Şükür.

Şükür.
Dünýä indim guly bolup Allanyň,
Bu bäş gün panyda synalmak üçin.
Ýaradanyň beren ömrün ýaşabam,
Bakylyga tarap ýönelmek üçin.

Şükür edýän: Adam bolup gelenime,
Haýwan edip ýaratmadyň Hudaýym.
Pikir berdiň, özbaşdak aň-düşünje,
Şoňa-da begenýän şükür herdaýym.

Şükür edýän: Yslam bolup gelenime,
Özge dinde doglup uýmanym üçin.
Halal, haram näme? Bilmezdim asla,
Näme zerur bolar?... imanym üçin.

Şükür edýän: Türkmen bolup gelenime,
Muňa-da ýene-de begenmek bag:t.
Beýik Allaň nazar salan ýerinde,
Mukaddes toprakda dogulmak bag:t.

On iki süňňüm abat, aklym ýerinde,
Beýik Allam Saňa şükürlem bolsun.
Seni razy etsem armanym ýokdur,
Saňa diňe gowy pikirlem bolsun.

Awtory: Dawut Hojageldiýew.
0 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.