Durmuş – bir synagdyr.

Başdan aýak bir synag. Eger-de durmuş hakyky bolan bolsady, nirä gitmelidigimiz we näme etmelidigimiz hakynda takyk bir maglumat aýdylardy. Haçan-da bu pikir aklymda peýda bolanda gereginden artykmaç aladalanmazlygyň gerekdigi ýadyma düşýär. Çünki, artykmaç aladalanmak – öz-özüňi bir ýandan tüketmäge başlamakdyr. Durmuşda ähli duş gelýän päsgelçiliklere bir synag ýa-da synaglar toplumy
hökmünde garalanda garşyňa çykýan päsgelçilikleri - kämilleşmegimiz üçin bir pursat diýip pikir etmäge başlarsyňyz. Elmydama başarmak mümkinçiligiňiz bardyr. Öz üstüňizde bir tejribe geçirmegi başararmysyňyz? Şu wagt ýetginjeklik ýyllaryňyzda bir kiçijek aglak çagaňyz ýa-da siziň üstüňizden basýan başlygyňyz bar diýip pikir edeliň. Bu ýagdaýa “Kynçylyk däl-de”, syna hökmünde garaň we özüňize bu ugurda dürli soraglar beriň:
- Bu ýagdaý näme sebäpli diňe maňa gabat gelýär? Onuň sebäbi näme we men bu päsgelçiligi ýeňip geçmek üçin näme etmeli? Maňa bu ýagdaýy synag hökmünde göz
öňüne getirmek mümkinmi?
Bu tejribäni özüňizde geçirmegi başaranyňyzda şertleriň üýtgeýändigine göz ýetirip bilersiňiz. Şuny ýatdan çykarmaň! Päsgelçilikleriňize synag hökmünde garaň. Çünki, bu başarmagyň zerur şertidir.
4 лайков 162 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Melikee
25 дек 2021, 15:35
Like ???
Leyli Amanowa
25 дек 2021, 15:55
Hiç zat okatman öwretmän synag alyar. Synagdan soň öwrenmeli!
Kalp doctory
25 дек 2021, 16:13
Menin pikirimce durmush gaty tasin zat owrenilmesi kyn kitap like
Aýnur
25 дек 2021, 16:49
Şu synaglaram doýurdy .... cilimkesh