2 sorag

Dinimizde aldamak, ýalan sözlemek we sögünmek hakda näme diýilýär?
0 лайков 146 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
25 ноя 2021, 13:40
Pygambermiz,,oyun edibem ýalan sozlemañ" diyidir
noname
25 ноя 2021, 13:45
Abdylla b. Amr şeýle diýýär:
“Pygamberimiz bir gün öýümize gelende, ejem “köşegim, bärik gel, bir zat bereýin” diýip meni ýanyna çagyrdy. Pygamberimiz ejeme:
-“Çaga näme bermekçi bolduň?”- diýip sorady. Onda ejem:
· “Hurma bermekçi boldum”-diýdi. Şonda pygamberimiz:
· “Eger bir zat bermedik bolsadyň (çagany aldan bolsadyň), onda saňa bir ýalan ýazylardy”(Ebu Dawut, Edeb, 88.) –diýipdir.
noname
25 ноя 2021, 13:51
Ümmü Külsûm radyýallahu anhâdan Resûlulla sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşidendigi habar berildi: "Adamlaryň arasyndaky ýaramazlaşan gatnaşyklary düzeltmek maksady bilen, birinden beýlekisine laýyk, uýgun gepleri, sözleri äkiden (ya-da haýyrly geplän) ýalançylardan hasaplanmaz."
noname
25 ноя 2021, 13:54
Ebû Bekr radyýallahu anh şeýle diýdi: Resûlulla sallallahu aleýhi we sellem :
– "Iň uly günäleriň nämedigini size habar bereýinmi (aýdaýynmy)?" diýdi. Biz:
– Hawa, aýt yâ Resûlalla, diýdik. Resûl–y Ekrem:
– "Allaha şirk goşmak(Alladan başga-da hudaýlar bar diýmek ya-da bardyr öýtmek),ene-atanyň diýeninden çykmak." diýeninden soň ýassanyp oturan ýerinden dikelip:
- “ Ýagşy belläp goýuň, birem ýalan sözlemek we ýalan ýere şaýatlyk etmekdir” diýdi. Şu soňky sözlemi dynuwsyz gaýtalady. Biz mundan artyk gynanmasyny islemeýänimiz üçin “käşgä dursa” diýip haýyş etdik.