Birden...

Men birdenem goňşumuzyň towuk keteginde özüme geldim. Soňra täzeden uka gitdim. Gözümi açamda ýumşajyk kürsüň üstünde täzeje penjegmiň üstüne kofe döken ýaşajyk gyzjagaza käýäp oturkam oýanandygmy bildim. Men oýanandygmy aňşyramsoň birden käýemämi goýdum. Ýere bakyp duran gyzjagaz otagdan çykyp gitdi. Birdenem meň ofisimiň, has dogrusy uly iş binasynyň 19-njy gatynyň penjiresini döwüp içere Piter Parker girdi. Elbetde, roly ýerine ýetirýän her saparky  Piter Parkerlerden bu gelen başgaçarakdy. Ol hakyky Piterdi. Howwa. Ol gelip meň bilen salamlaşdy. Aýnany döwüp içere gireninde onun egnini aýna gyýylçaklarynyň biri kesip geçen eken. Men ýarasyna elimi goýup göresim gelýärdi. Şeýle bir isleýärdim. Ýöne ol garşy çykdy. Men bolsa onyň kellesine ýumrugym bilen bir udar berdim. Çaşdy. Soňra ganyna barmagmy degirdim. Näme üçindir şol wagt Piter ümürlendi-de gözümiň öňünden ýok bolup gitdi. Soňra ýangyn söndüriji işgärler ofisimiň otagny döwüp içere girdiler. Men "Ýangyn barmy?" diýip, olaryň yzy bilen bile giren ýaňky ýaş gyzjagazdan soradym. Olam "Ýok,  Odur Budurowiç bular siziň bilen gyssagly ýagdaýda görüşmek islediler. Menem ol şu wagt işli diýdim. Bularam ine şeýdip içere girdiler" diýdi. Ýangyn söndürijiler "Biz bu ýere batbörek gözläp geldik" diýdi. Ýaňy bize Wäňkbaýewiň öýünde ýangyn döränligi hakynda habar berdiler. Bizem haýdan-haý batböregmizi aldyk-da ýangyn bolýan öýüň golaýna gelip uçurmaga başladyk. Birdenem asmanda gaýmalap ýören bir dört göz oglan elindäki jadyly taýajygy bilen biziň batboregmizi nyşana alyp bir zatlar diýdi. Şondan soň biziň batböregmiz siziň ofisiňiziň penjiresini döwüp içere girdi. Bize batböregmizi gaýdyp beriň. Biz oýnumyza dowam etmeli. Wagtymyz çäkli. Günortanlyk arakesmede Wäňkbaýewiň öýüni söndürip ýene şol ýerde arakesme gutaransoň oýnumyza dowam etmeli. Men olara bar zady düşündirdim. Olar ynanmadylar. Batbörekleri bilen Piter Parkeriň arasynda dag bilen deňiz ýaly tapawut bardygyny aýtdylar. Soňra olaryň içlerinden biri "Men häzir ony alyp geleýin!" diýip Piteriň gelen ýerinden, äpişgeden özüni ýere oklady-da 10 minut geçenden soň Şerlok Holms bilen bilelikde ofis otagymyň gapysyndan içeri girip geldi. Şerlok maňa garap "Syçanlar haçan pişikler bilen itler hakda gybat edýandiklerini bilýäňmi?" diýdi. Men bolsa "Ýok" diýdim. Holms "Bu günäkär. Sebäbi ol "Täze ýyl arçasyny bezänlerinde iň depesine ýyldyzjyk goýulanok" diýip, aýtdy" diýdi. Soňam olam äpişgeden bökdi. Bökmezinden öňürtem "Muň günäkärdigine hemmäňiz şaýat. Sebäbi bu hemmäň gözüniň öňünde  arça bezeginiň esasy kanuny bozjak jümleleri aýtdy ahyryn" diýdi. Soň ýangynsöndürijileriň biri meni sag aýagymyň injiginden tutdu-da ýere serip äpişgäň golaýna süýräp eltip zyňyp goýberdi. Men ýere patlap düşdim. Soňra bulutlaryň üstünde oýandym. Ýanymda bir oglanjyk uçup barýardy. Men ondan "Ýangyn söndürüjileriň batböregini ýoklan oglan sen şolmy?" diýip soradym. Ol "Ýok" diýdi. "Seni aldadylar" diýdi. "Sen nähak töhmet bilen äpişgeden atyldyň" diýdi. Men bolsa bilýänligmi aýtdym. Barynada Holmsyň lygy sebäp boldy diýibem sözümiň üstüne goşdym. Oglanjyk howada pyrlandy. Hezil edip güldi. Iň uly günäkär Holms däl-de goňşymyň towuk ketegidigni aýtdy. Soňra men ondan kimdigini soradym. "Piter" diýdi. Ýöne kerep bilen uçýan Piter däl-de Piter Pändygny aýtdy. Ondan nirä barýanlygymyz soradym. "Meň Jennetime!" diýdi. Biz ýyldyzyň içine girdik...

Ruçka Depder.
2 лайков 141 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
22 дек 2023, 14:07
Demo da? Gowy demo!
Edepli Gödek
Автор 22 дек 2023, 17:42
Khanture,
Şeýleräk?
Uly Hojaýyn
22 дек 2023, 19:39
Gynansakda hiçzat göz öňüme gelenok! Emeli aňdan enaýy ýazylmandyr...!
Edepli Gödek
Автор 22 дек 2023, 20:38
Uly Hojaýyn,
Muny ýazanam emeli aňdan enaýy däl? emelsiziň biri
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 10:17
_Bayat
Uly Hojaýyn,
Muny ýazanam emeli aňdan enaýy däl? emelsiziň biri

Molodes, kabul edip bilipsiň, senden fantez mistik çykar :)), Kahnture ýaly kritika çydap bilmeýän adamdan hiçhaçan! Soňky döwür kritika çydap bilenok şol oglan, haçan görseň sähel mähel zada gaharlanyp ýör...
#B.S
23 дек 2023, 11:40
Uly Hojaýyn,
Ýymyrtalaý saňada ??? Kritikany kritika şekilli et ilki tankytolog!
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 11:45
Khanture
Uly Hojaýyn,
Ýymyrtalaý saňada ??? Kritikany kritika şekilli et ilki tankytolog!

Palestinleriň howandary, köşeş biraz! ;)
Belki
25 дек 2023, 15:12
Odur Budurowiç, ) Ruçka Depder - bet!!!