Üsti açylan syr /+18/

''Ertir aýan bolar gizlenen syrlar''
(goşgudan)


Deňiziň kenary dynç almaga gelenlere diýseň ýaraýardy. Deňiz tolkunlary kenarda günüň we çägäniň üstünde meýmiräp ýatan adamlaryň üstüne pažžyllap ýene deňize tarap çekilip giderdi. Dynç almaga gelenleriň arasynda Myrat hem öz ýan-ýoldaşy Çynar bilen bile gelipdi. Olaryň ikisiniň durmuş guranlaryna ýaňy iki hepde bolaňkyrlapdy. Çynar bilen Myrat bäş ýyl mundan ozal seýilgähde duşuşyp, halaşyp göwünleri suw içip soňam durmuş gurupdylar...
Çynar diýseň owadan ýomut gyzydy. Myrat gaty heleýbaz ýigitdi... Ýöne onuň ene-atasy ony öýerensoň bir il deňine goşulyp, maşgalasy bilen boluberer öýtse-de, olaryň ýagşy niýetleri amala aşybermedi. Gaýtam Myrat tersine heleýinden assyrynlykda başga zenanlar bilen gürleşip, olar bilen bolanyny kem görmeýärdi. Owadan-owadan zenanlar onuň bilen zowky-sapada bolup puluny soýýardylar. Myrat bolsa olara puluny gaýgyrmazdy... Bu ýagdaý Myrat bilen Çynar deňiz kenaryna dynç alyşa gelenlerinde hem dowam etdi... Myradyň gözleri deňiz kenarynda günüň gyzgynyna meýmiräp ýatan zenanlardyr gyzlarda-dy. Günüň bir günem olaryň bolýan ýerinde myhmanhanadaky ýatylýan ýerde Çynar öz ýanynda Myradyň ýokdugyny oýanan badyna bildi. Ol ilki gorkdy. Soňra ol hasyrra ýerinden turup hammama tarap ýöneldi-de ýüzüne suw serpdi. Sagada seretse dördüň ýary. Soň ol Myrada jaň etdi. Arakesmeli iki-üç gudok gidensoň, şakyrdyly-şukurdyly bir ses bilen telefondan jogap geldi:
- ....
- Alo, Myrat, alo
Telefonyň aňyrsynda pyşyrdyly gülküli sesler eşidilensoň, nätanyş gyzyň sesi eşidildi...
- Aloý, näme adamlary ýary gije birahat etmäge utanaňokmy!? - diýensoň Çynar telefony nädip öçürenini bilmedi. Ýakasyna ýapyşyp, demgysmaly demini zordan aldy. Göwnüne her hili zatlar geldi. Adamsynyň beýdip keseki zenanlar bilen bolup ýörenini juda ýokuş gördi. Oturdy-turdy... Pikir derýasyna batdy... Kellesinde her dürli harasatlar, apy-tupanlar, deniziň tolkunlary ýaly möwç urýardy... ''Dört-bäş ýyllap şeýdip halaşyp ýören ýigidim namart bolup çykaýdymyka. Indi näme etsemkäm. Belki meň göwnüme getirşim ýaly däldir. Gözüm bilen görmesem asla bular ýaly oýunlara aldanmaryn diýip pikir etdi. A belki hakyky bolaýsa!? Onda näme etmeli bolar!?''
Yzy üzülmeýän garym-gatym jogaby ýok soraglar Çynaryň kellesini bulaşdyrdy. Ol diwanda kellesini tutup bir az oturdy... ''Ýok-ýok dogry däldir. Meň Myradym beýle iş etmez, maňa ikilik etmez...'' diýip göwnüni hoşlasa-da ukynyň agyr basýan wagtynda gözüne uky gelmedi... Çynar oba gyzlary ýaly gepçi ýa gep gözläp ýören gybatkeş gyzlardan däldi. Ol hemme zady öz gözleri bilen görüp, sabyr edip bilýän zenanlardandy. Joralarynyň gep-gürrüňlerine asla gulak gabartjak bolmazdy...
Daň atdy. Gün dogan ýerinden ýaňy çykyberende Çynar ertirlik taýynlady. Onuň telefonuna jaň geldi. Seretse adamsy Myrat:
- Alo,
- Alo, how ezizim, salam, men häzir barýan, saňa hemme zady düşündirjek...
Aňyrdan gelýän, şykyrdyly sesler, gapynyň güpürdili sesleri eşidilýärdi... Çynar oňa jogap bermänkä-de telefon öçürildi...
Emma wagty bilen adamsy myhmanhana gelmedi. Şoň üçinem Çynar ertirlik edinmän gapyny gurplap çykyp gitdi. Deňiziň kenaryna çykdy. Raýonlaryň arasyna gezim etdi. Karar tapmady. Deňiziň kenaryna tarap yza dolandy. Şeýdip aýlanyp ýörkä-de ol tötänden adamsynyň başga bir zenan bilen stol başynda ertirlik edinip oturandyklaryny gördi. Onuň garşysynda sary saçly, ýarym-ýalaňaç geýnüwli zenan oturdy. Myrat onuň bilen oýunlar edip, ol zenanyň daşynda kökenek bolýardy...
Çynar muny gözleri bilen görüpdi. Soňam görenlerine juda ökündi. Ol öz-özüne ''Käşgä çykmadyk bolsadym, görmedik bolsadym, gaty gowy boljak ekeni, saňa durmuşa çykmadyk bolsam has hem gowy boljak eken...'' diýip alaçsyz halda ol yzyna dolandy. Ýüzüne ýyrtylan şyppyk degen ýaly gyzaryp gelýän Çynar Myhmanhanadaky kireýine tutunan otagyna gelip egin-eşiklerini ýygnaşdyryp gapyny gurplap köçä çykdy. Taksi saklady. Mündi-de Aşgabada tarap ýola rowana boldy...
Myrat bolsa ýaňky çypar saçly ryžysy bilen wagtyny geçirip, myhmanhanadaky bolýan ýerine baryp gapyny açmakçy boldy. Içgili ýagdaýda zordan sekizlik ýasap gelen Myradyň keýpi kökdi. Ýöne gapy gurukdy. Ol elini ýumruklap: '' Şynaý, me gelli, aşda'' diýip byzzyklap kellesini gapa diredi... Myhmanhananyň başga otagyndan çykan horajyk naturi barmakly ýaşuly pisint biri gelip onuň gabadynda saklandy. Onuň agzyndan balygyň ysy aňkap durdy. Ol gelip ýaňky Myradyň goltugyna girenden bolup onuň jübsini barlaşdyrdy. Bir petde pulunyň bardygyny bilip ony diňňarkan urup ýatyrdy-da puly bilen telwfonuny aldy. Myrat bolsa şol düňderilen ýerinde uka gitdi. Ýaňky el egri bolsa gök ýüzlükleri gözüniň gabadyna getirip şakyrdadyp sanamaga durdy. Her sapar pul sananda-da agzy syrtarýardy...: ''Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna'' diýip heziller edip kah-kahlap gülýän el egri pullary ogşap jübsüne saldy-da eýelesine beýlesine seretdi. Hiç kim ýok bolansoň ol bu ýerden garasyny saýlady...
Myrat ertesi irden kellesini tutup oýandy... Arakdan ýaňa kellesi sämäp turan Myrat bolup ýatyşyny görüp hasyrra ýerinden turdy. Öz bolýan otaglaryna girmekçi bolup gapynyň tutulawajyny aýlap açjak boldy. Emma gapy ýapykdy. Myhmanhananyň eýesi Myradyň deňesinde saklanyp: ''Agam, siziň ýanyňyzdaky ýan-ýoldaşyňyz gapyny gurup maňa tabşyryp gitdi, günlik hakyny hem töläp, üzülşip gitdi'' diýeninde, Myrat bolýan zatlara haýran galyp, jübsünden telefony çykarjak boldy. Emma telefony ýokdy. Beýleki jübilerini hem dörüşdirdi, pullary hem ýokdy. Myrat Myhmanhananyň eýesinden açary aldy-da öz eşiklerini ýygnaşdyryp, ýany bilen alyp, bu ýerden çykyp gaýtdy...
Ol Aşgabada tarap gidýän tyrlaryň birine münüp paýtagta zordan aşdy. Ol ýerden öýüne bardy. Öýünde Çynar ýokdy. Ol özüniň syrlarynyň açylanyna, ýan-ýoldaşy Çynaryň iru-giç kesekiler bilen pynhan gatnaşyklaryny geçirýändigini biljekdigini ol gaty gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol durmuşynyň düýpgöter bozulandygyna ökündi. Daş çykdy, öýe girdi... Kellesini tutup her hili zatlary kellä getirdi. Ol aýaly Çynaryň aýrylyşyp gidendigini ol gaty aňyrýany bilen düşünýärdi...
Dört aý geçip geçmänkä, Nikalarynyň bozulandygy hakyndaky haty alyp gaýtdy...

23.08.2021.


@Jeksparro
11 лайков 268 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
23 авг 2021, 23:23
Sular yaly waka olgunjik gabat geldim.
Gowy yazypsyn jeksparro. Ahli zady yetik kem yer yok tuweleme

Mnden like
Nazar
23 авг 2021, 23:24
Bet bolupdyr brat
Halima_Oraztaganova
23 авг 2021, 23:40
Bet blpdyr hva like❤?
Anjela
24 авг 2021, 00:09
Bet
Amalia
24 авг 2021, 00:24
Like
Annadursun
24 авг 2021, 01:40
like
Perhat
24 авг 2021, 12:30
Like
zumerchi
24 авг 2021, 22:46
Like!
Şeker
24 авг 2021, 23:06
Like