GAÝGYSYZ ATABAÝ /taryhy roman/
GAÝGYSYZ ATABAÝ
(Taryhy roman)
BIRINJI BAŞ
Gaýgylyja Gaýgysyz
Belentli-pesli, baýyrly-jülgeli Köpetdag uly halyň kenaryna salnan nagyş ýaly, Kesearkaçda gaýma bolup, ýüzlerçe kilometre uzaýardy. Onuň arçaly, umgaly, daglary-da, owunjak çeşmeli, käkilikli jülgeleri-de, tokaýly ýyrtyjyly çuňňur dereleri-de, hat-da ösümlikden mahrum ýylçyr gaýalary-da düýe örküç baýyrlary-da, eteginde önüp-ösenleriň gözüne nähili gowy görünýärdi!..
Çarwalar, çopan-çoluklar üçin giň sähranyň Kesearkaçda oturanlar üçin daglaryň özlerine görä aýratyn lezzeti bar. Daglary, gör, nähili wasp edýär:
Senden geçdi nije merdan,
Görenleriň akly haýran,
Saňa çykyp kylsam seýran,
Neşeli, humarly daglar!..
Şol ''Neşeli humarly'' daglaryň eteginde bir ýerde ullakan oba ýaýrap otyrdy. Onuň köpüsi gara öýden ybarat bolup, onda-munda palçykdan salnan tamlar-da görünýärdi. Şol obanyň käýerinde, ylaýta-da ýap boýlarynda bäşlän-üçlän ullakan söwüt seleňläp görünýärdi. Köplenç ýeri bolsa syrylan takyr kelle ýaly ýalaňaç çaňap ýatyrdy.
Şol obany iki bölüp, ortasyndan geçýän ýap dag siliniň zarby bilen nowhana aýlanypdy. Ygallyk ýyllarda şonuň ägirt derýa ýaly bolup akýany, tä siliň joşguny ýatýança, iki aranyň gatnawyny kesýäni öňüne gelýärdi. Onuň içindäki düňderilişip ýatan daşlar-da sil suwunyň joşgunly gelýänini habar berýärdi. Häzir tomus aýagynda syrygyp barýany üçin bolsa onuň düýbündäki irili ownukly çaglyň üstünden ujypsyzja dury suw şildiräp akýardy.
Şol obanyň ýokarsynda sowgut edilen bir mesene bolup, onuň gutaran ýerinde un harazy bardy. Mesäniň üstüne bolsa gür sowut kölege salýardy.
Ol Mäne obasydy.
Mänäniň, belki, birwagtda suwy bol bolandyr? Onuň ýeriniň bolsa häzir-de ölçegi ýok. Belki, onuň üstünden birzaman ullakan kerwen ýoly geçendir? Häzir ol ýönekeý bir oba bolsa, birwagtlar ullakan şäher bolandyr? Türkmenistan taryhynda ol belli bir ýer bolup, şol döwürden galan ýadygärlikler heniz hem ýer bilen ýegsan bolmandyr. Obanyň günbatar golaýyndaky Mäne baba gümmezi heniz hem uzakdan seleňläp görünýär.
Emma Mäne obasynyň ýaşlary, çagalary şol döwürden habarsyzdy, geljegi bolsa olaryň entek akyly kesmeýärdi. Olar gün öýlenen agyp, çala salkynlyk aralaşandan soň giň bir aýtymda pökgi oýnaýardylar. Şolaryň içinde öz ýaşyna garanda has uzynak, garaýagyz oglan örän çalasyn hereket edýärdi. Ol gaçanda zyk etdirmän, kowanda, iki arany örän tiz ýygyrýardy. Şonuň üçin hem dumly-duşda onuň ady ýaňlanýardy.
- Gaýgysyz gaç!
- Gaýgysyz, ýer yzyndan!
- Gaýgysyz gap!..
Çagalar onuň adyny Gaýgysyz diýip tutsalarda gaýgy-aladasy onuň özüne ýetik bolara çemelidi. Onuň agras keşbi, düşük gabaklary sulhuny örän pes görkezýärdi. Ýöne weli, ol şol wagtda oýundan başga bir zat bardyr, oýunda utmakdan başga bir lezzetli zat bardyr, diýip oýlaýana meňzemeýärdi. Ol bütin ünsüni, pikirini oýna berip, başga käbir oglan ýaly ýaly aňalyp durman, bütin göwresi bilen topulýardy, gaçanda, yzyndan zyňylan pökgüden sap atyp, kä ýapyrylýardy, kä bökýärdi, maňlaýyndan akýan dere parh goýman bar gujury bilen ýaranlaryny eşekçi etmezlige çalyşýardy, kowanda bolsa, öňündäki jylawyny öz eline alana çalym edýärdi.
Gaýgysyz bir gezek gaçyp barýan oglany pökgi bilen uranda ol böwrüni tutup ýan berdi. Onuň ah-wahy bolsa çyryşla ýetdi. Kim bilýär, belki hem, ol aýratyn zarp bilen salandyr?
Torlanan pökgi syk bolany üçin, bolmanda-da örän gaty degýärdi.
Urlan oglanyň gykylygy, has dogrusy, çarbaýlygy zerarly oýun daýandy. Togalak, reňkli gyzgylt, dodaklary ýalama oglan aglamjyrap Gaýgysyza parhsyz sögýärdi.
- Sen ýetim haramzada, meni möçükdirjek bolup bilgeşländen uransyň!
Emma Gaýgysyz gaharlanman, bilgeşländen etmänini ynandyrjak bolup jan edýärdi.
- Aý Gardaş, seni möçükdirer ýaly meniň sende garazym ýok ahyry!
Olaryň daşyna üýşen oglanlaryň köpüsi Gaýgysyzy aklamaga çalyşýardy. Ýöne weli, ýalamanyň-da tarapdary ýok däldi.
- Gaýgysyzyň bilgeşländen gaty urmanyna men şertem edip bilerin.
- Aý oýundyr-da aýt, kä gaty deger, kä çala. Aslynda atanlykda oglanyň başy kel bolarmyş.
- Sen aýt Jürjene, aýdýan gepiňi bilip aýt. Pökgiň degen ýeri ömürlik tagma bolup galmasa-da biridir.
-''Arym köýenden - imanym köýsün'' diýmekçi bolsaň, anha pökgi, ony al-da Gaýgysyzy eliňde bar güýjüň bilen uraý.
Maňlaýy tüňňi, gözleri çukanak bir oglan örän örän herrimsek gepledi.
- Oýunda degen pökgi üçin şol-a barmagynam degirmez!
- Şol-a beterem eder aýt!..
Gykylyk gopgun artdy.
Dodagy ýalamaz başardygyndan çarbaýlyga salýardy, hiç kimiň sözüne gulak asmaýardy, birdenkä bolsa pursat arap, Gaýgysyzdan ýumruk saldy. Gaýgysyz onuň jogabyny bermänkä bolsa ara düşüp, ikisini hem tutdular. Emma elden aýakdan çykyp dyzaýan Gaýgysyzy rahatlandyrmak örän kyndy. Ony ýumruk däl-de ar-namys gozgalaňa salan bolara çemelidi. Onuň gazaby garamtyl ýüzünde gyzgylt öwşün atýardy, dyzaýardy.
- Goýberseňiz-le... Men onuň agzyna bir gök siňek gonduraýynla!
Oýun dargady. Dodagy ýalamany iki sanysy goltuklap, öýlerine bakan alyp gitdi. Emma Gaýgysyz, oglanlaryň hiç biri bilen gitmän, hiç haýsysynyň diýenini etmän, dodagy ýalamaň yzyndan ýumrugyny gezedi.
- Senjagaz, niçesar gabanyp saklanarsyň! Seniň iýeniň içiňe depýär. Sen haramzada, mesligiňe çydap bileňok! Men aç garna ýatyp bilerin, emma namys astynda ukym tutmaz. Sen ahyry meň elime düşersiň. Şonda seniň burnuňdan ik ýaly gan getiräýmezmikäm!..
Gaýgysyz hamsykjak ýaly etdi-de, birden-kä beýik mesenä bakan ökje göterdi.
Oýun aýtymy boşap, göçen ýurt ýaly çaňjarlyp galdy. Mesenä çykan Gaýgysyz töweregine göz gezdirmän ýüzüni aşak salyp, haýal-ýagal ädim urdy-da, kesilip goýlan gury agajyň üstünde oturdy, maňlaýyny iki eliniň arasyna aldy. Onuň gymyldysyz dymyp oturşy, durmuşdan mahrum bolan töňňä çalym edýärdi. Onuň ösgün hyýrsyz gara saçy çugmak iňňä çalym edýärdi. Ýamaly biz köýneginiň käýerinden garamtyl teni görünýärdi, sal-sal bolan balagyndan inçemik uzyn injikleri darty ýaly saklanýardy. Ýalaňaç aýaklarynyň ökjelerindäki ýaryklaryň her birinde guş guzlaýmalydy.
Ol başyny galdyryp harazyň çarhyna bakan çalasyn akýan suwa garanda, gözlerinde ýaş görünýärdi. Ol aglamandy. Onuň agras süýnmegräk ýüzünde okara ýaly ullakan owadan gözleri gaýgy-gam bilen doludy. Enaýy dodaklary çala kemşerýäne çalym edýärdi. Ýöne weli, ony häzir nämäniň harlaýany keseden seredene anyk däldi. Ýaňky dodagy ýalamanyň ýersiz ýere beren ar-namysydy? Geýiminiň ýyrtyklygy, garnynyň açlygymydy? Ýa borara öýleri, dert-azaryny aýdara hossarynyň ýoklugymydy? Ýa-da başga aýratyn oý-aladasy barmydy?
Çaganyň durmuşy, elbetde öwerli däldi.
Ol üç ýyldan bäri obanyň sygryny bakýardy. Ertir ir bilen gün dogar-dogmazda onuň şaňňyja sesi ýaňlanýardy.
- Aý, sygyrly sygryňy goýber h-a-aw!..
Ýyl ygally bolanda ýazyň dürli otlary hem gyrtyç dyza çykyp, ýer ýüzi özüne aýratyn bir görk berýärdi. Onuň samany güýzi-gyşy bilen-de gutarmaýardy. Şeýle bolanda, garynlary ýagyrnylaryna çenli göterilen semiz sygyrlar çyrpyly guýruklaryny bulaýlap, örän ýalta hereket edýärdiler. Şeýle jomart ýyl çopanyň zähmetini ýerledýärdi. Emma asman gysgançlyk edip ýyl gurak gelende, garan ýer ham çaryga dönýärdi-de ýerde giýa gögermeýärdi. Şeýle ýylda garynlary içine gidip, süňklerinden torba asaýmaly arryk sygyrlar ondan oňa hallan atýardy. Olaryň burunlary tozanly ýerde sümsünse-de, aç gözlerini argyk göwrelerini ondan oňa alyp gaçýardy. Şeýle ýylda çopanyň gününe it aglaýardy. Ol ondan oňa selpäp, aňy aşan sygyrlaryň birini gaýtarsa, beýlekisi ümdüzüne tutdurýardy, üçünjisi bolsa towşan toýnagyny şarkyldadyp, ekin agtarýardy. Şeýle ýylda günsaýyn onlarça kilometr selpeleýäni üçin Gaýgysyzyň agajetli aýaklary özünden-özi hereket edýän ýaýa aýlanypdy. Dumly-duşa pytraýan aç sygry toplap bolmaýany üçin, ekine düşen sygyr zerarly sögünç eşiden ýeri, käte gulagyndan çekilen çagy-da gyt bolmandy.
Gaýgysyz özüni häzir gymyldaman oturka-da:
- Heý, şahyň gurşun,.. Guýrugyň başyň iýsin - diýip, sygyr yzynda hallan atýan ýaly duýýardy. Şonuň bilen bile, ýaňky ýalaman oglan gözüniň öňünden gitmeýärdi, göwnüne bolmasa ýumruk degen ýeri awlap duran ýalydy, uzyn barmaklary bilen barlap görende bolsa, ýumrugyň nirä degenini hem seljerip bilmeýärdi.
Onuň darajyk beýnisi ýönekeýje bir zadyň aňyrsyna ýetip bilmeýärdi: ýagşy, goýun bakmak ýa sygyr bakmak aýypmy näme? Her kim bir zatdan çörek iýmeli ahyryn! Ýöne weli, özüň bilen deň oglanyň minnetini näme üçin çekmeli? Ýalamanyň ýumrugy nämeeňkiden güýçlimi? Bu gün men şujagaz arymy gidirsem, ertir ol meniň üstüme howut salyp münmezmi? Men indiden soň agam öldüräýse-de şolaryň sygry-na bakman! Eger bakmaga mejbur bolaýsamam ''ekine düşende edipdirler'' diýip, guýrugyny kesip taşlaryn'' şonda sygryň syrty ýalamanyň öz dodagyna meňzemezmikän?..
Şol surat gözüniň öňüne gelende, Gaýgysyz jakgyldap gülenini-de duýman galdy...
Ol gulagyna bir zadyň tyrkyldysy gelen ýaly bolup, töweregine garasa, iki bükülen gojanyň towşan taýaklajak ýaly ýapyrylyp gelýänine gözi düşdi. Diňe ol şonda bir gobsunyp, nirädir gitmäge küýlendi. Emma gojadan gaçmany özüne uslyp bilmäni üçin, öňki ýerinde oturdy, goja ýanyna gelende, salam berdi.
- Hasasyna söýenen goja gabaklaryny üşerdip seretdi, emma salam beren oglany saýgaryp bilmän:
- Kimdir bu? - diýip sorady.
- Men Gaýgysyz Nobat aga.
- Hä Gaýgysyz diýsene... Täç serdaryň ogly.
Hasasyny söýget edinip, sähelçejik beýge itiň güni bilen çykan goja ah-wahlap, ýene hasasyna söýendi.
- Amanmy köşegim, Gaýgysyz? Sag-gurgunmysyň? - diýip, mäzleşen görejini gezdirdi-de, hasasyny tarkyldadyp, eserdeň barlap, görüp Gaýgysyzyň ýanynda oturdy, tanamak isleýän ýaly oňa çiňerildi.
- Balam, sen bu ýerde ýeke özüň näme işläp otyrsyň?
Gaýgysyz ýaňky dodagy ýalama bilen eden sene-menesini neden aýdypdy, birdenkä bolsa elini agzyna ýetirip, sözüni başga zada sapdy.
- Ýaňyja oýnap ýadadyk-da, gaýry kölegede birsalym seleňläýin diýip otyryn.
- Örän gowy, köşegim, örän gowy!.. Sen oglum, häzir näçe ýaşyňda?.. Seniň ýaşyň... dur entek, dur entek... men ýalňyşmaýan bolsam, sen şol ýagynlyk ýazda bolansyň. Ondan bäri näçe ýyl geçdikä? - Ol barmaklaryny basyp, galdyryp, üns bilen sanady - Sen, hanym, häzir on ýaşyňda.
- Dogry, Nobat aga. Geldi - kakamam şeý diýýä.
Goja ýanyndaky oglana ýene bir gezek çiňerilip, onuň başyny sypalady.
- Ah, balam, seniň şol Geldi kakaň gursun!.. Geldi bir adam bolsa, sen şu görnüşde bolarmydyň? Seniň kakaň nähili adamdy?.. Inerden, elbetde, ýurdagaýdar göherdem dogan ogşuýa-da?..
Seniň başga bir agaň Agajan serdardanam meniň suw içenok. Ol bir adam bolsa, seni süpügiň elinde galdyryp, özi Mara göçermidi?
Gaýgysyz öz agalaryna ýaman söz aýdylanyny islemeýän ýaly, gürrüňi başga ýana sowdy.
- Nobat aga, men ejem-ä bilemogam. Kakam diňe düýş ýaly ýadyma düşýä diýip bilmän, birhili sandyrady-da, ýüzüni aşak saldy.
Öz oýy bilen meşgul goja onuň agyr ýagdaýyna üns bermän, diňe näme diýmek isleýänini sorady.
- Näme diýdiň, oglum?
- Aý, hiç zad-a...
- Onda sen maňa gulak as!
- Hoş Nobat aga
Goja öz gürrüňine päsgel ýetmezlik niýet bilen başardygyndan rahatlanyp oturdy.
- Balam, Gaýgysyz, meniň dünýäde aýym-günüm dolup, indi duz hakym galandyr. Käbir zatlar barada menden başga saňa gürrüň berip biljek hem ýokdur. Şonuň üçin, ikinji dünýä ädim ätmezden öň men saňa bolan öz borjumy berjaý etmek isleýän...
Gojanyň sözünden hiç bir zat düşünmedik kiçijik çaga:
- Nobat aga, ikinji dünýä diýýäniň näme? - diýip sorady. Goja göwünsiz geldi-de elindäki hasasyny ýere dürtdi.
- Meniň ýakynda barjak ýerim, balam, ynha, şunuň aşagy. Çaga onuň nämäni görkezýänine ýene düşünmän, oturan ýerleri mesene bolany üçin geňirgäp sorady.
- Nobat aga, näme kilwan bolaýjakmy?
Goja bu sapar keýp edip geldi-de, ýanyndaky çaganyň başyny sypalady.
- Köşegim meniň o dünýä diýýänim gabyrdyr. Meniň bir aýagym şu dünýäde bolsa, ikinji aýagym gabyr gyrasynda durandyr.
Gaýgysyz oňa gözlerini mölerdip seretdi:
- Gabyr diýýäniň Nobat aga, gonamçylyk dälmi?
- Hawa
- Bä, onda näme hezillik bar? Men-ä sygyr gaýtaramda çendan şoňa baryp görýän weli göwün açýan zada gözüm düşenok.
Ol ýeri gum-gukluk.
- Balam, şol ýerik hiç kim öz peýwagtyna gidýän däldir.
- Onda... onda o ýerik seni kim iberýär?
Goja iň soňunda dogrulamakdan başga çäre tapmady.
- Ölüm!
- Ölüm? Hä, ölüm diýsene!
- Hawa, balam, ähli jandaryň iň soňky ýoldaşy şoldur. Çaganyň bu saparky sözi edil uly adamyňky ýaly çykdy.
- Äkitjek ýeri şol bolsa, men-ä öz erkime bolsam, onuň yzyna düşmen!
- Menem, balaň, öz erkime giderin öýdemok.
- Şeýtgin, Nobat aga, tä ölýänçäň şu dünýäde ýaşabergin!
- Heý, berekella!
Gojanyň gutarman goýan sözi ýadyna düşen çaga oňa sowal berdi.
- Nobat aga, ýaňy bir zat borjulady diýdiňmi?
- Borjulady?
- Hawa. Onsoňam ''ödi'' diýdiň
- Hä-ä, düşündim, balaň, düşündim... Men borjumy ödäýin diýdim.
- O näme diýdigiň boldy?
- Ony bilmek isleseň, üns ber!.. Seniň kakaň hanym, ýönekeý daýhanlar ýaly däldi.
- Eýsem nähilidi?
- Seniň kakaň jahyl wagtynda biziň obamyz Maryda oturýardy. Seniň kakaňam, bizem Syçmaz taýpasynyň Alajagöz tiresindendiris. Täç serdaryň kakasy Atabaý aga kethuda daýhan adamdy. Emma seniň kakaň Täçserdar bolsa, il-günüň aladasyny edýän serdarlaryň biridi...
-Il-gün diýýäniň näme. Nobat aga?
-Ilatyň, obanyň diýdigim.
- Hä şeý diýsene.
- Balam seniň entek durukmadyk akylyň oňa ýetermi-ýetmezmi, şeýle-de bolsa, Täç serdaryň serkerdeliginden men saňa bir hekaýa sözläp bereýin.
- Hekaýa diýýäniň ertekimi?
- Hawa... erteki?
- Men ertekini gowy görýän sözläber.
- Mundan näçe ýyl öň diýeýin men saňa... dur entek, dur entek...
- Goja barmaklaryny basyp-galdyryp sanady. - Mundan otuz ýedi ýa otuz sekiz ýyl ozal Mary tekeleriniň üstüne gajar goşuny döküldi... - Garageldi diýýäniň, bol tezege gonýan owunjak üwmek tomazajyklar dälmi?
- Şol owunjak tomazaklara ''garageldi'' ady, hanym şol wakadan galandyr. Eýranyň gajarlar urugyndan bolan Nasreddin şa Maryň üstüne altmyş alty top bilen ýetmiş müň goşun iberdi. Onuň goşun başy serkerdesine Hemze Mürze diýýädiler. Men şol wagtda kyrk ýaşymdadym. Hawa, Gajar goşuny hüjüme geçmän, arada uruş ýa ýaraşyk barada gürrüň açman, bir aýa golaý azm urup, bir ýanymyzy gabap çyrpynyp ýatdy. Şonda Gowşut han ilatyň ähli serdarlaryny, ýaşulylaryny ýygnap, maslahat geçirdi.
- Gowşut han diýýäniň meň kakamyň kakasymy?
- Ýok. Gowşut han Mary türkmenleriniň hany bolup, örän akylly, parasatly, adalatly adamdy... Hawa serdarlaryň hemmesi, häziriň özünde gajar goşunynyň üstüne hüjüme başlalyň diýip dyzadylar. Emma Gowşut han ony maslahat bilmän, öňi bilen sypaýyçylykly habarlaşmagy makul bildi. Ýöne weli, Eýranyň goşunbaşysyna ýazylan hat sypaýy bolman, örän wejerady. Şonuň üçin ony nökerleriň hemmesi ýat bilýärdi. Hawa, şol wagtda menem nökerdim. Diňe men däl, eli ýarag, pil gyrkylyk tutup bilen, hatda aýal-gyzlara-da, esasan nökerdi...
Gojanyň häzirki gürrüňi kiçijik Gaýgysyz üçin eşegiň gulagyna doga okandan enaýy däldi. Emma gürrüňe adatlanan käte töweregindäkileriň turup gidenlerini-de duýman, öz telpegine gürrüň berip ýören goja märekä gürrüň berýän gyzygyp sözledi.
- Şol hat hiç wagtda meniň ýadymdan çykanok. Ol şeýle başlanýardy: ''Maglum bolsun kim, Gowşut hanyň dilinden: Eý, Hemze Mürze, Eý, Gara sertip, eý şazada hem sypaýylar! Siz Nasreddin şanyň goşunyna baş bolup birnäçe harç-harajat çekip gelipsiňiz. Siz habar-hatyr barman, bir aýa golaý köne harabada näme işläp ýörsüňiz? Eger siz uruşmakçy bolsaňyz, onda, geliň, urşalyň. Eger siz köne harabada diňe gatyr guýruklamak üçin gelen bolsaňyz, onda biziň Mary ýurdumyzyň berekedini gaçyrmaň-da, derrew yzyňyza ökje göteriň! Gatyr guýruklamak üçin näme siziň öz ýurduňyzda köne haraba ýokmy?..''
Goja göýä diýersiň şol wagtdaky nökerleriň arasynda oturan ýaly, gözlerini ýaşardyp keýp edip güldi.
Emma kiçijik Gaýgysyz onuň masgara manysyna düşünmän:
- Nobat aga, guýruklama diýýäniň näme? - diýip sorady.
- Onuň manysyna, hanym sen, ulalaňda düşünersiň. Häzir bolsa gulak goý: şol masgara haty Hemze Mürze bilen Gara sertibe alyp giden-d, hanym, seniň kakaňdy.
Gör, ol nähili batyr adamdy!.. Şondan soň gajar goşunynyň üstüne hüjüme geçildi. Bir hepde dowam eden söweşde Murgap gana boýalyp akdy. Nasreddin şanyň ýetmiş müň goşunyndan diňe Hemze Mürze gaçyp gutuldy. Onam yzyna gaçyp baranda Nasreddin şa asdyrypdyr. Hawa, ummasyz goşunyň gyrlany gyryldy, galany ýesir alyndy. Ynha şu oturan goja näme, aýtsam, belki ynanmarsyň: menem atyň tanapyna çatyp, bir özüm on guly ýesir aldym...
- On guly ýesir?..
Men hasap däl, hatda aýallardanam ýesir alanlary boldy. Guluň bahasy öň ýüz tylla bolan bolsa, şondan soň gyzan bazarda bir tylla geldi.
- Meň kakamam ýesir aldymy?
- Balam, seň kakaň ýönekeý adam däl diýip, men saňa aýtdym ahyry!.. Dowan şahyryň: ''Gowşut han, başyňa bagt guşy gondy'' diýip wasp edýän goşgusynda seniň kakaň hem ady bardyr. Tekelerden ynjan saryklaryň Gara atly şahyry: ''Täç gök serdar bilen Begmyrat gödek Syçmaza baş bolup Käbilden aşsyn'' diýip igenendir. Hatda ''Jeňnama'' atly kyssa ýazan Abdysetdar Kazy-da: ''Olardyr - Täç gök serdar, Sopy mergen: hemme jenlerde kim iş bitiren, Urup tygyn olar kim duşmanyga; bakmadylar dagy sagy bilen soluga...'' diýip, batyrlygyny, edermenligini, öwendir. Hawa, balam, senem şol Täç serdaryň oglusyň! Täç serdar öz gujuryna bäs gelip bilmeýän adamdy. Ýurtda imi-salalyk emele gelenden soň-da ol atdan düşmedi. At öz aýagyndan kireý islemeýäni üçin, dözüp sürseň, onuň ýetmeýän ýeri ýok. Bir gün ol Mänäň üstünden düşüpdir. Mäne taryhda belli bir ýer bolsa-da, şol wagtda munda ilat ýok eken...
- Şu ýerde ilat ýok eken. Näme üçinkä?
- Orus gelmezden öň, balaň, araçäkde oturmak örän howpludy. Eýran şalarynyň pälleriniň bozuklygyny men saňa gürrüň berdim ahyry!
Araçäge golaý ýerde ýaşajak bolsaň, Eýran şasyna boýun egmelidi. Türkmen bolsa kesekä boýun egenden, boýnunyň oňrulanyny ibaly görýän bir halk!
- Şu keçe telpek kürtlere boýun egmelimi?
- Hawa. Onsoňam, serhediň golaý goltumynda otursaň, eýran alamany talap gidýärdi.
- Bä ýöne oturan ili talabermeli bomy?
- Sen, hanym, şindi bilýän dälsiň. Ol wagtlar gün-güýüliniňki, gowurga dişliniňkidi.
Soňky söz çaganyň ýadyna ýaňky ýalamany saldy. Soň nähili soranyny-da duýman galdy.
- Gowurga m, eýsem, indi kimiňki?
Goja sowalyň äheňine üns bermän jogap gaýtardy:
- Kim gowursa, şoňky bor-da.
- Onda näme harazçyň dodagy ýalama ogly kişmişli gowurgany bir özi bize gijeňläp iýýä?
Goja neden ''ataň degirmeni bolsa, sen halwa-da iýerdiň'' diýipdi. Şol söz onuň keýpini beter bozjagyny aňlany üçin, göwünlik berdi.
- Balam, bu dünýä salşykly çemçedir. Harazçynyň ogly bu gün kişmişli gowurga iýse, sen ertir jüýjeli palaw iýersiň!
Çaga agzynyň suwuny soranyny duýman galdy.
Goja sözüni dowam etdi.
- Hawa. Mänäniň giň öri bilen bol suwuna gözi düşen Täç serdar derrew şu ýerik göçüp gelipdi. Mänäni soňky gezek tutan, şu ýerik ilat ýygnan, köşegim seniň kakaň Täç serdardyr! Munça bolanyna görä balam, men saňa onuň edermenliginden ýene bir wakany gürrüň bereýin: asyl sebäbini, dogrusy, oňly bilemok. Eýran bilen aradamy ýa adalary ölenden iki dogan aradamy, her halda Hyratda uruş emele gelipdir...
Gaýgysyz ullakan gözlerini agdaryp, çyny bilen sorady.
- Nobat aga, Hyrat diýýäniň nirede?
- Owganystanda.
- Ol Çäçäň niresinde bolýa?
- Aňyrdadyr, oglum aňyrda.
- Aňry nire bolýa?
- Murgap derýasynyň ýokarsynda.
- Bä daş eken-ow!
Şol wagtda bir ýerden:
- Gaýgysyz ha-aw! diýen çaga sesi ýaňlandy.
Gaýgysyz oturan ýerinden:
-Ha-aw! - diýip gygyrdy.
- Sen nirede?
- Bärde!
- Sen derrew bärik gel!
- Nätjek?
- Tiz gel, tiz! ýogsam men-ä gidýän.
Ýerinden galan çaga nätjegini bilmän elewredi:
bir ylgajak boldy bir daýandy-da:
- Nobat aga, sen bu ýerde birsalym oturarmyň? - diýip sorady.
- Bar, oglum, bar. Men sen gelýänçäň, garaşaryn.
- Birden ötäýtmegin!
- Arkaýyn bol!
Gaýgysyz her ýerden, bir dürtüp, aýak aldygyna ökje göterdi.
Täç serdaryň şol waka nähili goşularyny, Gaýgysyz gaýdyp gelýänçä, goja öz hakydasyna getirdi.
Berdi KERBABAÝEW

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.