Ekizekler (05.21 — 06.22)
Jöwzalar (maý aýynyň 21-i — iýun aýynyň 22-si) akylly, gürrüňçil, bilesigeliji adamlardyr. Olar gowy dostdurlar. Ekizekler ýagdaýa we adama görä üýtgäp bilýärler. Söýgüli reňki sary. Üstünlik getirýän daşy —Agat. Şowly günleri — Duşenbe we Çarşenbe.
Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ýakymlydyrlar. Üýgteşmeleri, täzelikleri halaýarlar. Şol bir ýerde uzak wagtlap oturup bilenoklar, ýüregi gysýar. Şonuň üçin hem daşarda gezim eder, arassa howadan dem alar. Olar erkinligi halaýarlar. Şeýle-de ekizeklerde köpçüligi uzak wagtlap güýmäp bilmek ukyby bardyr. Dostanalygy sebäpli jöwzalaryň dost-ýarlary ýeterlikdir. Olar näme isleýändiklerini we näme maksadynyň bardygyny bilýärler. Eger-de başlan islendik işiniň netijesi barada pikiri bolmasa, ol işe baş goşmazlar. Ähli işde aňsat ýollary gözleýärler.
Bu ýyldyzyň astynda doglanlar, akylly gürrüňi, süýji sözleri, tejribesi sebäpli, adamlarda oňat ýatlamalary galdyrýarlar. Gezelenç etmegi, syýahatçylyk etmegi halaýarlar. Olar hereketli durmuşda ýaşamaga çalyşýarlar. Iň soňky täzelikleri we şu günüň «trendini» yzarlaýarlar. Egin-eşikde özüne rahat geýinmegi halaýarlar. Şonuň üçin hem onuň egin-eşikleriniň arasynda dürli-dürli görnüşlere gabat gelip bolýar.
Kemçilikleri we artykmaçlyklary
Jöwzalar bilesigeliji, islegli, akylly, başarjaň, köpçülik bilen oňat aragatnaşygy saklap bilýär, gürlemegi we ýazmagy halaýar. Ekizekler elmydama maksada okgunly hereket edýärler. Olar täze tanyşlyklary açmagy hem halaýarlar. Jöwzalar daşyndan «sowukganly» görünseler hem, juda inçe duýguly adamlardyr.
Gürlemekde, çykyş etmekde olara bäs geljek ýyldyz ýokdur. Dile baýlygy, owadan gürrüňi bilen islendik işde üstünlik gazanmaga ukyply. Şeýle-de jöwzalar ünsli we synçyl adamlar. Olar özüne gerek bolan islendik maglumaty elde etmegi başarýarlar. Emma ekizekler adamlaryň gowşak taraplaryny ulanyp, özüne peýda tapýarlar. Olar islendik ýagdaýdan çalt ýadaýarlar. Şeýle-de durmuşda ähli zada ýüzleý garaýarlar.
Olar çagalary bilen dost deý bolýarlar. Çagalaryna köp zatlary öwreder. Çagalaryny uly adamyň ýerine goýup sylalşykly gatnaşyklary ýola goýarlar. Perzentleriniň pikirine, islegine hormat goýýarlar.
Bu ýyldyzyň astynda doglanlar artist, žurnalist, menejer, terjimeçi, müneçjim, mahabat boýunça hünärmen bolup bilerler.
Söýgüde
Bu ýyldyzyň astynda doglanlar yşga uçrasalar hem, aýralyklar jöwzalara agyr degmeýär. «Yşk hasratyna uçramak» düşünjesi ekizeklerden daşdadyr. Olar söýgüde hem akylly hereket etmäge çalyşýarlar. Ömürlik ýanýoldaşyny saýlanynda hem «ýedi ölçäp, bir kesýärler». Bilmek, öwrenmek, gezmek olar üçin möhümdir. Ýanýoldaşynyň ýa-da ýakynlarynyň ekizekleriň bu pikirini goldadygyça gatnaşyklarda hiç hili mesele ýa-da dawa ýüze çykmaz. Eger-de söýgüde jöwzalar bir sowaşdymy, ol «buzlary eretmek» aňsat däldir.
Saglykda
Jöwzalar rahat bolmaga çalyşmalydyrlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar hereketli bolandyklary sebäpli, ýeterli derejede dynç alyp bilmeýärler. Şonuň üçin hem nerw ulgamy zeperlenip bilýär. Jöwzalara öz nerw ulgamyny goramagy üçin olara tebigatda dynç almak, ýoga bilen meşgullanmak, gezim etmek, tigir sürmek maslahat berilýär. Ekizekleriň gowşak ýerleri — elleri, egni, boýny…
Meşhur ekizekler
Adam Smit, Aleksandr Puşkin, Robert Şuman, Konan Doýl, Jon Kennedi, Jeýms Pol Makkartni, Merilin Monro, Dante Aligeri, Natali Portmen, Jonni Depp, Merri Keýt Olsen, Helena Karter.
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.