Daşoguzly gyzlara bagyşlanan

1
Ajaýypdyr,owadandyr
Göroglyly gözel gyzlar
Gam-gussa batmaz olar
Göroglyly gözel gyzlar
                 2
Edepde taýyň ýokdur
Gubadagly gözel gyzlar
Ekramyňa sözüm ýokdur
Gubadagly gözel gyzlar
                3
Arassa howasy göýä bir jennet
Almalary  bilen abraýyň  belent
Akylly gyzlarna   hormatym belent
Ýurdumda taýyň ýok Şabatly gyzlar
                     4
Aşyk Aýdyň pirli mekanyň seniň
Aýdym-saza teşne gyzlaryň seniň
Myhmansöýer halkyň bardyr seniň
Türkmenbaşyly ajaýyp   gyzlar
                     5
Şeýle bir gyzlar bar gözel ülkämde
Asylly sypaýy  mylaýym  sözi
Janyňy alýar joşgunly gözi
Akdepede doglan perizat gyzlar
                     6
Baldan süýji bardyr dili
Gaharlansa ajydyr dili
Gözleri peýkamdyr nilli
Boldumsazly gözel gyzlar
                   7
Reýhana kimin ýakymly ysly
Meýhanalara barmaz hiç hili
Göwünleri joşdurýar misli
Ruhubelentli ajaýyp gyzlar
                  8
Ady bilen dünýä meşhur
Köneürgençli peri gyzlar
Bir bakyşda janyňy alar
Bal dodakly şadyýan gyzlar
                9
Garadaşlydan,Çendir,ýylanlylar
Gözellik ugrunda göreşýärler
Gabanýarlar gerçek ýigitler
Galam-gaşly gözel gyzlar  
                 10
Bägül kimin açylýar
                                     Gunça kimin saçylýar
Aý kimin ýagtylanýar
                                   Gün kimin şöhlelenýär
Beýikdir ol gyzlar
                                     Owadandyr bu gyzlar
Guwandyrýar şol gyzlar
                               Şäherli şähdi açyk gyzlar
7 лайков 562 просмотров
57комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
03 фев 2023, 13:27
MRDV
Telefonyň klawiaturasynda yzygider T9-yň maslahat berýän sözlerini ýazyp gidilende hem seňkiden gowy goşgy dörär

???
Massimus
03 фев 2023, 13:59
Juma şahyr,
Meýhanalara barmaz hiç hili

Meýhanalar nirde bolýarka?
Näme üçindir Spartak göz öňüme gelýär
Massimus
03 фев 2023, 14:04
Maňa «şahyr» diýme, «şa gyz» diý weli.
Şa gyzlaryň borjy beýle uly däl.
Gowy — mende şahyr görjek bolýanyň,
Ýöne maňa beý diýmegiň gowy däl...

Maňa «şahyr» diýme, «şa gyz» diý weli.
Şa gyzy dälligim köre hasa-la.
Bäş gün ömrüň hasabyna bulaşýan,
Men nädip dözeýin beýle hasaba?!

Maňa «şahyr» diýme, «şa gyz» diý weli.
Bu ýeke başyma şonsuzam dert kän.
Maňa «şa gyz» diýseň hiç kim ynanmaz,
«Şahyr» diýseň weli, kim bilýär...
Gorkýan!

Juma şahyr,

Şu goşga nähili düşünýäňiz?
Perman Izakow
03 фев 2023, 14:24
Juma halypa goşgularňyzy paýlaşyp duruň...
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 14:30
Abdylla33,
bolýa halypa
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 14:33
Massimus,
Menden ulymyň kiçimiň bilemok ýöne bu goşga iki taraplaýyn düşznip bolýa
1.Şahyr diýip özüňi arşa çykarma pespäl bol
2.Şahyrçylyga hiçhili ukybyň ýok diýjek bolýaň haýsy tataplaýyn düşüneýin
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 14:34
howwa gowy hudaýa şükür armada okuwlar bilenEjegyz,
Massimus
03 фев 2023, 15:32
Juma şahyr,
Ukyp ýok diýmedim, döredijiligiňize üstünlik
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 15:58
Massimus,
sag bol.näçenji ýyl sen
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 15:58
ýaňky goşgy seňkimi
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 16:05
Kerwensaraý
Adam sypatynda inende ýürek
Gardanam tämizdi kalbyň dünýäsi
Bu kerwensaraýda ýaşadygyňça
Gün günden adamyň artar günäsi

Ugrarsyň kerwene goşuňy tirkäp
Şol günden başlanar seň üçin hasap
Gara başyň üçin bir çatma ýasap
Şükür etseň ýeter şonyň penasy

Kör eýleseň nebsiň iki gözüni
Ot bolsun söndürme sabyr közüni
Daň sazyna goşsaň iman sözüni
Her säher ýaňlanar hakyň senasy
Işan gyzy
Belki
03 фев 2023, 16:06
Juma şahyr, Aýgül Garaýewa diýip eşdipmidiñiz? Ana, şol şahyrlyk hakyndaky goşgy şoñky. Ýogsa-da kimleri okaýarsyñyz?
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 16:11
Belki,
haýsy goşgy kerwensaraýmy
Belki
03 фев 2023, 16:23
Ýok, Massimusyñ aýdany.
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 16:35
Men şahyr saýlap okamok göwnüme ýaran goşgylary okaýan sebäbi ýaşlarymyzyň arasyndada känä zehinli talanlylar Kerim hally barIlmyrat Annasähedow bar şolaram gowy ýazýa Belki,
Leyli Amanowa
03 фев 2023, 16:47
Mbäh, ajaýyplygyny beýan edere söz gorum ýetenok, ildeşler.
Jumamyrat
Автор 03 фев 2023, 17:01
Nairobi,
sag boluň
Goklors
03 фев 2023, 17:09
Inijigim gowy gowy maslahat beripdirkler. Dürtme gursak bolmasana.
Massimus
03 фев 2023, 18:21
Juma şahyr,
Siz bilen tanyşlyk mowzuk açdym, şo ýerde tanyşaýaly, Nury ýalňyş gidipdir, sen bolmaly şol
Belki
03 фев 2023, 19:12
Kerim Hally bir diýme dogan-eý )
Ejegyz.
03 фев 2023, 20:07
Juma şahyr,
Bar boluň!)
kesirkelle
03 фев 2023, 20:27
@Belki, bes et! Pegas ikiñiz bulaşdyrmañ bar zady! Näme üćin Kerim Halla şahyr diymlläl. Görip bolmagy jora beh?
kesirkelle
03 фев 2023, 20:28
Ýaz ha ýaz.
picasso
03 фев 2023, 22:29
Mnm yazjak olar yaly bolsa
W. P
03 фев 2023, 23:02
Meniň-ä goşgudan däl, ýazylan teswirlerden garaşanym çykmady.
Jeksparro
03 фев 2023, 23:40
Aşgabadyň gyzlaryna şeýdip goşgy düzmändiklerine begenýänow. Şahyrsumaklar agzyna gelenini paýradyp özlerini pese düşürýärler... ?
Jumamyrat
Автор 04 фев 2023, 18:05
Jekwarabey,
näme erbet zatlar ýazyldymy agzyna gelen zady paýradar ýaly.Türkmenimiň ähli gyzlarna hormatym belent