Ýazylyp gitdi

Senden aýralykda meñ üçin agyr,
Yşk ýüki gerdenim edipdir ýagyr,
Ylgaplar barjak men gerekläp çagyr,
Ýürek gussalardan ezilip gitdi

Kalp töründe söýýän diýenje andym,
Seni oýlap arzuw atyna mündüm,
Geçmesi kyn boldy sekundyň mindiň,
Wagt kerwenniň yzy uzalyp gitdi.

Küýsemek duýgusy girensoň güýje,
Ukusyn terk etdi asuda gije,
Ýatlamajak bolup urundym nije,
Gözlerimden ýaşlar süzülip gitdi.

Ýalňyzlygam gurşap aldy goýnuna,
Men haýranam yşk söýgüniň oýnuna,
Jennet ysy gelen akja boýnuňa,
Ýyldyzlardan monjuk düzülip gitdi.

Barlygyñda gorkman howpy-hatardan,
Ýollar uzak ýalñyz ýaşap öterden,
Seniñ bilen gol tutuşyp oturdym,
Derdimiñ ýumagy çözülip gitdi.

Şeýdip aşygyñdan habar alyp dur,
Bolmanda düýşümde myhman, gelip dur,
Hat diýip ýazanlam dessan bolupdyr,
Tarypyña namam ýazylyp gitdi.

Süleýman Tekäýew
3 лайков 34 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
23 фев 2024, 11:11

Ýaş şahyrlaryň birimikä?