Diyyarsin durmusyn manysy name

Diýýärsiň durmuşyň manysy näme

Meň üçinä dünýe durşuna nama

Näçe ýazdygyňça ýazasyň geler




Alla adamzady ýaratdy nüçin

Berk durup Hak ýadyn kylmagy üçin

Akylly biler we Alla sygynar




Ýene soraýarsyň adalat nirde

Bir seret ýüziňden perdäňi syrda

Hakykaty halk bilmeýär Hak biler




Elmydam aýap gez amanat jany

Nadanlaryň bolmaz sözinde many

Gybatkeşden geljek bolsa gep geler




Gezgin munda gaýgy -gussa basylman

Iki dünýe bagtyýardyr musulman

Gapyllaryň gaýgy-gamy köp bolar




Akyl aglar,akmak sürer döwrany

Budur dünýäň pesliginiň beýany

Dünýäligiň dünýä bilen dep bolar




Gerçek munda ýagşy-ýaman bilip git

Ybadat kyl abraý sogap alyp git

Akylly öz etjek işin bek biler

Hem özine bek bolar




Gerçeknzar Amannazarow
3 лайков 118 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.