Ene- Hoşlaşyk
Eline alypdyr gaýgy küregin,
Ýüzüp ýör hiç arman aldygyna sary.
Perzendine ezip ene ýüregin,
Dört ýana hars urýar köyendeý ary.
Gol bulaýlap aýlap göze ýaşyny,
Pynhan ýaşy meni goýmaz günüme.
Gitsem-de men bir pursatlyk aýrylyp,
Ugradýan deý göýä meni ölüme.
Ýaňakdan syrygyp akanda ýaşy
Ýylgyrdy göwünsiz, agyly pynha.
Hiç gamlanma käbäm gyýma ýüregiň,
Gaýdyp gelerin men hä diýmän ynha.
" Sag-aman bar, ýoluň ak bolsun balam"
Diýip pyşyrdady " Ýoluň bihatar"
Salym düşüp geçsem uzak menziller,
Howp abanýan dek meni gam bassar.
Ýola çykdym Käbäm bilen hoşlaşyp,
Gözden gaýyp boldy ara daşlaşyp.
Gurbanmämmet Meredow.
Ýüzüp ýör hiç arman aldygyna sary.
Perzendine ezip ene ýüregin,
Dört ýana hars urýar köyendeý ary.
Gol bulaýlap aýlap göze ýaşyny,
Pynhan ýaşy meni goýmaz günüme.
Gitsem-de men bir pursatlyk aýrylyp,
Ugradýan deý göýä meni ölüme.
Ýaňakdan syrygyp akanda ýaşy
Ýylgyrdy göwünsiz, agyly pynha.
Hiç gamlanma käbäm gyýma ýüregiň,
Gaýdyp gelerin men hä diýmän ynha.
" Sag-aman bar, ýoluň ak bolsun balam"
Diýip pyşyrdady " Ýoluň bihatar"
Salym düşüp geçsem uzak menziller,
Howp abanýan dek meni gam bassar.
Ýola çykdym Käbäm bilen hoşlaşyp,
Gözden gaýyp boldy ara daşlaşyp.
Gurbanmämmet Meredow.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.