzyny ýatladýar. Hat-da Halkam bu ýagdaýy görüp çuň pikire batdy.
7-nji ýanwar.
Roždestwo. Isanyň doglan güni. Hawaa, bir wagtlar kakam aýdyp beripdi maňa baýramçylyk hakynda. Pişigem indi öz doglan gününi däl-de öz roždestwosyny bellejekligi barada aýtdy... Halk oňa ilki suwda ýöremegi öwrenmegi teklip etdi, nämüçindir oňa Andreý diýip ýüzlenip başlady we haç barada, onlarça soldatlar barada birzatlar samrap başlady. Kyn-aý şuňa düşünmek.
8-nji ýanwar.
Mama kwartirany ýygnaşdyryp ugrady. Kuhnýadan başlady. Aý, nähili kuhnýadan... holodilnikden. Eýýam arassalap bolaýdy öýdýän. Pişik hakykatdanam gorkýar Zidandan iýermikä diýip.
9-njy ýanwar.
Içgysgynç... Pişik bilen şäherler oýnuny oýnadyk. Ol oýnuň düzgünine düşünmedim diýdi we kaktus çeýnemäge gitdi. Hiç kompanýon däl-aý şu janawer.
10-njy ýanwar.
Sagatlary sakladym. Degme dynç alsynlar, bazar gün ahyry.
11-nji ýanwar.
Mama bilmezlikde Halky basdy. Pişik bilen hat-da onuň ruhunyň bedeninden biraz çykanyny we ýene yzyna girenini gördük. Halk “Leningrad” grupbasynyň aýdymlarynyň birini ulanyp bu ýagdaýa teswir berdi. Men beýle sözleri entäk eşitmändimem...
12-nji ýanwar.
Bikämiň jorasy geldi pişigi bilen. Pişik - hakyky heleýguly! Boldy! Bu gün başga zat ýazjak däl.
13-nji ýanwar.
Köne Täze ýyla taýýarlanýas. Galan swežiý oliwýe salatlary iýeris we sesimizi çykarman şadyýan gamgyn aýdymlary aýdarys. A näme? Baýramçylygyň ady nähili bolsa şeýdibem bellemeli bolar-da!
14-nji ýanwar.
Ýene geldi bu ruhany sümsünip! Bildirmänjik maňa şokolad uzatdy. Aý, bolýa... goý, biraz porsatsyn, tüsseläp. Gitjek wagty gulagyna indiki gezek ýüzärligiň üstüne biraz jasmin we romaşka sepmegini haýyş etdim. Ysy gowurak bolar ýaly-da!
15-nji ýanwar.
Gije büdredim we tötänleýin mamanyň üstüne ýykyldym. Gözlerini açdy-da: “Bu gün däl” diýdi, ýene ýatyp goýberdi. Dogrymy aýtsam, men-ä düşünmedim.
16-njy ýanwar.
Gowy gün! Girdenegiň syrtyna depdim. Şu gün men gaharly, mekir we jyn urmuş gaty rehimsiz! Indi düşünmän gezmek siziň gezegiňiz, adamjyklar!
17-nji ýanwar.
Bikäm dieta oturmagy ýüregine düwdi. Kuhnýada otyr, kolbasa iýýär we dieta barada gürrüň edýär! Kapçennyý kolbasada! Gije özem! Onuň üçin dietada oturmak we dieta barada gürrüň etmek şol bir zat öýdýän.
18-nji ýanwar.
Gaz edaradan adamlar geldi. Işigi açyp öýde hiç kim ýok diýdim. Adamlaryň bir minutda garraýanyny birinji gezek gördüm. Gitdiler. Pensionna bolaýmasa.
19-njy ýanwar.
Pişigiň maňa täze ýyl sowgadyny gowşurmagy unudanlygy ýadyna düşdi. Diwandaky maçalkanyň bir bölejigini getirip tutdurdy. Ýürek görnüşinde edip aldym seň üçin - diýdi. Käwagtlar begenmekligiň gaty kynlygyna göz ýetirdim.
20-nji ýanwar.
Birinji we ikinji kanallardan başga-da kanallaryň barlygyny mama nähili düşündirip bolarka? Men indi urinoterapiýa barada ähli zady bilýän. Ýöne maňa nämä gerek bu maglumatlar?
21-nji ýanwar.
3 zada tükeniksiz seredip bolýar diýýärler. Pişigiň islendik zada tükeniksiz seredip bilýänligine üns berdim. Ýatýança seredýär.
22-nji ýanwar.
Ýene-de gaz edaradan geldiler. Gapyny bu gezek mama açdy. Gelenler toba etdilerde ýene gitdiler ap-ak bolup. Pişikden – men mama şeýle meňzeşmi – diýip soradym. Ol uzak pikirlendi... we uklap galdy. Al kakmyş, bu hawamy ýa ýokmy?
23-nji ýanwar.
Gijesi bilen bikämiň saçyny darap berdim. Birigün toý. Eeeh... bikejigim meniň, bikejigim...
***
25-nji ýanwar.
6:00
Pişik uzakly gije iňläp çykdy, dek ýatmady, aýaklary gelende-giden. Daň atyberende oýandy-da – toý bolmaz – diýip gygyrdy. Pikirini üýtgedenligini aýtdy. Sebäplerini düşündirmegi soramda – baryň gabyr bolsaňyzlaň-aý – diýdi. Erbedräk düýş göräýipdir öýdýän...
6:10
Bikäm oýandy. Geň göremok. Mamanyň hor çekişini eşidip merhum äriniň ruhy oýanyp geläýipdir. Nireden pyçak tapyp bolar diýip sorady. Entek ir diýdim-de ony ýene ýatmaga ugratdym. Bir şol ýetenokdy toýuň öň ýany...
7:00
Bikämiň joralary geldi. Eger bikäme gözi gitmedik bolsa olaryň üstüne şkaf ýykylmazdy.
8:00
Pişik 30 ýaşaman öýlenmejegini aýtdy. Gel, göwnüne degmäýin... nädip öýlenjek şarikleriň bolmasa, görgüli...
9:00
Öýlenýän ýigit geldi. Eger çakganja bolmadyk bolsa onuňam üstüne şkaf gaýdardy. Şeýlelik-de şkaf Zidanyň üstüne gaýtdy. Aý, zyýany ýok, aňmadamlaý ol.
9:50
ZAGS-a olar bilen gitmezligi ýüregime düwdüm. Agşam toýuna bararyn. Halkyň garşylygyna seretmezden ony ýanyna aldylar. Görgüli, aglajak-aglajak bolýa...
10:20
Kepderiler Halkdan sms getirdi: “bäri gaty içgysgynç nkt hemme zat biderek nkt mms hyzmaty nädip düzüp bolýar srg blgsi”. Jogap ýazdym: “Gowja ýaz, biziň smslerimiz bezlimit. mms-ler gidenok. Kepderilerden bluetooth barada hiç zat soraýma, urmaklary mümkin”.
12:10
Pişik bilen REN TW gördük. Eýesiz, şu kanalyň başlygy meniň ýegenim diýsem ynananok. Bir sagat görenden soň – seňki dogry bolmagy ahmal – diýdi.
13:00
Ýene-de merhum babanyň ruhy geldi bir ýerden. Beatles-iň plastinkalaryny sorady. Yene bir gezek gelse degişli guramalara ýüz tutjagymy aýtdym. “Lenin diri!” diýip gygyrdy-da basgançakdan ylgap gitdi. Hawa... ölülere-de rahatlyk ýok...
16:20
Assajykdan geýnip başladym. Pişik silindr şlýapalaryň bireýýam modadan galanyny aýtdy. Oňa bireýýam hiç kimiň pylesosdan gorkmaýanyny aýtdym gapyşdy. Elbetde, men aldadym. Şol işlejek wagty özümem gizlenýän.
18:30
Toý mekany zordan tapdym. Bu kepderilerde GPS hyzmatam ýok eken. Halk şlýapamyň gaty gowy gelişenligini aýtdy. Ynanyp bilseň ynan-da indi şu pişige...
19:20
Güjikowiç bilen ýaşlaryň stolynyň aşagynda ýerleşdik. Bir samsyg-a bikämiň tuflisini ogurlajak boldy. Oňa – bärde ýer ýok – diýdim. Öyünç sorady, soňam – Ahmedi men öldürmedim – diýdi-de toýdan ýelk ýasady. Halk bilen Ahmet üçin içdik.
20:05
Pişik sms ugratdy: “Meniň syrtyma bir uzyn betpäl bir zat ýelmeşdi. Näme etmeli?” Jogap berdim: “ ! Bu seniň guýrugyň!” Jogap hökmünde smaýlik ugratdy. Pişik- samsyjak, utanýanam biraz kepderileriň öňünde.
21:00
Ýaşlar üçin içdik. Girdenegiň bagjygyny çözdüm.
22:10
Zinaida Zaharowna özüniň iň gowy däplerini ýene bir gezek berjaý etdi. Şampanskiýniň probkasyna büdräp maňlaýy bilen göni toý tortuny süsdi. Halk bilen bir pikirde ylalaşdyk: durnuklulyk- bu ussatlygyň alamaty. Zidan öňküligini ýitirmändir, berekella.
22:50
Gelinimizi ogurladylar, ýarym-ýarty jigitler. Aý, näme... gözläberiň indi iPhone-laryňyzy.
23:00
Pişik kepderilerden bolgusyz sms-leri ugradyp başlady. “Meň lotogym arassalanmadyk, içinde öňki täredim dur. Nirede mina taşlap bolar?” diýip ýazýar. “Mina taşlamak dabarasy yza süýşürildi, indiki buýruklara garaşyň” – diýip jogap ýazdym.
23:15
E-waý! Biz täze öýe göçýäs! Ahyr soňy! Urraaa! Şu wagtjyk aýtdy girdenek göçjegimizi! Erkeklaý sen! Şeýt-dä how! Men öý ruhy ahyry, kwartiraňky däl-ä! Halk bilen begenip otyrys. Halka begenjiň we beýleki emosiýalaryň örän agyr täsir edýänini duýdum. Şol bir zady gaýtalaýar: “Nääähili gowyy, ölmesek bolýa-la...”. oňa seredip pikirlenip durun, janawer, ölümem daşda däl şundan.
26-njy ýanwar
00:50
Mama we güjikowiç bilen öýe dolanyp geldim. Pişik tort getirmedigimiz üçin bizden öýkeledi. Zidanyň gulagynyň arkasyna seret diýdim. Birazdan soň dolandy-da – tort ajapdyr eýýam – diýdi.
1:10
Boldy. Ýatjak! Eger bu traktor hor çekmesini goýmasa, Hudaý bar , düşündirişli sözlük bilen urýan şuny. Edil “Ekzorsizm” diýlen sahypany açyp kellesine urýan! Hudaý bar!
***
2-nji fewral.
Göçen öýümizi Halkyň sözleri we emosiýalary bilen beýan edeýin: “ Hemme kim täze öýe göçüp bilenok – has takygy herkim... aý... Kelläme bir urma-da, ruh...” Pişigi öýe birinji goýberdiler. Özüniň gaty wajyplygyny bilip bagtdan ýaňa aňyny ýitiren pişik ähli moral gylyklaryny ýadyndan çykaryp birinji gören burçuny baryp peşewi bilen bronlady. Bikämden gaçyp ýetişmedi, laminat taýgançak-da! Peşäp dur janawer, duran ýerinde. Umuman, öý erbet däl. Iki gatly. Gapdaljygynyzda derýa we tokaý bar. Rahat, ýuwaş raýon, kuhnýa, myhman jaý bar, 22 kw.m, iki banýa-tualet, goňşularam gowy...
Käwagt gowy rieltor bolup bilerdim diýen pikir gelýär kelläme...
3-nji fewral.
Agşam Halk bilen pejiň gyrasynda ýatyp dünýäniň ykballary barada gürrüň etdik. Onuň bilen dialogy saklamak gaty kyn, sebäbi “sekulýarizasiýa” we “metempsihoz” ýaly käbir sözlerden soň meniň dilim tutulyp astrala düşýän. Gowusy pişigiň ýanyna gideýin, siňekleriň uçuşyna syn ederis.
4-nji fewral.
Pişik öýde azaşdy. “Öý trubaň başyňa ýumrulsyn” , “planirowka däl bi, azap, giden azap” diýen gykylyklaryna diň salyp üçikden tapyp geldim.
5-nji fewral.
“Kenterwil ruhy” atly multigi gördük. Halk analogiýanyň köre mälimligini, düşüriliş liniýasynyň bolsa aýratyn alnan sosiumdaky ýagdaýlar bilen anyk gabat gelýänligini aýtdy... men ýene astrala düşdüm. Ol ýerde Wassermanam bar eken.
6-njy fewral.
Pişik girelgäň öňüne buşugdy we guran mindal agajy gülleýänçä her agşam ol ýere buşukjagyny aýtdy. Meň pikirimçe bu zatlary bikäm görenden soň pişigiň botanika we reinkarnasiýa baradaky düşünjeleri düýpgöter üýtgär.
Bellik: Reinkarnasiýa sözüni Halkdan öwrendim.
7-nji fewral.
Pişige ütüklenen gara eşikleriň üstünde ýatsaň uky has gowy bolýa diýdim. Meselem, girdenegiň köýneginiň üstünde. Ol hakykatdanam ukysynyň has gowulaşanlygyny aýtdy. Onuň ynanjaňlygyna hat-da Halkyňam nebsi agyrýar indi.
8-nji fewral.
Soňky bolup geçen hadysalara esaslanyp girdenege täze at dakmak üçin ses berilişik geçirmegi makul bildik. Gizlin ses berilişigiň netijesinde 3 sany teklip gelip gowuşdy:
1.Hojaýyn
2.Dum-dum
3.Kelesaň
Ahyry girdenege näme diýip at daksagam onuň girdenek bolup galjagy bilen hemmämiz ylalaşdyk.
9-njy fewral.
Bikämden pejiň ýyladyş ulgamyny nädip sazlaýanlygyny soradym. Ol komnatdan ylgap çykjak boldy, netijede stenany süsdi baryp. Pişik meniň lanymy aýtdy. Dogrudanam, peçde ýörite sazlaýjy bar ahyry...
11-nji fewral.
Pişik bilen “Narniýa wakalaryny” gördük. Pişige gaty täsir etdi öýdýän. Şkafda otyr. Birzatlar samraýar. Diwarlary kakyp görýär.
12-nji fewral.
Käwagt şeýle oturýaň, ýüregiň gysýar... nähili gysýar... depressiýa düşen ýaly bolýaň... howanyň şeýdip durşuna, gutarman geçen gyş paslyna... emma şeýle ýagdaýda girdenek basgançakdan taýyp ähli basgançaklary syrty bilen sanap gaýdýar welin, gussa el bilen aýrylan ýaly bolaýýar. Polda içigip gülüp ýatýaň, hat-da turmaga-da güýjüň ýok. Keýpiňem gowulaşýar. Halk plagiat barada we Grişkow barada bir zatlara diýýär. Näme hakda aýtýanynam bilemok... soňam men ruh, maňa ogurlyk haram däl!
14-nji fewral.
Bikäm girdenek bilen restorana gitdi. Pişik “Meniň söýgüli jynyma haýwanlaryň şasyndan” diýip ýazylan otkrytka getirdi. Ondan – hany, korolyň özi ýokmy – diýip soradym. Indi meň bilen gepleşenok. Dogru-da, men näme jynmy?!
17-nji fewral.
Gyşyň uzyn gijesinde pişik bilen girdenegiň tomusky tigirlerini deşdik. Ine şeýleräk paradoks! Kladowka gerekmejek goşlaryň saklanýan ýeri däl! Biziň ştabymyz bu ýer!
18-nji fewral.
Skanword çözdük. Sosnalar maşgalasyndan bir agaç, 4 harp. Halk gürläp başlady -bu agaç anyk ýazyjylaryň biriniň bir romanyny ýazanda ulanan aga... Umumann men diňlemedim, gapyş diýdim. Pişik bolsa bu... Umuman, dillerini saklap bilenoklar hiç. Terbiýelemeli ikisinem.
20-nji fewral.
Başardygymyzdan şatlanýas. Pişik açarlary ogurlady we öýüň içinde – mwn Paspartu – diýip gykylyklap ylgap başlady. Garry garganyň keşbinde Halk üçekde ýatyp bize matallary aýtdy. Netije-de Paspartuny kladowka gabadylar, garga bolsa bike tarapyndan üçekden kowuldy.
23-nji fewral.
WDW üçin! Pişik Halkyň kellesinde çüýşe döwdi.
25-nji fewral.
Tizden ýaz gelýär. Pişik serenadalary ýat tutup ýör. Menden bir-iki sany wokal sapagyny bermegimi haýyş etdi. “Gara garga” aýdymyny öwretdim. Bikämiň titreýän ellerinden çen tutsaň ol halk aýdymlary gaty bir halap baranok. Ol edilýän doga-dilegleri söýýär. Häzirem gaýtalap ýatyr.
28-nji fewral.
Kepderiler näbelli ulanyjydan anonim habar getirdiler: «Ты кто такой? Давай, до свидания! 1-nji martda meýdançada duşuşýas. Ýeke özüň gel, bizem ýeke bararys!”. Bu hakykatdanam meň pikir edýän adamymmyka? Ertir duşuşyga gidýäs.
***
Bellenilen wagtda öý ruhy pişik bilen bilelikde bellenilen meýdana geldiler. Halk öýde bike bilen galdy. Öý ruhy meýdançada hyýaly çekirtgeleri kowalap ýören pişige ynamsyzlyk bilen seretdi.
-Mümkin bes edersiň – diýip, ol pişige gatyrgandy – her nämede bolsa agras adam bilen duşuşyga geldik!
-A näme üçin sen maňa hemişe name etmelisini öwredýäň?men heniz bir gezegem tokaýda bolup göremok. Gyzykly meň üçin bu ýerler! Seret, men näçe çekirtge tutdum eýýam – diýip pişik öý ruhuna aýalaryny görkezdi, elbetde onuň elinde hiç zat ýokdy.
-Pişik! Entäk häli Mart! Çykanok häzir şol çekirtgeler. Ýatyr olar... hawa, näme edýär şolar gyşda?!
-Meň hyýallarymy ýumurma! Sende beýle dözümlilik nireden toplandy? – diýip pişik gykylyklady we aýaklary bilen kellesini tutdy.
Öý ruhy uludan demini aldy we şol pursat meýdanyň beýle çetinden bir şykyrdy eşitdi.
-Pişik, pişik, hany, agras maskaňy geý! Gelýärler öýdýän.
Pişik guýrugyny hüžžertdi, gulaklaryny ýygyrdy we ýere süýnüp ýatdy. Agraslykmy şu?
Tokaý ruhy olaryň ýanyna howlukman ädimläp geldi we iki ädim galanda saklandy. Biraz wagt olar öwreniji nazar bilen biri-birine seredip durdular.
-Harydy getirdiňmi? – diýip tokaý ruhy sorady.
-Nämäniň harydy? – diýip öý ruhy geň galyjylyk bilen jogap berdi.
Tokaý ruhynyň gözi çekip ugrady, gürrüňdeşligiň meýilleşdirilen ssenariýa boýunça gitmedigi eýýam mälimdi.
-Getirmänsiň diýmek...
-Näme harydyň gürrüňini edýäňaý? Öý ruhy hiç zada düşünip bilmän kellesini gaşady.
-Men nireden bileýin-aý? – tokaý ruhy sesini peseltdi – Maňa agras gürrüňleriň hemmesi şeýle soragdan başlaýa diýdiler-dä.
-Ony kim aýtdy indi?
-Bar-laý şu ýerde biri – diýip tokaý ruhy tokaýa tarap seretdi. – Muny näme üçin ýanyňda alyp gaýtdyň – diýip tokaý ruhy pişige tarap kellesini aýlady.
-A näme, men görünýänmi – diýip pişik keýpsiz gürledi.
-A sen näme üçin o-ol durany getirdiň – diýip öý ruhy ýeke özi duran berýoza tarap elini uzatdy, onuň arkasyndan bolsa ullakan aýynyň ullakan syrty çykyp durdy.
Tokaý ruhy aýynyň gizlenişiniň gudratyna aňk boldy, içini çekip kellesini ýaýkady, soň bolsa gözlerini eli bilen tutdy.
-Bolýa, geçdik – diýip tokaý ruhy gürrüňi sowdy, - Aýdyp otur, kim sen? Kimlerden özüň?
-Men – Öý ruhy!
-Görüp durun menem taksist däldigiňi! Nireden geldiň bize?
-Şäherden göçüp geldik.
-Näçe adamyň bar seniň?
-Iki! Ýaş çatynjalar.
-Nirede bar çapadylar – diýip, pişik duran ýerinde böküp başlady – şekerlimi ýa ballymy çapady? Men-ä dogrymy aýtsam şekerlini gowy görýän, bally bolsa çapady çygrak bol...
-Pişik! – öý ruhy onuň sözüni böldi, - sen, şepe, oňa üns berme, ol samsygrak biraz – diýip öý ruhy tokaý ruhuna ýüzlendi.
-Görýän-le- diýip, tokaý ruhy ýene-de aýynyň gizlenip duran agajyna tarap seretdi. Aýy hemizem özüniň hiç-hili görünmeýänligine doly ynamly ýagdaýda durdy. Onuň logikasy boýunça eger hiç kim ony görmese, diýmek hiç kim ony eşitmelem däl! Şonuň üçin ol ýuwaşlyk bilen şadyýan aýdyma hiňlenýärdi we ýanynda kagyz stakana salyp getiren malinasyny şapbyldap iýýärdi.
-Çilimiň barmy – diýip tokaý ruhy sorady.
-Çilim çekemog-a men.
-Menem çekemok-laý – tokaý hojaýyny uludan demini aldy – ýöne aýdaýdym... gürrüňdeşligi saklamak üçin. Umuman, gel punktlar boýunça düşünişeli. Sen terbiýeleýäňmi özüňkileri, ýa adatdaky ýalymy?
-Adatdaky ýaly bolanda nähili bolýar? – diýip öý ruhy gyzyklandy.
-Adatçamy? Hiç hili. Hemmesiniň ýaltasy çykypdyr biziňkileriň. Bilýäňmi, indi biziň barlygymyza-da ynananoklara hiç kim.
-Men ynanýan – diýip pişik ýuwaşja dillendi.
-Gapyşsan-aý sen – tokaý ruhy gaharlandy. –Ynanýamyş... adamlar ýynananok how. Üstümizden gülýäler, babaýka diýen bolýarlar, adymyzy tutup çagalaryny gorkuzýarlar. Özleri bolsa ynananok! Biz olar üçin – boş ýer! Ýok biz olar üçin! Telewizorlar bar, kompýuterleri bar, biz bolsa ýok! Diňe suwuň kesimeginden we aýlygynyň saklanmagynda gorkýar bular. Ine olar üçin gorkuly zat. Bize jynlar diýýärler! Haçandan bäri jyn bolupdyrys-aý biz?!
Pişik ýüzüni günäli aşak sallady we öz aýasynda üýtgeşik gyzykly bir zada seredensirän boldy.
-Biz olara hemişe kömek edýärdik – tokaý ruhy batly gepläp başlady. Hat-da aýy hem şapbyldamasyny goýup gyzyklanma bilen ony diňläp başlady. –Öňler bizden kömek soraýardylar, ynanýardylar. Häzir näme?! Gereksiz boldukmy? Ine saňa minnetdarlyk! Sag boluň köp-köp! – ol biraz dymdy we egninden gopan bir bölek mohy tüýkürip ýerine ýelmedi.
Öý ruhy pikire batdy we gaşlaryny çytdy.
-Nämä janyňy ýakýaň beýle? Men seň diýýänleriňden däl. Meň öýümde düzgün tertip ilkinji ýerde. Häzir-ä täze ýerde ýaşap öwrenişip başladyk, ýöne bärde-de ähli zat meň garamagymda. Ýogsa-da, sen meni näme üçin çagyrdyň?
-Tanyşaýyn diýdim-laý. Biz bu ýerlere suw ruhy bilen gözegçilik edýäs. Ana, ol ýerde derýa bar – diýip ol elini derýa tarap uzatdy. – Ol gelip bilmedi, häzir samyrlar bilen dambony remont edip ýör ol. Ýöne salam aýtdy. Indiki gezek tanyşarsyňyz nesip bolsa. Görýän weli sen gowy oglan, dostlaşarys häli.
-Senem! – öý ruhy uzadylan eli gysdy.
-Gel onda, hemme zady gürleşeli. Meňkiler saňa azar bermezler. Bärde bir tokaýçy bar, Kuzmiç diýýärler. Gowy adam... ýöne köpräk içýär. Men onuň hojaýyny däldirin, şonuň üçin jogapkärçilik çekmeýän. Towşan bilen mümkinçilik bolsa azyrak gepleşjek bol. Eşidýäňmi pişik? Men muny saňa diýýän.
Pişik baş atdy we mordasyny ýuwmagy dowam etdi.
-Beýlekileriň-ä häsiýetleri erbet däl. Mesele ýüze çykmaz. Sende kimler bar?
-Mende-de ine... – öý ruhy mordasyny ýuwup bolup dilini yzyna salmagy ýatdan çykaran pişigi görkezdi –ýöne olam erbet däl, boljak, elbet-de, geňräk häsiýetleri bar, ýöne oňuşmazça däl, gowy oglan. Halk – Güjikowiç, ol buddist. Oňa duşsaňgepleşmejek bol. Maslahat beremok gepleşmegi. Erbet oglan däl ýöne olam. Bikäme-hä entek görünme, nerwniräk ol soňky wagt. Ýene girdenek bar, ony bolsa näme etseňem nebsim agyrmaz, basyber! Şeýleräk, umuman...
-Gepleşdik onda! – tokaý ruhy öý ruhunyň egnine ýelmedi – gitdim men, işler köpräk. Üstünlik saňa! Görüşeris.
-Düşünişdik, ýagşy, görüşeris...
Öý ruhunyň gündeliginden fragment:
Dowamy bar

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.