Baýlygyňdan ne peýda, gyzyl bagtyň bolmasa (Bolan waka)

Bolan waka
Berdigulynyň maşgalasynda ähli zat ýerlikli dowam edip durdy. Garyplykda önüp ösen oglanyň inni özem, maşgalasam ýag iýip ýüpek geýýär. Kakasynyň erkek dogany Pälwan dädesiniň beren ujupsyzja pul kömegi bilen açan dükany, rysgally bolup, gün-günden essesine ulaldy. Inni bütin maşgalasy söwda bilen işleşýärdi. Berdigulynyň kömegi bilen inileri maşyn söwdasyny, özi bolsa bir hususy kärhanany ýöredip otyrdy. Goşa-goşa jaý salynyp, goşa-goşadan ulag aldylar.
Berdiguly öz mähriban aýaly Ejeş bilen halaşyp toý etdi. Ýedi ýylyň söýgüsi bilen iki oguljyklary boldy. Ýöne soňky döwür Berdiguly Ejeşden bir üýtgeşmeleriň bardygyny aňyp başlady. Öňler Berdiguly jaň edip "Giç barýandyryn alada etme" diýse, Ejeş gelineje sorag baryn ýagdyryp, soraglarynyň jogaplaryn alman telefony goýmazdy. Inni bolsa "Hää, bolýar" diýip, telefony arkaýyn goýup başlady. Iki üç gezek şu hereket gaýtalanansoň Berdiguly inkise gidip pikirlenmäne mejbur boldy. Bir gün öýe giç barjakdygyn aýdyp telefony goýdy. Soňam ýarym sagatdan işden çykyp, öýüne tarap ugrady. Garry öýlerine "Otyrsyňyzmy? diýip, jaň etse, ejesi: " Alada etme oglum, çagalaryň öýde oýnap otyrlar. Gidiberiň arkaýyn" diýen sözi Berdigulynyň üstünden gaýnan suw dökülene döndürdi. Derrew öýe tarap howlugyp, ulagyň tizligini artdyrdy. Barsa gapysynda nätanyş maşyn dur. (Aslynda bu nätanyş maşyn däldi. Aýalyna sowgat eden ulagy. Ýöne Ejeş gelineje soň "Halamak" diýip, satypdy.)
Berdiguly ýumrugun gysyp, gahardan çogdy. Howluň haýady ýapyk bolansoň, böküp girmeli boldy.Jaýyň daşky gapysynam sessiz açdy. Ümsüm bolup, öz otagyna golaýlaşdy. Ähli zady aç açan görenden soňda, burça duran wazany eline alyp, otaga köwläp girdi. Barybam göni diwara urdy. Döwülen uly bölegi bolsa, Ejeş gelinejäniň maňlaýyna zyňdy. Aýalynyň "Wa-aý gözüm" diýen sesi tutuş öýe ýaýrady. Sese hyjuwlanan Berdiguly baryp, aýalyna bir ýumrugy berdem welin, Ejeş gelineje ýere ýazyldy. Kökenekläbem ýanyndaky adamyň ýakasyna ýapyşyp, Ejeş gelinejäniň ýanyna zyňyp göýberdi. Jaýdan çykyp ulagyň uly tizligi bilen şäheriň sessiz uly köçelerinde sürdi.
... Iki günläp ne çagalaryndan habar tutdy, ne-de öýe köwlendi. Bir ýerlerde düşläp gününi şol ýerde geçirdi. Şol wakadan soň öýe gelende Ejeş gelinejäniň ýanynda ejesi Maral daýza bar eken. Aýalynyň gözi saralgy halyny görüp, "Näme bolduka?!" diýip, alada etse-de soňra "Azam bolupdyr" diýip, öz jaýyna sowuldy. Maral daýza yzyndan gelip:
-Oglum men-ä näme diýjegimem bilemak welin, geliniň ýagdaýa agyr. Lukman: "Sag gözüniň garasyn gidiripdir" diýýär. Linza dakmaly boljakmyş"
Berdiguly ejesiniň aýtýanyna kän bir ünsem bermedi. Ilkinji sözem:
+Öýüne ibermediňizmi?
-wah oglum, gelin: "Polisiýa seniň edenligiňi aýtjak, basdyrjak" diýýär. Ol şermende beýtse men nädip sensiz oňaýyn balam. Sesiň çykarmada bejert şonuň gözüni. Daşary ýurtda etýärmişler. Gaýrat et oglum, sen gitseň oguljyklaryň näder?! Ol aýala eje bolmaz olara. Iki tarapdan ýetim galmasynlar.
Berdiguly kellesin saga öwürdem welin ogullary bilen düşen suratyna gözi düşdi. Biraz pikirleneninden soňra, ejesiniň sözlerin razy boldy. Köp ýyllap tussagda ýatmana özi hem boýun alyp biljek däldi.
... On günden soňra Ejeş gelinejäni daşary ýurta alyp gidip, bejergi berdiler. Sag gözüne linza dakdylar.
Bu wakadan soň iki ýyl geçdi. Maşgala bagtsyzdy. Berdiguly kän gelnine ýüz berenokdy. Ömrüni tussaglarda geçirmejek bolup, bialaç ýaşaşýardy. Diýeniň ýere ýetmäke hasyl bolup duranlygyň haýry ýok, bagtyň bolmanyndan soň.

Soňy
16.09.2021
13:54

Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)
3 лайков 183 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
16 сен 2021, 15:28
Mmm bah, sony gowylygya dal eken
S❤
Автор 16 сен 2021, 15:43
Menem bolsy yaly yazdymsᴛᴀᴛᴇ,
Maksat
16 сен 2021, 16:05
Ay ol oglan oñarmandyr ilçilikde badyr herhilsi yaşaşp yörmän soñ bir yok etmelida
S❤
Автор 16 сен 2021, 16:26
Bayker,
Gorkyandyrda
Maksat
16 сен 2021, 16:43
Namysa galandan ýüz ýyl türmede yatan gowudyr.
S❤
Автор 16 сен 2021, 17:34
Bayker,
Dogry aytyan. Muny goze alyp bilen daldir
Halima_Oraztaganova
16 сен 2021, 18:01
Like jiana gvy bolupdyr
S❤
Автор 16 сен 2021, 18:25
Oraztaganova_,
Sag bol