* * *

"Wah, şeýle ajaýyp Senli pursatlar,
Gözleriňem maňa mähirli bakýar.
Ýüregiňem dek oturman ýene-de,
Zol-zol ýüregimiň gapysyn kakýar.

Her sözüňde duýgularňy ýaňzydyp,
Diliňem şeýlebir süýji gürleýär.
Utanyp, aljyrap otyryn menem,
Ýüzüm-ä gyzarýar, ýürek çalt urýar.

Birden elleň tutdy-da meň elimi,
Aljyratdy meni öňküden beter..."
...Şeýdip, sen düýşüme girdiň ýene-de,
Müdimilik ýüregimde ýer eden...

Senyorita. G.
7 лайков 228 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
23 май 2022, 14:05
senyorita.,
Bile tabşyraly onda okuwa))) bolup galýa şo posa
Senyorita.
Автор 23 май 2022, 14:07
Mona Songz,
He-he.Ýa nesip.
Aýnur
23 май 2022, 14:14
senyorita.
Mona Songz,
He-he.Ýa nesip.

telefon ..
Öwreniji
24 май 2022, 06:53
Goşgy gowy bolupdyr, berekella ýöne şu setirleriňi ýalňyş okapdyrynda
Öwreniji
24 май 2022, 06:54
Şeýdip, sen düýşüme girdiň ýene-de,
Müdimilik ýüregimde ýer eden...

Müdümilik ýüregimde ýer çeken diýip okapdyryn, şeý diýseňem gelişjek ýaly ?
Berekella üstünlik