Kim boldy?

Sen gidensoñ ýaşaýyşyñ
Ak garasy deñ boldy.
Üýtgäp dünýä garaýyşym
Maña bar zat geñ boldy!

Durmadym kän gürläbem
Kemäberdi gülmämem
Ala gohly dünýämem
Ses sedasyz sem boldy!

Bilmän näme aýdanym
Nirden kemter gaýdanym?!
Söýüp diñlän aýdymym
Bir düşnüksiz heñ boldy!

Gözlerim elek-çelek
Terse aýlanýar pelek.
Düýnki şadyýan melek
Haly harap teñ boldy?

Diýdiñ gara gözleriñ
Özgelere dözmerin...
Şol derman deý sözleriñ
Gör kimlere em boldy!

Ýakyp yşgyñ kitabyn
Syrdyñ ýüzden nikabyñ
Gol tutuşan nikalyñ
Aýt kim boldy? Kim boldy?
Awtor:Nurekowa Gülnäz

8 лайков 128 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
28 ноя 2023, 02:02
Owadan goşgy. Zametkamda dur şu köp wagt bäri.
Gulnaz Nurekowa
Автор 28 ноя 2023, 10:13
Pegas,
?
Enegul
28 ноя 2023, 19:47
Gysga hemde manyly goşgy bolupdyr brawo
Gulnaz Nurekowa
Автор 30 ноя 2023, 13:59
Enegul,
Minnetdar
Myrat
30 ноя 2023, 17:48
Berekella. söz ýok, gaty gowy bolupdyr.