Gawaý adasyna syýahat

"Islenen" saýtymyzyň döredilenine birnäçe günden iki ýyl dolýar. Şu iki ýylyň içinde biziň saýdymyz (has dogrusy Abaddonyňky) şeýle bir ösdi weli, diýip-aýdar ýaly bolmady. Tüweleme, munuň arkasyndan Abaddonam ep-eslije girdeji gazandy. Bir gün biziň "Islenen" saýdymyzda şeýle bildiriş peýda boldy:

Hormotly agzalam, gowmy ýagdaýlaryňyz?! Nesip bolsa ýene sanlyja günlerden "Islenen" saýdymyz iki ýaşaýar. Bu iki ýylyň içinde saýdymyz dünýä derejesinde birinji saýt bolmagy başardy. Bu derejä ýetmegmizde elbetde siziňem tagallaňyz gaty uly boldy. Indi bizi dünýä tanaýar. Siziň berýän goldawlaryňyzy nazara almak bilen size şuny mälim edýärin. Ýagny, "Islenen"iň iki ýaş toýy mynasybetli men sizi (ähli agzalary) özümiň täze alan gämimde 10 gün mugt Gawaý adasyna dynç almaga äkitmegi ýüregme düwdim,çykdaýjylarynyň hemmesi "Islenen" saýtynyň administrasiýasy tarapyndan doly gaplanar.

Hormatlamak bilen, Abaddon.

"Islenen" saýtynyň administrasiýasy tarapyndan doly gaplanar."- diýen ýazgyny okap saýdyň moderatorlary howsala düşüp ugradylar. Pegas derrew Nirwana jaň etdi:
- Nirwana salam, gowmy ýagdaýlaň?!
- Salam Pegas! Gowy,özüň gowmy, işler nähili?!
- Işler gowyla, saýda girdiňmi bu gün,täzeligi eşitdiňmi?!
- Hawa eşitdim, dogrusy meň özümem şu wagt saňa jaň edeýin diýip durdym.
- Abaddon "hemme çykdaýjylary administrasiýa tölär" diýýä weli, indi bizem töleşmelimikäk?!
- Bilmedimda Pegas. Aýlyklammyzdan tutyp galaýjakmyka ( Abaddon moderatorlaryna aýlyk belläpdi geçen ýyldan bäri)
- Şeýle bolaýmasa, hany men Miss Minnoş bilen Biohimige-de jaň edeýin. Belli bir ýerde, çaý başynda maslahatlaşalyň bu barada.
- Bolýa, ýerini aýtsaňyz bararyn menem.

Pegas Ilki Biohimige jaň etdi, Biohimik Miss Minnoşa jaň etdi. Şeýdip dört moderatorlaň dördüsem duşuşmaga razylaşdylar. Ýöne ýene bir mesele bardy. Nirede duşuşmaly, Marydamy, Lebapdamy? Pegas bilen Nirwana "Maryda duşuşalyň" diýýädiler. Biohimik bilen Miss Minnoş bolsa "Lebapda duşuşýas"diýýädiler. Ine telefonda turdy bir dawa moderatorlaryň arasynda. "Altyn-asyr" da işleýän işgärler ahyry linýa goşuldylar:
- Hormatly müşderiler,siziň gaty sesiňize biziň aparatlar çydanok, bir topary köýdi. Haýyşt edýäs, ýuwaşyrak bolaýyňda!
Muňa Pegasyň gahary geldi:
- Köýen bolsa alyň aýlygyňyzdan. Hanha biz seli bir gämi adamy Gawaýa äkitjek bolup durusa öz jüwümizden.
Dogrusy, Miss Minnoş garş'am däldi duşuşugyň Maryda bolmagna, ýöne oňa Biohimik gep berýädi, "Olar bizi kiçi görjek bolýa, biziňem edil şolaryňky ýaly hak-hukugymyz bar. Ýaşymyz kiçi bolsa-da wezipelermiz deň" diýip şol ýer depip durdy. Ýöne näme-de bolsa Miss Minnoşyň "gidäýeli, bahana bilen Mara aýlanarys" diýmegine Biohimik " ýok " diýip bilmedi. Ahyrynam Maryda duşuşdylar. Duşuşugyň maksady hemmä belli, Abaddona jaň etmeli. Bu hupbatly işi Pegasyň boýnuna atdylar. Pegas'am " türkmeniň ulusy bolaňdan orsuň gürjüsi bol" diýen nakyla eýerip razy boldy. Şol wagtam Biohimik:
- Pegas akga, Abaddona aýt, berýänje iki müň dollar aýlygyny diline dolamasyn. Iki müň dollar aýlyk berýä diýip men onça roshody töleşip biljek däl.
Beýlekilerem muň gepini makulladylar. Şunluk bilen Pegas Abaddona jaň etdi:
- Başlyk, salawmaleýkim! (Aýlyk töläp başlaly bäri Abaddonyň ady başlykdy)
- Waleýkimessalam, gowmy Pegas?! Diňleýän, aýdywer!
- Başlyk haýyrly işe başlapsyň oň bolsun, Allajan hemme işlerňi ugruna etsin, Janyň sag, başyň dik bolsun! Siziň pähim-paýhasa ýugrulan proýektleriňiz mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin! Biz üçin,agzalar üçin gijäňizi gündiz edip işleýärsiňiz, zähmet çekýärsiňiz. Bu bizi we ýaşlary has hem ruhlandyrýar. Sizden görelde almaga ündeýär.
- Sag bol Pegas.
-Başlyk, indi bizden näme kömek gerek? Eger zerur bolsa siziň üçin bar-ýogymyzy bermäge-de taýyn! Şu wagt moderler bilen maslahat etdik " näçeräk pul jemlesek ýeterka" diýip. Onsoň belli bir summa çykaryp bilmedikde size jaň edäýdik. Başlyk näçeräk gerek bolsa aýdyň, protsente pul alsagam taparys şol puly hökman. Sebäbi sizi sylaýan başlyk.
- Sag bol, Pegas. Hiç hili pul jemlemek gerek däl. Bu ýylky saýtyň girdejisi gaty gowy boldy. Hatda üç gezek äkidip gelmägede ýetýä, sag bol gollanyň üçin
- Bolýa başlyk, janym saňa gurban. Sag boluň, sag amanja geziň. Yssy howada meýdana çykmaweriň başlyk, gün uraýmasyn, onsoňam gyzyp durkaňyz sowuk suw içmäweriň! Özüňize gowja serediň başlyk.
- guk, guk, guk...
(Pegasa-da düşüniň, işiň daşyndan iki müň dollar pul az zat däl.:))
"Zaýbal'aý şundanam" diýip, Pegas telefonuny öçürdi-de ( has dogrusy Abaddon öçüripdi) beýlekileriň ýüzüne taýly gezek seretdi. Beýlekileriň agyzlary açyk,eňekleri ýere gaçaýjak bolýady. Birdenem Biohimik dillendi.
- Agam,öň awtoserwisde işlediňm'aý?!
- Ýok, näm boldy?!
- Damkrat goýmaga ökde ekeniň.
- Inim her zadyň öz ugry-ýoly bar, köprüden geçýänçäň doňuza daýy diýmäni başarmaly jijuş. O zatlara düşünerden sen ýaş entäk.
-Ýene başladyňmaý kemsidip?!
"Bolly oglanlar, goýuň dawaňyzy. Maslahat gutaran bolsa menä gitdim,işlem bar" diýip Nirwana turmakçy boldy. Pegas, "menem gideýin" diýip olam turup gaýtdy. Şeýdip moderleň maslahaty tamamlandy. Pegas bilen Nirwana Biohimik bilen Miss Minnoşy öýüne-de çagyrmadylar ( olara-da düşünmeli, myhman çagyrar ýaly bolmada how).

Şunluk bilen bellenen günem ýetip geldi. Agzalar ýekeden,ikiden gelip başladylar. Aeroporda ilkinji gelenler moderlerdi. Soňra beýleki agzalaram gelip başlady. Şondan iki gün öň Abaddona jaň etdik, welaýatdaky agzalar bolup. "Aşgabada uçýan uçaryň bilediniň pulunam özi töläp bermezmikä" diýen niýet bilen. Abaddonam " ýok " diýmedi, garaz töledi. ( Aýdandyr özä, "ýüzleri galyň eken'aý" diýip). Şeýdip welaýatdaky agzalaram ýetip bardy Paýtagta, has dogrusy paýtagtdaky Halkara aeroporda. ("Gämide gidýäs diýipdiňä? diýjegem tapylar içiňizde, ýöne Türkmenistandan Gawaýa prýamoý gämide gidip bolanok eken, şu wagt Amerika barýas. Şol ýerden Abaddonyň gämisine münüp gidýäs)
Haý garaz agzalar bilen tanyşdyk, razborka edenler bardy saýtda ,olar urşmaga gitdiler. Ýöne basym yzyna geldiler gujaklaşyp, dostlaşyp. Aý bilendirlerda, realda urşmagyň wirtualda urşmak ýaly aňsatjak däldigni.
Şol gün "Türkmenhowaýollar" ynyň üç uçary bäş-alty gezek dagy gatnandyr bizi daşap gutarmak üçin. Türkmenda how, mugtdygny bilse kir sabynam bolsa iýjekda. Hool saýtdaky köp niklilerem öz nikleriniň hersini bir tanşynyň adyna geçiripdirler (köp nik açanlar şular ýaly bolçulugyň boljagny duýan ekenler ýa tötänlikmikä? Aý garaz näme bolanda-da hezilligä boldy şolaňky).

Nesip edenden uçduk Aşgabatdan, bardyk Amerika. Biz birinji reýsde gidipdik. Iň soňky reýs gelýänçäde ep-eslije wagtymyz bardy. Onsoň agzalar bilen Amerikany görmäge çykdyk. Gezip ýörüs töweregimize seredip,agzymyzy açyp (nirde gören zadymyz Amerika). Köçede gezip ýörüs weli geçen gyz maňa gürläp geçýä. Wahh,dillerine düşünemok. Içimizde-de düşünýän ýok. Onsoň düşünýän birini ýanymyza almaly etdik. Şol wagt Nairobi gaty gerek boldy. Ejesiniň biz bilen goýwermedigine şol wagt gaty gaharym geldi. Nirwana-da bilýädi weli, olam şol wagt ýanymyzda ýokdy. " Guşum ýekesireýä,ýanynda bolaýaýyn men gowsy" diýip,biz bilen gaýtman myhmanhanada galypdy. Birdenem Walerýanka agza Kalp dogtar agzanyň iňlisçe bilýändigni aýtdy. Aý garaz bolmasa bolmajak eken. Olam soňky reýsde uçmaly edilen eken. Onsoň uluragymyz Baýker agza maslahat berdi "şolaň diýýänlerini belläp alaý,soň bilýän biriniň ýanyna baraňda soraýarsyň" diýip. Dogurdanam gowy pikir. Onsoň, maňa gürlän gyzlaň aýdýan sözlerini bloknodyma belläp başladym. Şol belläp ýörşüme galyň bloknot dolup gitdi. Şeýdip myhmanhana bardyk. Nirwanany tapyp haýyşt etdim şol bloknotdaky haty okap bermegini. Olam okap başlady,görgüli gaty kösendi ýöne. Sebäbi meň poçerkime özüm ýaly sowatly bolmasaň düşünmek gaty kyndy. Şonda-da Nirwana alyp çykdaý bolsa-da. Garaz gepiň jotda ýeri, maňa gürläp geçen gyzlaň hemmesem meni halan ekenler. Men ýaly owadan oglany öň hiç ýerde, hatda telefizorda-da görmän ekenler. Käbiri dagy,seň bilen bile bolmajak bolsam ýaşaýyş gerek däl, özümi heläklejegem diýäýipdir. Heläkleseň men näme edeýin. Şeýle owadan dogulanma men günäkär ýaly.
Soňky reýsem ýetip geldi sag-aman. Indi agzalary bir ýere üýşürip sanaw geçirip başladylar weli hiç ýerde Dark Wolf agza ýok. Hany muny tapyp bolsa. Amerikaň polisiýasyna ýüz tutmagy makul bildik. Onsaň olar bizden onuň esasy nämelere gyzyklanýandygny sorap başladylar. Bizem "kitapsöýerdi özä" diýdik weli, olaram " Kitapsöýerligi çyn boljak bolsa, onda ol hökman kitaphanadadyr, şol ýerinem barlap göreliň" diýip kitaphanany barlamaga gitdiler. Abaddonam " Baryň,sizem yzlaryndan galmaň " diýip Hemedany bilen Ahmet 97ni ugratdy. Barsalar hakykatdanam bir topar kitaby daşyna üýşürip otyrmyş,wagtyň näçe bolanlygyndanam habarsyz. Polisiýany görübä tas "ýüregi ýarylan " eken. "Agalar men hiç zat edemok,diňeje kitap okap otyryn juwaşja bolup,başga hiç zat edemok" diýip janygyp başlapdyr. Oňa deňiç biziň oglanlaram baryp ýetipdirler. Onsoň poliseýleriň näme üçin gelendigni düşündiripdirler. Dark Wolfam bulara "siz azrak garaşyň,men kitaplary tabşyryp geleýin" diýip kitaphanaçyň ýanyna gidipdir. Kitaphanaçydan ýene-de okap ýetişmedik on kitabynyň bardygyny,ony özüne berip goýwermegini we on günden soň yzyna gelen wagty getirip berjekdigni düşündiripdir. Kitaphanaçam razy bolmandyr. Şol wagtam beýlede bir dawa turupdyr. Kitaphanaçy, azrakdan soň Dark Wolf baryp görseler,Hemedany bilen Ahmet 97 diýýä dawa turuzýan. Dawaň başam nesibe we tötänlik. Hemedany aýdypdyr," bolsa-da nesibizde bar eken wagtynda gitmek. Eger nesibede ýok bolanlygynda Dark Wolf beýle bahym tapylmazdy" diýip. Ahmet 97em "Nesibe bormow, tötänlik bu" diýen. Garaz şoň üssünden turupdyr dawa. Hälem şol wagt polisiýaň bary, ýogsam kitaphanaçy bilen Dark Wofyň ýeke özleri aralabam biljek däl ekenler. Onsaň şeýdip ýitigmiz tapyldy. Abaddon gowja edibem käýedi,bir iki şapbat urdam Dark Wolfa. Nebsim agyryp gitdi oňa, köpçülikde ýüzi gyp-gyzyl boldy, agladam öýdýän. (Aglamaz ýalagam bolmady, gaty urdy).

Gämä münülşik başlady. Agzalar bolup mündük hemmämiz. Soň gämiň üssünde toparlara bölmeklik başlady agzalary. Jemi dört topar bolduk. Başdaky iki topar oglanlara we gyzlara bölünen ýaşuly agzalar. Olara Pegas bilen Nirwana toparbaşylyk edýädiler. Beýleki iki topar bolsa "altyn asyryň altyn nesilleri". Bulara bolsa Biohimik bilen Miss Minnoş toparbaşylyk edýädi.
Nesip edenden kaýutalarmyza ýerleşdik. Bize iki adamlygy düşdi. Ýanymdaky ýoldaşymam Donmaxx. Gapdal kaýutada Hiaýres bilen Keap-begcon ýerleşen eken. Beýleki tarapymyzda Massimus bilen Soho.
Goşlarymyzy ýerleşdirdik. Gämi portdan ugrady,hemme zat gülala-güllik.
Sagat 20:00 bolan eken,kaýutaň gapysy kakyldy. Donmaxx açdy weli, ofissant eken. "Klasdaş ýör,užyn taýýarmyş" diýenden soň Donmaxx bilen gämiň restoranyna bardyk. Restoran gaty gowy gurnalypdyr,tüýs maňa mynasyp. Stollaryň üssünde adyny tutan naharyň bar. Onsaň oturdyk geçip. Iýdik-içdik, garynlar doýdy. 50gram jyňkydansoň kelleler doňdy. Şol barmana-da Khanture bezeg üçin goýulan globusy aýlap saldy diwara. (Ýaňky elliň täsiri bolmalyda). Başlady gohlap:
- Siz näme üçin entägem ýer togalak diýip pikir edýäňiz,ýer tegelek-tekiz ahyry. Muňa düşünmezlik üçin nähili akmak bolmaly men düşünemok al kakmyş.
Onsaň töwella edip köşeşdirdik. Essalamunaleýkim bilen State agza ýaşkiçilik edip hersi bir goltugna girip kaýutasyna pylçap gaýtdylar. Gyzlara-da iş boldy soň "Khanture pýan bolupdyr. Göterip bilmeýän eken köp içse" diýşip (olarada gep bolsa boldy). Şeýdip agzalar bilen tanyşdyk. Men bir zada göz ýetirdim, agzalaryň köpüsi meň göz öňüme getirişim ýaly däl eken. Mysal üçin, Kwadratkelläň kellesi kwadrat däl eken, Dowsypatyň sypaty döwlere meňzänok eken, daže bir gözüňi ýumup seretseňä owadanam eken, Gültäç mugallym beýle bir haňk-huňk däl eken, Dani gatywir şermende däl eken, Mona songz beter kijijek däl eken, A:t tapmadyk hanym pikir edişim ýaly garry däl eken. Rigel aşa uzyn däl eken. Mümkin köpçülikde köp geplänok eken. Kellagyryk gyz eken.

Nahar iýip bolduk weli bir ýerlerden Senýorita geldi,ýatyp galan eken. Bäri gaýdylmaly güni gije ýatman eken. Sebäbini sorasak," Dädem, eger on gün gidýän bolsaň maňa bu gije atyzy suwarş diýdi. Onsoň gijesi bilen atyz suwardyk" diýdi. Biz sallahlaram içimizden dileg etdik, " maňlaýmyza şular ýaly işeňňir gyz ýazylsyn" diýip.
Gürrüň gyzyşdygy saýy gyzyşýady. Şol wagtam Jeksparro söze başlady. -Oglanlar mende bir biznes plan bar, nesip bolsa ullakan bir gämi ýasajak. Reňkinem gara öwürjek. Soňam şu deňizde halypam Jekserçe ýaly garakçylyk etjek. Nätýä bolýamy şeýtsem?
Agzalar az wagt ýüzüne seretdilerde "aragam çüýşe saklaýarow" diýişip öz gürrüňlerine gümra boldylar. Jeksparro bolsa bular ýaly uly planyny "düşünjesiz" adamlara aýdandygna ökündi, "muňa düşünmek üçin güýçli düşünje gerek"diýdi-de turup gitdi.
Onsoň bir ýerlerden Ejegyz geldi, "Adyňy aýdaý Гость daýy " diýip. Ahyrynam aýtdym şoňa adymy. Begenip gitdi ýoldaşlarynyň ýanyna, bökjekläpjik.
Gürrüňiň yzy futbola diredi. Futbol fanatlarynyň hemmesem üýşüpdir. Ilkinji mesele bolsa Messiň Altyn topy nežaşto almagy barada-dy. Menem, "Altyn top şol ýyly Lewandowska berilmelidi" diýdim weli, FanB-ň gaty gahary geldi. Gözüniň teýi bilen seretdi weli tas ýüregim ýarylypdy. Oňa çenli Senýorita ýetip geldi bir ýerlerden "Liwerpul diýdiňizmi ýaňy" diýip. Hiç kim ýüz bermedi. Meňkä düşnükli zat, Liwerpulymy gawanýan şu gyzdaň,a ýöne beýlekiler näme üçin ýüz bermeýändigne haýran. Aý olaňam gahary gelýändirda öz kluplaryna bolet edýän fanatkalarynyň ýoklugyna. Ýöne şonda-da Massimus düşündirdi, "Liwerpul dälde Lewandowski diýildi" diýip. Şahruh han bolsa ýanyndan ýer berdi. Şeýdip Senýorita-da gepe goşulyp gitdi. Hiaýresiň bolsa keýpi ýokdy. Sebäbi bu ýylam Mançester siti Çempionlar Ligasyny gazanyp bilmändi. Şol wagtam Donmaxx geldi ýanyma, "dos, ýör çilim çekip gaýdaly" diýip. Gitdik gämiň öňüne,otladyk adama bir ştuk çilim,şol wagtam Abaddonuň aýlyganç sesi ýaňlandy uzyldan.
-Nämow gözüňiz körmi, "çilim çekmek gadagan" diýen belgini göreňizokmy, derrew öçüriň çilimiňizi!
Donmaxxyň muňa gahary geldi.
- Dos, suwa zyňaýsammykamaý şuny?
- Ýogow,kelläň nirde? Suwa zyňsaň gämini kim sürsin?!
- Sen sürüp bileňokmy?!
- Ýok how,ömrümde gören zadym däl.
- Bähh... Näme etsekkagaý, çilim çekmesegä bolmaýa.
- Ýör,Pegasy tapaly. Şolama çilimsiz oňup bilmeýäniň biri bolmaly. Çekip bolýan ýerini bilýändir.
Pegasyň kaýutasyna gidip barýadyk weli Seri sataşdy ýolda
- Nirä barýaňyzaý?!
- Şeeeýlä.
- Çilimiňiz ýokmaý?!
- Bar.
- Beräýdä birini!
- Geregiň çilim bolsun,ýöne çekmäge ýer tapmaly.
- Hawa'laý, şol problema bolup dur. Nirä seretseň "Çilim çekmek gadagan". Ýaňam bir paçka çilimim bardy. Çekeýin diýip birini otlanymam şoldy weli, ýetip geldi Ezraýyl ýaly bolup. Nädip görüpdir haýran. Paçkasy bilen alyp goýdy nejis.
- Kim, Abaddonmy?!
- Hawa'laý. Ullakan oglan,zat diýibem bolanok. Özüm bilen deň-duş bolsa gözüne görkezjekle.
Oňa çenli Donmaxx:
- Paşyrdamasanaý, duhuň çatýan däldir. Ýogsam ýaşyny sylasyň ýok.
"Seri, ýör yzymyza düş çilim çekesiň gelýäni çyn bolsa" diýip muny hem alyp gaýtdyk. Pegasyň kaýutasyna gelip ýagdaýmyzy aýtdyk. Olam gämiň arka tarapynda bir gizlin ýeriň bardygny aýdyp bizi şol ýere alyp gitdi we şol ýerde adama bir ştuk çilimi bu dünýä gelmedik ýaly etdik. (Pegas'am erbet ekenaý, ýer tapyp bereni üçin herimizden iki ştuk çilim aldy. Ýalýagy Seriňkinem biz berdik, sataşman geçen)
Ertesi aýdym-saz gurnaldy. Gyzlar baý tans etdilerä. Esasanam My life, Ýyldyz (bu dagy oýnawam bilenok, masgara bolup ýörşi),Ýürek sözi, Aýnura, Alita, Ladybug (şu dagy otyrybermelow, ullakan heleý bolup ortadan çykman ýör) başgalara gezek berenoklar. Bägül Ataýewa bilen Ogulşirin Baýramowa ikisi tansa goşulanok, utanýamyşlar. ( Utananyňyzam bolsuna araňyzda)
Bizem sallah sostaw: Pegas, Hiaýres, Ahmet 97, Khanture, FanB, Bentner, Ötegçi we beýlekiler durus bärde, gyzlary gözümiz bilen söýüp. Öýlenenleňňä gyz bilen işi ýok. Gözleri ýerde.
Konsert gutardy. Hemme öz kaýutasyna geçdi weli,birden Dark Wolfdan bir zat soramalydygym ýadyma düşüp kaýutasyna bardym. Barsam öňi doly kitap. "Bulary nirden aldyň" diýsem,"hälki kitaphanadan" diýdi. "Berjek däl diýipdirä kitaphanaçy" diýsem, güldüde "Ogurlap aldym" diýdi (Hemedany bilen Ahmet 97 iň dawa edenliginden peýdalanyp çolpyny iran eken zaňňar). Haýran galdymaý on kitaby bildirmän alyp çykyşyna. Aý näme "Özi bolan ýigide harmanjaýam tokaý" diýilenida.
Ine şeýdip Gawaýa-da ýetip geldik. Aýlandyk, adany synladyk, dynç aldyk,garaz yzymyza gaýtmaly günüň nädip gelendigni hem bilmedik we yzymyza gaýtdyk. Amerika gelip düşdik, ondan soň Aşgabada uçduk. Goşlarmyzy alyp aeroportdan çyksak öňümizde Nairobi dur iki elem bykynynda. Şondanam başlady Abaddon bilen dawa. "Sen her agza näçe manatlyk rashot eden bolsaň töle şol puly maňa. Wsýo rawno men giden bolamda-da şol puluň çykardy" diýip. Bizem töwella edýäs " jannogan şonda gitmeli ekeniňda, utanaňokmy pul soramaga indi" diýsegem. "Abaddonuňkyny götermek size galanok" diýip tas biz bilenem urşupdy. Onsoň Abaddona töwella edip başladyk, "köçäň ugrunda beýdip dawalaşyp durmasana ile gülki bolup, berip göýweräýsene ýanyňda bolsa" diýip. Abaddonam hasap hesibe ökde bolansoň derrew hasaplady. 12 342 dollar bolan eken (hälem gämimiz özünden,ýogsam has köp çykjak eken). Soňra Abaddon puluny barlady weli,ýigirmilik,birlik dollar ýok eken. Onsoň Nairobä 12 350 dollar edip berdi-de " 8 dollaryny gaýtaryp ber" diýip başlady. Nairobem şol töwerekde magazyn bolsa aýlanyp çykdy,hiç haýsy uşadyp berenok. Olar uşadyp berjekler,eger söwda etse, hotýa by sakgyç alsada. Ýöne bu Nairobida, bir manat çykarsa jany çykýanlardan. Şeýdip geldi yzyna, "iki elini burnuna sokup". Onsaň dözmedim, jüwimi dörsem 8 sany birlik dollar bar eken bagtyna. Berdim şony. Beren wagtymam aýtdym, " Giden-gitdä zat ýokdur,gaýtar yzyna" diýip. "Bolýa hökman gaýtarýan yzyna " diýip şol gideni. Şondan soň habar ýok.
(Nairobi, nomere geçir şo puly)

Abaddon indihä puly köpelip näme etjegini bilmese otlar weli, galan ömrüne bizi syýahada äkitmez.

Watana geldik, hoşlaşdyk agzalar bilen. Indiki syýahatlarda-da ýoldaş bolmak nesip etsin hemmämize (Eger Abaddon äkidäýse indi)



*Başardygymdan hemmäňiziň adyňyzy tutmaga çalyşdym. Ady tutulanlaram, tutulmadyklaram öýkelemäweriň. Bu bir degişme.
23 лайков 648 просмотров
105комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
Автор 31 май 2022, 22:01
senyorita.
Ha-ha-ha, nädip kelläñize gelip ýör bu zatlar. Köpräk ýazyp dursaňyzlaň siz! Duranja talant ekeniňiz-ä! ???

Wagt tapsam
Гость
Автор 31 май 2022, 22:02
Hiayress
"Bizem sallah sostaw: Pegas, Hiaýres, Ahmet 97, Khanture, FanB, Bentner, Ötegçi we beýlekiler durus bärde, gyzlary gözümiz bilen söýüp."

Şepe durmuşa kellä geýdiň, şony geýmäňde başga zat ýokmudy?! ?

Düşünmedimda şepe näme üçin beý diýenňe
Гость
Автор 31 май 2022, 22:03
senyorita.
Ukyny sylaýanyma dogry welin nahar wagtdan nädip galaýdymkam. Ehhh, tursam bolmaýamy wagtyragynda :))

Dädeme atyz suwarşyp, ýatmansyňda ondan öňki gije )
Гость
Автор 31 май 2022, 22:04
Ötegçi
Tas ýolumdan galýadym. Okap boljak bolup:-D Sagbol, heziller edindim. :-D????

Galmadyňmy özi ?! )

Senem sag bol,ýaltanman okapsyň
Гость
Автор 31 май 2022, 22:05
Hiayress
Nairoba gulak ekenaý, 12342 dollaryň deregine 1350 dollar berip ýene-de 8 dollar zdaçi hem alypdyrlar. ?

Düzetjek häzir )
Гость
Автор 31 май 2022, 22:06
Hiayress
Elleriňe saglyk şepe. Ýygy-ýygydan ýazyp dur. Ýöne beý diýsemem Man. Sitini kemsitme. APL kubagynyň Çempionlar ligasynyň kubagyndan kem däldigini soňky 5 ýyllyňam 4-üsinde Siti alandygyny bilip oturapsaňa. Bu altyn pökgide Lewandowiskiniň hakyny iýme ýaly bolýar. :))

Sag bol.

Mançester sita simpatiýam bar meňem az-owlak şepe. Galan zatlary degişip diýýän )
Гость
Автор 31 май 2022, 22:07
Jalaý
Baý-bow, tüweleme, awtor özüňni?

Made in Гость
Гость
Автор 31 май 2022, 22:08
Ötegçi
Gost kaka senem mollumdagy dälsiñdä?!

Ýok, mollum däl
Гость
Автор 31 май 2022, 22:09
Ahmedik_97
Hiayress,
Prosta söz ýog-ow... Eli boş bolsa, mümkinçiligi bolsa full eserleri döredip biljek oglan eken.

Çyndanmy ?:)
Гость
Автор 31 май 2022, 22:09
garaburc
"Ertesi aýdym-saz gurnaldy. Gyzlar baý tans etdilerä. Esasanam My life, Ýyldyz (bu dagy oýnawam bilenok, masgara bolup ýörşi),Ýürek sözi, Aýnura, Alita, Ladybug (şu dagy otyrybermelow, ullakan heleý bolup ortadan çykman ýör) başgalara gezek berenoklar. "

? hakyky

Boýun alaý ozüň şeýtdejik )
Гость
Автор 31 май 2022, 22:10
Ogulşirin_Bayramowa
Gaty gowy bolupdyr! Dowamyna garaşýas, Gost daýy.))

Nesip bolsa
Гость
Автор 31 май 2022, 22:11
senyorita.
Гость
Menäm eseriňiziň bir bölegi edeniňiz üçin, ýatlanyňyz üçin köööp sag boluň! ???

Näme göwnüňden çykarsaň nomere oklaý :)
Öwreniji
31 май 2022, 22:11
Tüweleme berekella gaty ýerlikli ýazypsyň, yzyny dowam et, okamaga ýaltanjak däl, entek beýdip ýylgyryp görmändim, gülsem gelişenogam welin gülmäge mejbur bolaýýaň okap ???
Гость
Автор 31 май 2022, 22:12
Massimus
Tüweleme bet bolupdyr, Gost kaka

Seňkilerçe däl ýöne
Гость
Автор 31 май 2022, 22:12
Bendtner
Like+
Beter gawy bolupdur klawiaturaň bady yatmasyn blog

Sag bol
Гость
Автор 31 май 2022, 22:14
Bayker
Berekella @Gost gaty gyzykly bolupdyr, syýahat. ?

Hakykatdanam gyzykly syýahat boldy. Ýene gideliň öz jüwimizden tölemelem bolsa )
Гость
Автор 31 май 2022, 22:14
sᴛᴀᴛᴇ
Gaty gowy ýazypsyňyz, okap hezil etdim menä eliňize saglyk! ?
Ýene şular ýaly ýazgylarňyzyň dowamy dowamat bolup dursun, berekella diýýän, meňňä sözüm ýok +??

Sag bol
Гость
Автор 31 май 2022, 22:15
- Dani
Danide şerraý däl ekeni diýýämi hehehe

bet ýazypsyň shlyapa

Sag bol
Гость
Автор 31 май 2022, 22:17
Remezan
Tüweleme berekella gaty ýerlikli ýazypsyň, yzyny dowam et, okamaga ýaltanjak däl, entek beýdip ýylgyryp görmändim, gülsem gelişenogam welin gülmäge mejbur bolaýýaň okap ???

Nesip bolsa, boş wagt tapylsa hökman
Hiayress
31 май 2022, 22:17
Agzalaryň aýdýan sözlerini bellik edip galýaňmy?! Köp ýerde şolaryň saýtda aýdýan sözlerini getiripsiň welin...
Гость
Автор 31 май 2022, 22:18
Hiayress
Agzalaryň aýdýan sözlerini bellik edip galýaňmy?! Köp ýerde şolaryň saýtda aýdýan sözlerini getiripsiň welin...

Ýatda galanlary )
Hiayress
31 май 2022, 22:19
Гость,
Ýadyňa bet eken. :))
Hiayress
31 май 2022, 22:20
Гость,
Köp saýtda görünmeýän ýaly bolsaňam köp zatdan habarlaý sen. :))
Гость
Автор 31 май 2022, 22:21
Hemedany
Tüweleme. Berekella diýmek gerek. Berekella. Nesibe we tötänlik :D
Durmuşda tötänlik diýip zat ýokdyr. Hemme zat nesibedir :D

Ahmede düşündirda şony,başaryp bilseň :)
Hiayress
31 май 2022, 22:21
Hemedany,
Nesibaniň kesgitlemesi bilen tötänligiňki bir dälmi nä?!
Гость
Автор 31 май 2022, 22:24
Hiayress
Гость,
Köp saýtda görünmeýän ýaly bolsaňam köp zatdan habarlaý sen. :))

Öňler çykamokdymam menä. Şu golaýlarda aktiwlik peseldi ýöne )
Ahmet
31 май 2022, 22:25
Гость,
on № 85Şu gün, 22:21
Hemedany
Tüweleme. Berekella diýmek gerek. Berekella. Nesibe we tötänlik :D
Durmuşda tötänlik diýip zat ýokdyr. Hemme zat nesibedir :D
Ahmede düşündirda şony,başaryp bilseň :)

:D
#динара.
31 май 2022, 22:26
Bendtner
Ine telefonda turdy bir dawa moderatorlaryň arasynda. "Altyn-asyr" da işleýän işgärler ahyry linýa goşuldylar:
- Hormatly müşderiler,siziň gaty sesiňize biziň aparatlar çydanok, bir topary köýdi. Haýyşt edýäs, ýuwaşyrak bolaýyňda!
Goz onume gelday @Pegas @Nirvana @Miss Minnosh @Biohimik konferensiyada gygyrshyp sogushup duranlary?

Şoda onda-da men obaly
Ahmet
31 май 2022, 22:26
Hiayress,
Hiayress on № 86Şu gün, 22:21
Hemedany,
Nesibaniň kesgitlemesi bilen tötänligiňki bir dälmi nä?!

Kesgitlemesini paýlaşsaň hoşal bolardyk...
#динара.
31 май 2022, 22:27
Gost daýy örän oñat:) sps