“GÜNDELIK”
Uruş gidýän ýurtlaryñ biri... …Haraba bolup ýatan, ýykyk-ýumruk jaýlar. Diwarlarynyñ galyndylary hüýt gara bolup, somalyşyp durlar. Nirä seretseñ gara-kóýük bolup ýatan kerpiç bölekleri. Owum-döwüm bolan daş üýşmekleriniň biriniň üstünde-de, soñky üç sahypasyndan galany ýanan depder ýatyr. Şemal ony şapyrdadyp, eýläk-beýläk agdarýar. Ýagyş-ýagmyra ezilendigi zerarly, depderiñ sahypalarynyñ ýüzündäki ýazgylary zordan aýyl-saýyl edip bolyar. “Şu gün 199..-nji .ýylyn mart aýynyñ 28-i, günortadan soň» diýip, üç sahypanyñ ilknjisinde çaganyñ entek ýazuwa gatybir endik etmedik eli bilen bulaşygrak hat ýazylypdyr. «...Ýañy ejem geldi. Bu günem ýene-de ýartyja gara çörekden başga hiç zat tapmandyr... Aý, tapan hem bolsa puly ýeten däldir. Zatlar gaty gymmat. Onsoñam indi iýmit gözlemek üçin köçä arkaýyn çykar ýaly hem däl. Ýygy-ýygydan şähermzi bombalaýarlar we top okuna tutýarlar. Gün-günden top okundan we bombalardan gizlenilýän gaçybatalga kän gatnamaly bolýar. Her gezek top oky golaýraga düşeninde, jaýymyz süňñi bilen elenip gidýär… Barha ysgyndan düşýäs... Ejeme dözemok. Ýóne nädeýín? Özüm bolsa ýañy dokuz ýaşymda.. Ine, şu wagt ejem janyñ ýanyna baryp, boýnundan gujaklap: «Eje, mähribanym, eziz ejemjan, sen gynanma, bu getiren çöregiñ tygşytly tutsak, üç güne dagy ýeter. Onsoñ bolsa kakam dolanar hemme zadymyz hem kopeler» diýip, ejemí köşeşdiresim gelýär. Emma ejem ýene- de aglar öýdüp gorkýaryn. Wah, kakam şu wagt óýde bolan bolsady, ejemi hem köşeşdirerdi, hemme zadymyzam bol bolardy.. Ýöne, arman, kakam uruşda-da... Ýogsa-da şu kakam ýaly uly adamlar näme üçin uruşýarkalar? Biz-ä, ine, sögüşip, delleşip uruşýarys. Bular bolsa ýóne gyrlyşyp ýörler. Men bilýárin! Olar çilim çekýärler, şonuñ üçinem uruşýarlar. Sebäbi çilim çekseň, gaharjañ bolýarsyň, gaharjañ bolsaň, urşup ugraýarsyñ Bir gezek kakam aşhananyñ penjiresiniñ öñünde çilim çekip otyrdy. Şonda ejem kakamyñ ýeñsesinden baryp, boýnundan gujaklapdy-da, eňegini onuñ kellesinde goýup: -Çilim çekseň, üsgülewigiň tutýar, onsoñam erbet gaharjañlygyñ artýar. Sähel zada jynyň atlanyp başlaýar. Çekmesene! -diýdi. Kakam şonda ýylgyryp, bärisine öwrüldi-de çilimini öçürdi. Men aşhananyň gapysyndan jyklap, olaryñ ähli hereketlerini synlaýardym. Ejem şol wagt şeýlebir owadandy, şeýlebir owadandy. Ejem gülende kakam ikimiziň daş-töweregimiz alaýaz bolup, otagyň howasy täzelenene dönýädi. Kakam bolsa elmydama oýun edip, ejemiň dyzyna ýetip duran gün çyksa ýyldyraýan şar gara saçlarynyň özüni tora düşürendigini aýdýardy. Men henizem kakamyň şol sözlerine düşünmeýärin. Heýem ejemiň saçlaryndan tor bolarmy? Men edil şol wagt daşarda goňşymyzyň özüm ýaly ogly bilen urşup üst-başymy gum edip öýe gelipdim. Özümem ejemiň geýimimi zaýalanym üçin, özüme käýemeginden çekinýärdim, şonuň üçin hem hiç zat gürlemän, ýüzümi sallap durdum. Emma ejem maňa käýemedi. Gaýta, bolup durşuma seredip loh-loh gülýän kakama goşulup, ýylgyrdy-da: - haý, bezzat, ýene-de ojakdan çykan gara jynjagaza dönüpsiň-ä. Saňa çäre boljak däl-ow – diýip, ýüzümi öňlügi bilen süpürdi. Kakam bolsa gülüp: - Hany, bezzat, aýt bakaly sen näçe ýaşyňda? – diýip her gezek berýän soragyny beripdi. Men ool wagt mekdebe gitmeýänligim üçin, san bilmeýärdim. Şonuň üçinem ejemiň öwredişi ýaly, ilk-ä iki gezek on barmagymy, soñam bir gezek bäş barmagymy görkezdim. Meniñ bolşuma olar hezil edip gülüşdiler, men bolsa üstümden gülünýändigine öýkeläpdim. Şondan bir aý geçonden soň bolsa, kakam ikimiz maña gyz jigi getirmek üçin ejemí bäbekhana iberipdik... Eýýäm gyz jigim dört ýaşady. Halha, şu wagtam yññyl-pyññyl edip, ejeme azar berip oturandyr. Kakamdan welin, hiç hat gelmeýär-dä... Öñräk bir gün ejem öz otagynda bir haty okap oturan eken. Men girdim welin, näme üçindir, derrew ony gizledi, emma men barybir görmäge ýetişdim we ol hatyñ kakamdan däldigini tanadym. Sebäbi men kakamyñ hat ýazyşyny bilýärdim. - Eje, näme üçin haty okamaýarsyñ? Ýa kakama bir zat boldumy?-diýip, men soranymy duýman galdym. Şeýle diýen badyma ejem ýañagyma şarpyldadyp goýberdi-de: -Beýle pikirlenmäge het etme. Ol diridir. Diri - diýip, gozümiñ alnynda elindäki haty jyrym-jyrym etdi. Soñam iki eli bilen ýüzüni ýapyp, tutuş süññi bilen titiräp, aglap başlady. Men ejeme näme bolýandygyna hiç düşünip bilmedim. Ertesi gün bolsa men ejemiñ ...düýnjigem şeýlebir owadan, şeýlebir owadan ejemiñ, kakamyñ garryja daýzasyna meñzäp galandygyny gördüm. Ulular çilim çekmeseler, gör, nähili oñat boljak! Onda olar uruşmazdylar. Ejem hem garryja daýza meñzemezdi, çöregem, beýleki iýmitlerem bol bolardy. Menem sowuk öýde şeýdip hat ýazyp oturmazdym-da, daşarda özüm ýaly oglanlar bilen hezil edip oýnardym ýa-da mekdebe giderdim. Emma bu wagt oglanlaryñ kópüsi şok, ola bosgun bolup gitdiler. Mekdebimize-de top oky degendir ýa-da bomba düşendir. Bu gaty elhenç zat…” “….Şu gün 199..-nji ýylyň mart aýynyň 29-yIrden. Daşarda ýagyş ýagýar. Iri-iri damjalar penjirämize şybyrdap degýär. Men öň ýagyşy gowy görýärdim, aşagynda hezil edip oýnaýardym. Häzir bolsa ony halamok, sebäbi peç ýanmaýanlygy sebäpli, sowuk damjalar öýmüzi hasam sowadýar. Men mekdebe gatnaýarkam, bir synpdaşym bardy. Onuň atasey her günde birnäçe gezek ak keçe ýazynyp, şonuň üstünde durşuna günorta-günbatara tarap ýüzüni öwürýärdi-de, bir zatlar pyşyrdap, birnäçe gezek dyza çöküp, aýak üstüne galýardy. Ol şeýdip agtygyna özüniň edýän işini düşündiripdir, ol bolsa soň bize atasyndan eşiden zatlaryny aýdyp beripdi. Ýokarymyzda biz ýaljak oglanjyklary we gyz jigim ýaly gyzjagazlary aýratyn gowy görýän “Alla jan” barmyş, ol biziň ählimiziň her bir edýän zadymyzy görýärmiş, diýýän zadymyzy hem eşidýärmiş, bir zat dilesegem berýärmiş. Özi hem şeýlebir rehimdarmyş, şeýlebir rehimdarmyş, hemme zadam şol edýärmiş, ýagşy hem ýagdyrýarmyş, gijäni hem düşürip asmana ýyldyzlary sepýärmiş. Jigileri hem şol berýärmiş, keselleri sagaldýanaam, Güni dogdurýanam şolmuş. Özem hiç kimiň gözüne görünmän, asmanda otursa-da, biz hakda bar zady bilýärmiş, bize kömek edýärmiş. Ol oglanyň aýdanlaryny eşdip Alla jandan herimiz bir zat diläpdik. Kim oýnawaç, kim pul, kim ulalyp mugallymyň özüniň hem gulagyndan çekip görmegi… emma hiç haýsymyzyň dilegimiz kabul bolmady. Onsoñ ol oglana hemmämiz: «aldawçy» diýipdik we onuñ bilen gepleşmegimizi goýupdyk. Ýöne men häzir şol Alla janyñ asmanda oturandygyna hem onuñ ähli dilegleri eşidip, dilän zadyñy berýändigine çyndan ynanýaryn. Şonuñ üçinem asmanda oturan, çagalary gowy görýän, Alla jan, senden bary-ýogy üç zat dilejek. Şol zatlary kyn gormän, maña bersene! Goý, gyz jigim sagalsyn, men oña agaçdan oýnawaç gämijik, matadan gurjak ýasap berdim. Çaltrak sagalyp, oýnasa bolýar. Onsoñam goý, kakam öýümize dolansyn we uruş ýatyp, ýagyş öñküsi ýaly mylaýym bolsun! Ulular hem çilim çekip, gaharjañ bolmasynlar. Ýene-de ejem, goý, garryja daýza meñzemesin. Alla jan, şujagaz haýyşlarymy çaltrak btlirsene! Sebäbi indi meniñ hiç çydara ýagdaýym galmady... Edil ýöne aglaýasym gelýár-dä. Emma sen aglasalar, halaýan dälsiñ. Şonuñ üçinem tä kakam gelýänçä, men aglamaryn. Kakam gelenden soň bolsa, men onuñ boýnundan gujaklap, azajyk aglanymda-da, seniñ maña gaharyñ gelmez-ä, hä şeýle dälmi? Gaharyñ gelmez-le...». «…Şu gün 199...-nj... ýylyñ mart aýynyñ otuzy. Ir ertir. Ýañy oýanan badyma ejemiñ otagyna baryp gaýtdym. Düýn agşam ejem ýatman, jigimiñ başujuny saklap oturypdy. Jigimiñ düýn gije hasam gaty gyzdyryp, samraýandygyny eşidip ýatypdym. Ahyry hem Alla janyñ ertir ir bilen jigimi sagaltjakdygyna ynanandygym zerarly arkaýyn uklapdym... Näme üçindir boýdan-başa gara geýimli, başy gara ýaglykly, doňan ýaly bolup, sekiniñ üstünde oturan ejem maña öñküsindenem beltr şol garryja daýzamyza meñzäp barýan ýaly góründi. Men gapynyñ agzynda durdum. Hiç zat görmeýäne çalym edýän gözlerini nirädir bir ýere dikip oturan ejem jan ýazdan soň gelen yssy tomsuñ ilkinji howruna solup barýan güljagaz ýaly, gözümiñ alnynda birhili ýuwaşlyk bilen garry daýza öwrülip, barha we barha salgyma çalym edip barýardy. Men ejemiñ ýanyna bardym-da, sessiz-üýnsüz gapdaljygynda oturdym. Otagda gyz jigimi görmänimden soň: - Eje, hany, jigim?-diýip soradym. Ejem ukudan açylan ýaly tisginip gitdi-de, maña birhili seretdi, soñam özüne zor salyp: -Jigiñmi? Jigiñi...äkitdiler...Uzaga...-diýip pyşyrdady. Men begenip ýylgyrdym-da, ejemiñ eline ýapyşdym. -Rehimdar Alla jan meniñ jigijigimi sagaltmaga äkidipdir-dä onda? Dilegimiñ kabul bolandygyna iki bolup bilmän, yylgyrjaklap durşuma, men ejeme Alla jan hakda bar bilýänjämi aýtdym. Ejem meni diñledi-diñledi-de, birdenem meni gujagyna gysyp, gulagyma pyşyrdady -Sen Allanyñ bendesi, oglum. Wah, mön gözlim...Ýöne ynan, oguljygym, ynan! Seniñ gyz jigiñi «Alla jan» alyp gitdi. Ynan, balam, ynan. Şeýle diýip, ejem ýerinden turdy-da, başyndaky gara ýaglygyny sypyryp, gözlerini süpürdi, yogsa ejem şol wagt aglamaýardy hem, ýöne ejemiñ bar saçy duw akdy. Men saklanyp bilmedim: - Eje, näme üçin sen garryja daýzamyza meñzejek bolýarsyñ? Saña gelişmeýär-ä. Öñ owadandyñ. Indi kakam gelse, seni tanamaz öñki ýaly bolsana, eje! Ejem maña ilki jogap bermedi. Diñe birsalymdan soň, owfuldap demini aldy-da, meniñ saçlarymy sypalap pyşyrdady: -Ine, sen öýlenersiñ, çagalaryñ bolar, onsoñ kakañ hem geler, menem öñkim ýaly bolaryn... Hökman şeýle bolar, oglum! Men ejemiñ bu diýenlerine düşünmedim. Ýöne bir zady açyk bilýän: uruş gutarar. Sebäbi urşup ýören uly adamlar uruşmakdan we çilim çekip, gaharjañ bolmakdan ýadarlar-da, uruşmaklaryny bes ederler. Sebäbi hemme kişi näme etse-de, nämä başlasa-da, ahyrsoñy şol zatdan ýadaýar. Onsoñam kakam dolanar. Sebäbi muny maña ejem aýtdy. Ýagşyñ ýene-de öñküsi ýaly mylaýym boljakdygyna bolsa özüm ynanýaryn. Muny maña hiä kim aýtmady, ýöne munuñ şeyle bolmagyny meniñ özüm Alla jandan diläp aldym...».
Serdar Ataýew.
Serdar Ataýew.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.