Degişme

Pegasyň toýy (Degişme)

Ilki bilen gic yagsy gadyrdanlar iki gunden bari Jeksparro bilen maslahatlasyp diyen yaly gosgy doretdik has dogrusy Jeksparro koprak zahmet cekdi. Hayysymy yykman bileje eden doreden gosgynyz ucin ayratyn minnetdar Jeksparro!
Yene bir zat ady agzalmadyk agzalar bagyslan adynyzy ulanylmany ucin :( Gaty gormersinizda seylerak boldy. Indem esasy tema degisme edilip yazyldy bu gosgy gaty gorup yorman yene agzalar :)
Pegasyň toýy

Öýerdiler Pegasy özi ýaly şahyra,
Toýda Jeksparroň garny sygmaýardy guşagna,
Diýen zadyň saçakda bezelgi toý palata,
Ähli agza sabyrsyz garaşýardy bu güne.

Durmuşa çykýan şahyr gyz begenjinden gülüp dur,
Sazanda gyz, miss minnoş, toýuň sazyn çalyp dur,
Zet-Pro2003 aýdym aýdýar sesiniň ýetdiginden,
ýekejäm tans edip ýör öz başyna başagaý,

Dünýä döräli bäri ne beýle toý görüldi,
Durmuş gurýan şahyr gyza jemleýji söz berildi,
Öýlenýän Pegas diýdi ''Talypdaşlar oturyň''
Ondan soňra gezegine her kim aýtdy gysga söz.

Xyiwenia diýdi, şatlanyp: ''ýaşlary garşylalyň,
Nirwana çapak çaldy diýdi: howwo garşylalyň
Soho diýdi: begenjine: ''Ýaşlar bagtly bolsun''
Wrestling hem söz gatdy: ''Bile wals oýnasyn''

Geçip barýarka sowulan, toý çadyra göz aýlap,
Diýdi: ''Bäh baýguşyňky mydama agzyna gelip,
Meni iýäý diýer nahar, toý saçagy hezil edip,
Iýerin men palawy Jeksparroň ýanyna geçip''

Khanture diýdi kesiň: ''Şol duran tekiz torty''
Zumerçi oňa diýdi: ''goýgun tekiz diýmäňi...
Ogulşirin Baýramowa haýry doga eýledi,
Abaddon hem şatlanýar her kime bir söz diýip...

Lada, Bezzat hem Perhat, toý naharyn çekýärler,
Pegas bilen şahyr gyz, tekiz torty kesýärler.
Onsoň her kim gezegine, bölek tortdan datdylar.
Şeýdip gaty hezil boldy, bularyň tutan toýy.

Ahmedik97, diýdi getir elli gram,
Panturkist, hem pitikläp: guý maňa bir ýüz gram
Гость, hem gijä galmandyr, otyr saçak başynda,
Gäwşeýärler myhmanlar seredip agzalara...

Dani sowgat paýlaýar, oturan myhmanlara,
Nahar bişirip durandyr Xyiwenia Babaýewa,
Şeýdip hemme myhmanlar tans etdiler şeýle bir,
Bu toý daňdan gutardy, görülmedi beýle toý...
9 лайков 650 просмотров
98комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
19 дек 2021, 20:39
Beýbä, kimkä ol öýlenýän şahyr gyzym?)
XYIVENIA
Автор 19 дек 2021, 20:40
Цитата: Pegas
Beýbä, kimkä ol öýlenýän şahyr gyzym?)

Bilemok :)
Maksat
19 дек 2021, 20:42
Berekella gowy goşgy bolupdyr. Ýylgyrtdy like.
Döwlet Şöhradow
19 дек 2021, 20:43
Köneleri ýatlaly şahajygymyz gowy bolupdyr??
Leyli Amanowa
19 дек 2021, 20:49
mensiz şoň toyy bolmajagy belli zat hany men?!
Leyli Amanowa
19 дек 2021, 20:54
Bagul_Atayeva,
yo sen-ä bolya welin imenno men yok :(
Leyli Amanowa
19 дек 2021, 20:58
Bagul_Atayeva,
içlerini yakyp wapşe äre barjak däl ölsun şular ölyän bolsa
Aýnur
19 дек 2021, 21:06
Menem ýok menä Nairob bilen barayjakdym ...://
Aýnur
19 дек 2021, 21:10
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz,
Biz başga toýa giders))

Heehhh indi çagyrsalaram barjakdal şol Pegasyň toyuna ýol kreý harçlap:(
Ejegyz.
19 дек 2021, 21:11
menäm çagyraýmala
Bagul_Atayeva,
Mona Songz,
biz kimiň toýuna giders ?!
Aýnur
19 дек 2021, 21:13
Цитата: Ejegyz
menäm çagyraýmala
Bagul_Atayeva,
Mona Songz,
biz kimiň toýuna giders ?!

Oyumizde otyrarys Huday diyip))
ESSALAMUNALEÝKUM
19 дек 2021, 21:14
meni çagyrmandyrlar menen siziň içipňiz ýakyp toýuma çagyrjakdäl hihi
Aýnur
19 дек 2021, 21:15
Цитата: Bagul_Atayeva
Ejegyz,
Mona Songz,
Bize geliň :)

Şeyderisdä onda Ahala bararys bolanyna görä Aşgabada aylanarys)
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:16
Sapan toyy mensiz gecmez)))

Yashlygymyzda kop gyzlar bn tanyshdyrdym :D
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:19
Sapan toyy mensiz gecmez)))

Yashlygymyzda kop gyzlar bn tanyshdyrdyk
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:20
*tanyshdyk
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:23
Sapa yadyna dushyami Kopetdagda futbol oynanymyzda bir gyzy futbolada chagyranym :) hemmanin gormek isleyan agzasydy sho. Mirasymyz Bolupbiler Nitrogen sen men bolup sohbetdesh bolupdyk sho gyz bn dikayak ustunde :)
Leyli Amanowa
19 дек 2021, 21:27
Цитата: Shahrukh khan
Sapa yadyna dushyami Kopetdagda futbol oynanymyzda bir gyzy futbolada chagyranym :) hemmanin gormek isleyan agzasydy sho. Mirasymyz Bolupbiler Nitrogen sen men bolup sohbetdesh bolupdyk sho gyz bn dikayak ustunde :)

babnikler ?
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:27
Цитата: Bagul_Atayeva
Shahrukh khan, aý toýunda seni hem unudypdyra))


Kaka barmakcy men nesip bolsa. Bir gatnashyan yerim bar. Tuweleme gaty gowy adam. Gadaylaryn dilinde yuzlenyan ona Gardash diyip. Kontaktdada Gardash diyip bellengi ady. Shu gadaylaryn gardash diyip yuzlenmesi owadan eshdilyaray
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:30
Цитата: Nairobi
Цитата: Shahrukh khan
Sapa yadyna dushyami Kopetdagda futbol oynanymyzda bir gyzy futbolada chagyranym :) hemmanin gormek isleyan agzasydy sho. Mirasymyz Bolupbiler Nitrogen sen men bolup sohbetdesh bolupdyk sho gyz bn dikayak ustunde :)

babnikler ?


Alfonsa bolmadyk yone :)
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:33
Цитата: Bagul_Atayeva
Shahrukh khan,
Sizem yaşrak wagtyňyz bet ekeniňiz diýip aytdy biri))


Yashlygymyz gaty gowy gecdi bizin. Gadryny bilen yerimizem bar bilmedik yerimizem bar. Shonun ucin hazirki yashlara gadryny bilin yashlygynyzyn. Yashlyk adama berilyan in gowy nygmatlaryn biri
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:35
Цитата: Bagul_Atayeva
Shahrukh khan,
Gardaş, köplenç gadaý diýip yüzlenyäs.
Gelen döwlet :)


Asylam alili bn garadashlylaryn gurleyishleri menzesh. Magtymguly Garlyyew (Chuwal bagshy) asly kakaly dashoguza bizin ata obamyza gocup baran
Shahrukh khan
19 дек 2021, 21:46
Цитата: Bagul_Atayeva
Shahrukh khan,
Hawwa Magtymguly Garlyýew asly Kakaly. Meň klasdaşymyň garry atasy şol.


Tuweleme
Şamuhammet
19 дек 2021, 21:48
Цитата: Nairobi
Bagul_Atayeva,
içlerini yakyp wapşe äre barjak däl ölsun şular ölyän bolsa


E-e-e-e-e-eeý merhemetli Nairobiii (dyza çökýän smaýlik), goşguda ädiň tutulmany üçin elli gram ganymy ötüň! Goşgy ýazýarkam seň adyň şunça kelläme zor salyp ýadyma saljak boldum welin goşgy düzjek ylhamym ýatdan çykmaka ýazaýyn diýdim-dää! ??
Şamuhammet
19 дек 2021, 21:49
Цитата: Shahrukh khan
Цитата: Bagul_Atayeva
Shahrukh khan,
Gardaş, köplenç gadaý diýip yüzlenyäs.
Gelen döwlet :)


Asylam alili bn garadashlylaryn gurleyishleri menzesh. Magtymguly Garlyyew (Chuwal bagshy) asly kakaly dashoguza bizin ata obamyza gocup baran


Garyndaş bolýaňyz häzir...
Pegas
19 дек 2021, 21:49
Цитата: Shahrukh khan
Sapa yadyna dushyami Kopetdagda futbol oynanymyzda bir gyzy futbolada chagyranym :) hemmanin gormek isleyan agzasydy sho. Mirasymyz Bolupbiler Nitrogen sen men bolup sohbetdesh bolupdyk sho gyz bn dikayak ustunde :)

Ýadymda. Aý, guduzdyň-laý sen))
Şamuhammet
19 дек 2021, 21:51
Цитата: Bagul_Atayeva
Jeksparro,
Bolsak gowy dâlmi))


Bolsaňyz gowy däl diýemok-da ýöne ýazýan!
Leyli Amanowa
19 дек 2021, 21:51
Jeksparro,
meň özum un ayratyn gosgy duz ine şundan has gowy bolsun
Leyli Amanowa
19 дек 2021, 21:53
Pegas,
senem Şahruh bn tirkeşyän ekeniň diymek senem şoň yaly guduz ekeniň
Şamuhammet
19 дек 2021, 21:54
Цитата: Nairobi
Pegas,
senem Şahruh bn tirkeşyän ekeniň diymek senem şoň yaly guduz ekeniň


Dostuny dostundan tana diýýämi, guduz açmyşlar, päheýde-walla...