Romanslar barada
Romanslar —15-16 asyrlarda Ispanýada hem dartgynly, owadan söýgi pursatly, drama häsiýetli, taryhy rowaýatlary ýadyňa salýan, ýa bolmasa, batyrgaýlygy, gahrymançylykly, ölmez-ýitmez söweşlerdäki şöhratly gadamlary, urşyň yzasyny, ýitgisini, Ene nalasyny açyp görkezýän eserler bolupdyr. Bu bolsa ispan romanslarynyň balladalarynyň juda aragatnaşyklydyklaryny görkezýär. Ýöne, bularyň ikisiniň-de atlary dogry alaýanyňda cancionera de romances, libre de romans romansero — dyr. Saz romanslary bir sesli we köp sesli görnüşinde ýazylyp, öz ornuny ýokary derejelere ýetiren, ýagny, köşkdäki dabaralar üçin hem niýetlenendir. 15-16 asyrda 40 sany şeýle görnüşdäki eserleri bilen şol döwrüň awtorlarynyň, ýagny, kompozitorlarynyň içinden Huan del Ensinanyň, Fransisko Penýalosaň, Fransisko Millanyň, Huan de Ançiýetanyň we beýlekileriň atlaryny agzap geçmek bolar. Romanslar 18 asyrdan başlap Fransiýada, Germaniýada, Russiýada ornaşyp ýekelikde aýdylýan ansambl we orkestriň ýanynda ýerine ýetirilýän aýdymlara öwrülýär. Romanslar edebiýat meýdanynda hem görnükli orun tapyp, Gýotäniň we Geýnäniň döredijiliginiň güllemegine aýratyn uly täsirini ýetirýär. Şeýle hem 19 asyryň nemes we awstriýaly kompozitorlaryny (Şubert, Şuman, Brams, Wolf), fransuz (G. Berlioz, Ž. Bize, Massne, Guno) we ruslary öz erkine goýmaýar. Lýodwig Bethoweniň, Uzaklarda galan söýgim (1810), Şubertiň Degirmençi gözel we Gyş ýodasy romanslary, rus kompozitorlary Glinkanyň, Musorgskiniň, Rimskiý-Korsakowyň hem şu babatda döreden eserleri aýratyn bellärliklidir. Romanslar esasan gitaranyň we pianinonyň ýanynda ýekelikde ýerine ýetirilmegi aýdymlygyna garamazdan S.W. Rahmaninowyň hem wokal - partiýalarynyň ýokary derejededigini hökmany bellemelidiris. Şeýle hem rus kompozitorlary Alýabýew, Warlamow we Gurilýowyň romanslarynda sygan mowzuklarynyň ýokary derejelerde gaýtalanmagy 19 asyryň dowamlagynda gynançly we öçli romanslaryň döremegine getirýär. Şeýlelik bilen 19 asyr rus romanslarynyň hem gülläp-ösen ajaýyp döwrüdir. Şeýle ýokary derejelerdäki owadan romanslary çeper, ýokary derejede ýerine ýetiren rus ussatlaryndan bolsa A. Wertinskini, W. Paninany, A. Wýalsewany, W. Plewisskaýany, soňraky döwürlerden bolsa Pýotr Leşenkony, Alla Baýanowany, Izabella Ýurewany, Tamara Seretelini we Wadim Kozini görkezmek bolar. Rus dilinden terjime eden Maýa Orazgulyýewa.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.