Ahmyr.

Ýaz ýeline ýüzümizi ýuwardyk,
Leýlisaçlaň gujagyna gysylyp.
Ýygralygyň geçip bilmän ýüzünden,
Durmazdyk biz boýunlardan asylyp.

Gülki bilen günlerimiz gyzardy,
Şol wagtlar bagt bilen aşnadyk.
Ýüreklerde ýokdy gaýgy,aýralyk,
Ýokdy biziň arzuwlarmyz paşmadyk.

Seýilgähi yşgymyza bürärdik,
Oýnap ýören çagalara meýil edip.
Ýadyňdamy?"Oglum bolsa..." diýeniň,
Şonda neçün "Ikimiziň!" diýmediň?

Bir perişdäň gulagyna ilişdi,
Meni telim örtän,ýakan hyýalyň.
Şol günden soň men-ä gezdim dommaryp,
Senem bolduň bir bagtlyň aýaly.

Aýralyga dözüm etdik,ýaşadyk,
Sen ogul dogurdyň,men bolsa gussa.
Düýnden ýakymsyz ýel öwüsdi durdy,
Men seni ýatladym ýüregim gyssa.

Barybir aýňalyp bilmedim soňam,
Wah,neneň gyýanyň duýmadyň şonda!
Biz aşna dälmidik bagtymyz bilen?
Neçün "Ikimiziň!" diýmediň şonda?!
4 лайков 36 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Qwerty..
01 апр 2024, 17:01
Awtor öziňizmi?
Abdilla85
01 апр 2024, 21:48
Говы шыгыр
Myrat
Автор 03 апр 2024, 07:06
Qwerty..,
Ýok, Aşyr Hanow.