Ýene seni ýatladym. (oýlanma)
Ýene seni ýatladym. Bu ýere ýerleşenime bir ýyla golaý boldy, emma şuwagt ilkinji gezek otagym dar ýaly bolup görünýär. Kalbymy gemirip gelýän öý-pikirlerinden özüme gaçybatalga tapmadym. Penjiräni açyp, daşarynyň sowuk howasy bilen ýüregimde baslygyp ýatan, döşümi ýalyn ýaly ýalap barýan duýgulamy doňdurmak isledim. Ir baharyň sergin şemaly agaçlaryň başlaryny çala yralaýardy. Edil penjiräniň aşagyndaky şu agaçlara seredip durşum ýaly, birwagtlar seýilgähdäki daragtlary synlap, saňa garaşyp durşym ýadyma düşdi. Garaňky kölegeleriň yrgyldysyndan döreýän dürli keşpleriň arasynda seniň suduryň görnüp giden ýaly boldy...
Seniň bilen hyýalymda gürleşjek bolsamam tolgunýaryn. Diýere sözem tapamok. Öňler agşamlaryna saňa jaň edip gürleşýän wagtlarymam şeýledi. Ýakymly sesiň eşdenimden, endamym jümşümpläp giderdi. Ine, penjiräniň aşagyndaky bu kölegeler hemişe-de bardy, emma olaryň arasynda seniň suduryňy ýatladýan şejkili welin, ilkinji gezek görüşimdi. Belki, şu gün umytlarymyň wysal boljagyna gaty ynamlydygym üçin, seniň bolsa mundan öňki ähli umytsyzlygymyň sebäpläri bolanyň üçin ýadyma düşensiň. Öňler Sen barada oýlanmaýan pursatlarym gaty azdy. Seni hiç haçan ýatdan çykararyn öýtmeýärdim. Indi bolsa seni ýatlamanyma ep-esli wagt bolupdyr.
Sen näme işleýärkäň?! Her gün irden işe gidýänsin... Durmuşyň günde gaýtalanyp duran owun-uşak hysyrdylary seniň ýiti arzuwlaryňy solduraýdymyka?!. Ýa-da edil öňküleriň ýaly müň dürli röwşen arzuwlara beslenip ýörmüň?! Men ýaly bir haly ýeser yzyňda sergezdan bolup, aýly gijeler köçede ýalňyz öz ädimlerini sanaýarmyka?! Biri nirdemiş?! Onusy! Olaryň başlaryndan geçýän ýagdaýlary hem edil aýnada gören ýaly bilýärin. Şunça wagtyň içinde seni gaty gowy tanapdyryn. Şu geçen döwürde men üýtgemedim, emma Sen üýtgediňmikäň?!
Durmuş kitaplara bölünen bolsa, onda Seniň adyň bolen başlanýan kitaba dolmadyk sahypada, gutarmadyk sözlemde soňky nokat goýuldy. Täze kitap bolsa düýbünden üýtgeşik ýerlikde, başka reňkler, başga harplar bilen ýazylyp başlandy. Saňa duşmazymdan ozal gyzlaryň owadan keşbine, gözel syratyna, bezenen eşiklere köp üns bererdim. Indi bolsa owadan bolmadyk gözler bilenem owadan seredip bolýandygyny bilýärin. Emma senden başga ony başarýan barmyka beri? Sesiň, akyyly gürrüňleriňem täsindi. Aýdan sözleriň anyk ýadyma düşýäni ýok, sebäbi maňa hiç haçanam ýüregimi ýyladaýjak mähirli sözleri aýtmadyň, ýöne her gezek gürläniňde, söz tapyşyňa haýranlar galýandygym ýadyma düşýär. Şol haýranlygam meni gün-günden has gowy, diňe bir zatda däl, ähli babatda has gowy bolmaga çalyşmagyma itergi berýärdi. Saňa mynasyp bolmak üçin öz bolşumdan has gowy, has kämil bolasym gelýärdi. Gelişiksiz hereket etsem, öz-özümden utanýardym. Aslynda häzirem şeýle... Bu seniň maňa özüň duýmazdan beren durmuş sapagyňdy...
Seniň adyň ýönekeý at. Adyň adamy bezemän, adamyň ady bezeýändigi çyn eken. Seniň adyňa meňzeş biri bilen tanyşanymda, kalbymda bada-bat şol adam ýakymly garaýyş, sylag döreýärdi. Hamana, seniň bilen atdaş gyzlaryň bary birkemsiz perizat ýalydy. Indi bolsa bu ady eşidenimde, parçlanan umytlar öýke-kinäniň sowuklaç buzlary ýüregimi gysdyryp, köňlümi yza berýär. Bu at gyşyň yüzüňi dilip barýan aýazly şemaly ýaly bilen sowuklygy bilen içimden-bagrymdan geçip gelýäne dönýär. Ýöne durmuş meni biraz taplapdyr. Ýüregim şemala-da, ýagşa-da, bulutlara-da öwrenşipdir. Ýeňsäni ýegşerdip gelýän agyr duýgulary ýüregiňde götermek üçin güýçli bolmak gerek eken. Wagtyň geçmegi bilen agyr duýgularyňam öz agramyny ýitirýändigini maňa wagt hem durmuş öwretdi. Diňe wagtyň elegiňden geçeniňden soň kalbyňda haýsy duýgynyň güýçlidigine, haýsysynyň ejizdigine göz ýetirmek mümkin. Güýçli duýgularyň özüňi hem güýçli edýändigine, güýçli pikirleri döredip, aýgytly ädimlere iterýändigine, agyr penjesi bilen eýläp, düýbünden başga şekile salýandygyna soň düşündim.
Aslynda-ha, men Seni ýadymdan çykarandyryn öýdüp ýördüm. Ýöne, ine, şu pursat Seniň entegem hakytatdanam şeýle dürs keşpde galanyňa göz ýetirdim. Şol wagt saňa öz içki dünýämi, saňa bolan umman ýaly çäksiz söýgimi düşündirip bilenligimde, eýsem sen menden ýüz öwrüp bilerdiňmikäň? Megerem men şeýle duýgularym bardygyny bildirmegi başarmadym. Günäkär özüm-le.
Şol gün seýilgähde biri-birinden owadan daragtlary synlap otyrdy. Jübimden çykaryp, ýanytelefonyma seredenimde, gürleşenimizden bäri bir minudyňam geçmändigine haýran galyp, telefony ýene yzyna salypdyrn. Soň bolsa, birden jaň edäýseň, jaňy eşitmän galaýmaýyn diýip umyt bilen, ýan telefonymy jübimden çykaryp, sesini iň gatysyna düzdüm. Biraz wagtdanam ony öçürip, kisäme saldym. Öz bolşuma gülkim tutdy. Yaňyja gürleşdik ahyry. Seniň gelmeli wagtyňa otuz dört minut bar. Elimde-de kiçijek sowgat. Sowgat bermek üçin bahanada ýokdy, emma sowgadyň özi seniň bilen duşuşmak üçin bahanady. Seýilgähiň ýodagasyndan ikimiziň bileje ýöräp barşymyzy göz öňüme geldi. Megerem, şu ýerde men senden garşýan sözlerimi eşiderin. Agaçlara seretdim, soň garalyp gelýän asmana, yzyndanam ýantelefonymy çykaryp sagada, soň bolşumy geňläp, gözlerini petredişip bakýan ýyldyzlara... Sowgat özümde galypdy..
Gaýdyp kimdir birini söýerin öýdemokdym, ýöne söýgi ynansaňam ynanmasaňam, soraşyp gelenok eken. Ol saňa asla meňzänok. Ne ýöreýşi, ne daş keşbi, ne-de gürleýşi. Sen penjirämiň aňyrsyndaky ümür ýalydyň, şeýle golaý görünseňem, aslynda, hiç haçan ýakyn bolman ekeniň. Ol bolsa, tersine, şeýle uzakda bolsa-da, ýüregime ýakyn, ady ýadyma düşeninden ýüregimi ýylysy bilen gurşap alýar.
Ýene daşarda sowuga kibitlerini gysyşyp oturan agaçlara seredýärin. Seniň keşbiň sudury eýýäm ýitip gidipdir. Seniň adyň, ýazylan aýralyk hem gussa baradaky durmuş kitabym ýapyldy. Onuň deregine söýgi hen bagt baradaky kitap eýýäm açyldy. Senem bagtly bol!!!

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.