Kemsitmäň...

Gördim ogul ogul diýip ýöreni
Gyz nä ogulça ýokmydyr diýeli
Tapawudy ýok geliň deňje söýeliň
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäň

Gördim gyz gelşigi ýagty dünýänem
Ýeke gyzyň on oglana degýänem
Gyz hem seniň perzendiňdir bilýäňem
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäñ


Aýra tutma lälikledip ogluňy
Ýa ogulsuz diýip gysma egniňi
Gyzhem bolsa saňa dözer ömrüni
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäň


Oguldan güýçlidir mähri gyzyň
Boýnuňuza alyň duýýansyň özüň
Gyzhem bolsa haklar seň beren duzuň
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäň

Dogry gyzyň bolar iliň geregi
Ýöne senden sowamaz hiiç ýüregi
Ogluňdan köpürak bolar dilegi
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäň

Deňje söýiň deňje beriň ünsüňiz
Allanyň öňünde baryň deňsiňiz
Şahyryň sözün many alsaňyz
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäň

Gyz oguldan söýer seni üç esse
Sewabi päk olar aak hem arassa
Gyzym balym diýiň çekdirmäň gussa
Oglum diýip gyzyňyzy kemsitmäň
8 лайков 322 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
25 дек 2021, 01:26
Dogry...
muhammet1870
25 дек 2021, 13:19
Цитата: Enesh
kemsidýän ene atalar köp mysal üçn meňkiler

Beyle nace ogullary bar olaryn
Aýnur
Автор 16 янв 2022, 16:50
Цитата: n1870
Цитата: Enesh
kemsidýän ene atalar köp mysal üçn meňkiler

Beyle nace ogullary bar olaryn

Ogly ýok 5 gyzy bar eken